Geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde «Ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we bejermekde ýetilen sepgitler» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýe, Belarus hem-de Azerbaýjan Respublikalaryndan tejribeli lukmanlar, ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleri, şeýle-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.
Mowzuklaýyn häsiýetde dowam eden giň wekilçilikli maslahatda daşary ýurtly alymlar howply täze döremeleri anyklamakda, olara garşy göreşmekde, näsaglara bejergi işlerini geçirmekde gazanylan üstünlikler barada gürrüň etdiler. Howply täze döremeleriň bejergileri, olarda häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýasynyň ähmiýeti, barlaghana şertlerinde ylmy gözlegleri alyp barmagyň netijeli usullary, hirurgik amallaryň ünsde saklanylmagynyň hökmany taraplary we bu ugurdaky işleri baglanyşdyrmakda yglan edilýän biraýlyklaryň orny baradaky çykyşlar hem täsirliligi bilen tapawutlandy. Ýurdumyzyň onkologlarynyň hem bu babatda ýeten sepgitleri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Hususan-da, çykyşlaryň käbirinde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän fitoterapiýanyň usullarynyň ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we utgaşykly bejergilerde derman serişdeleriniň zyýanly täsirini azaltmakda ähmiýetlidigine üns çekildi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäher hassahanasynyň lukmany Sýuzanne Şpelsberg bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol ýurdumyza şu gezekki saparynyň netijeleri barada: