«Saglyk» Döwlet maksatnamasy: ömre ömür goşýan döwletli işler

21 Fewral 2024
963

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýola goýlan giň gerimli işler, saglygy goraýyş ulgamyndaky düýpli özgertmeler bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi we yzygiderli, tapgyrlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli durmuşa ornaşdyryldy hem-de has kämilleşdirildi. Ýurdumyzda jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Geçirilen özgertmeler netijesinde raýdaşlyk ýörelgesine esaslanyp, ýokary hilli hyzmatlar bilen üpjünçilik ýola goýlup, adamlaryň öz saglygy babatda sowatlylygyny ýokarlandyrmak we keselleriň öňüni alyş sanjymlary bilen doly gurşap almak arkaly ilatyň saglygy berkidildi, bu ugurdaky işler täze derejelere çykaryldy.

Ýurdumyzda saglygy goraýşyň ilkinji halkasy kämilleşdirilip, maşgala lukmançylygy girizildi. Saglyk döwlet ätiýaçlandyrmasy ornaşdyryldy. Oňa goşulan raýatlaryň sany ýyl-ýyldan artyp, bu görkeziji 2019-njy ýyldan bäri 1 million 931 müň 635 adamdan 1 million 986 müň 17 adama çenli artdy. Munuň özi saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ykdysady taýdan elýeterlidiginiň güwäsidir.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.