«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýetginjek türgenleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen geçirilýän duşuşyklary görkezmek bolar. Şeýle duşuşyklaryň biri Tejen etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň guramagynda Tejen şäherindäki sport mekdebinde geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda ýaş türgenlerimize bedenterbiýäniň we sportuň ynsanyň fiziki taýdan ukyp-başarnygyny ýokarlandyrmakda, çaganyň çalasynlygyny, çeýeligini ösdürmekde berýän täsiri hakynda gürrüň berildi. Sport adamyň diňe bir fiziki taýdan däl, eýsem onuň edepli we terbiýeli bolup ýetişmegine hem oňyn täsirini ýetirýär. Bu babatda mysallar arkaly berkidilip edilen gürrüňdeşlik duşuşyga gatnaşan ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi.