Tebigat bilen sazlaşyk

3 Aprel 2024
815

Gözel tebigatymyzyň bize eçilen jana şypaly dermanlyk ösümlikleri sanardan köpdür. Adamzat nesli ençeme asyrlap ilkinji «tebigy dermanhana» hökmünde dermanlyk ösümliklerden peýdalanypdyr. Ata-babalarymyz tebigatyň melhemlik güýjüne ynanyp, ot-çöplerdir miwelerden halk tebipçiliginde giňden peýdalanypdyrlar.

Islendik janly-jandar ýaly adamzat hem ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde köp sanly dermanlyk ösümlikleriň bejeriş häsiýeti we mümkinçiligi lukmançylykda ylmy taýdan tassyklanandyr. Gündelik durmuşda her birimiziň giňden peýdalanýan bejeriji serişdelerimiziň aglaba bölegi dermanlyk ösümlikler esasynda taýýarlanandyr. Ol ösümlikleriň käbiri bolsa köp keselleri bejermekde ýeke-täk serişde hökmünde hyzmat edýär. Ylmy lukmançylygyň dermanlyk ösümlikleriň ýüzlerçesiniň bejerijilik häsiýetini ýüze çykarandygyna garamazdan, olaryň köp bölegi häzire çenli doly öwrenilen däldir.

Sahid Annanepesow,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.