«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Biz topraga «ene toprak» diýýäris. Çünki toprak ene ýaly mukaddesdir, keramatlydyr. Şeýle bolansoň ony mährem enelerimizi aýap-söýşümiz ýaly söýmek, hormatlamak gerek. Tebigata, mele topraga bolan söýgi halkymyzyň medeniýetiniň, ruhy dünýäsiniň, aňyýetiniň bir bölegidir. Türkmen tebigaty özüniň gözelligi, gül-gülälekli sähralary, sonarly meýdanlary, çeşme-çaýlary, ösümlik we haýwanat dünýäsi, dünýe döräp duran daglary bilen görenleri haýrana goýýar. Türkmen tebigatynyň waspy şahyrlaryň hem dillerinde dessandyr.