Saglygyň goragynda

15 Fewral 2024
1083

Biz ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almaklyga bagyşlanan düşündiriş işleri bilen bir hatarda zerurlygy ýüze çykan ýagdaýlarda ilkinji lukmançylyk kömegini bermegi öwretmek, adamlaryň bu ugurdan başarnyklaryny kämilleşdirmek ýaly meseleleri öz içine alýan okuw maslahatlaryny geçirýäris. Bulardan başga-da, adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwredýän çäreler hem yzygiderli geçirilýär. Olara etrabymyzyň bilim işgärleri, çagalar baglarynyň müdirleri gatnaşýarlar. Olar okuw maslahatlarynda öwrenenlerini terbiýeçilere öwredýärler. Şonuň ýaly-da terbiýeçiler çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň ene-atalarynyň arasynda hem düşündiriş işlerini alyp barýarlar.

Duşuşyklarda ýokanç keseller, olaryň döreýşi, geçiş ýollary, bejerilişi we öňüni almagyň usullary barada düşünjeleri berýäris. Has täsirli bolar ýaly, olara degişli hünärmenleri çagyrýarys. Şeýle çäreleri orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda hem guraýarys.

Allamyrat HOJAÝEW,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň Halaç etrabyndaky wekili.