«Galkynyş» ― ýaryşyň ýeňijisi

16 Fewral 2024
1078

Welaýat köpugurly sport toplumynda geçirilen «Sagdyn maşgala – sagdyn nesil» atly telebäsleşik ýaşlary sagdyn ruhda terbiýelemek, olary sporta çekmek maksadyna eýe boldy. Welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagyndaky bu bäsleşige ýaş maşgalalar gatnaşdylar. Bäsleşige sekiz we şondan köp çagaly maşgalalaryň birnäçesiniň gatnaşmagy onuň ruhubelentligini has-da artdyrdy. Oňa Türkmenabat şäherinden «Agzybirlik», Çärjew etrabyndan «Watan», Dänew etrabyndan «Galkynyş», Saýat etrabyndan «Ruhubelentlik» ýaly toparlar gatnaşdylar. Olar sportuň birnäçe görnüşi boýunça bäsleşdiler.

Çekeleşikli geçen ýaryşda Dänew etrabynyň «Galkynyş» topary birinji ýere mynasyp boldy. Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi Durdaý Egemberdiýewanyň we Abdulla Hamraýewiň bagtyýar maşgalasy bäsdeşlerinden öňe saýlanmagy başardy.

Maral AKMYRADOWA.
ýörite habarçymyz.