Diňe bir adamzat däl, tebigatdaky ähli ýaradylyşlar dynç almaga, uka mätäç. Aýratyn hem, bu ýagdaýyň ýaş çagalar üçin möhümligi örän giň mana esaslanýar. Munuň ähmiýetine gowy düşünen ene-mamalarymyz perzentlerini tiz we rahat ýatyrmak maksady bilen şirin owazly hüwdüleri döredip, olaryň mazmunyna-da çaganyň süýji ukusyny goramak arzuwyny siňdiripdirler:
Meniň balam ýatypdyr,
Gyzyl güle batypdyr,
Oýandyrmaň balamy,
Ýaňja uka gidipdir.