Lukmanyň maslahaty

28 Fewral 2024
799

Pisse

Pisse örän peýdaly iýmit önümleriniň biridir. Türkmenistanda pissäniň 2 görnüşi, adaty we Bathyz pisse gabat gelýär. Pisse tokaýlygy Bathyz döwlet goraghanasynda birnäçe müň gektarlara ýaýylyp ýatyr. Pissäniň 100 gramynda 560 kilokaloriýa bolýar, şeýle hem 68%ýag, 20% töweregi belok, 15-27% uglewod we suwuň 4,4 gramy bar. Onuň düzüminde E, C, A, witaminler toplumy, nikotin kislotasy bardyr. Minerallardan kaliý, magniý, kalsiý, fosfor, demir, ýod, mis, kükürt, selen, sink, kremniý, marganes bar. Hytaýlylar pissä «bagt hozy” diýip at beripdirler.