Halkyň abadançylygy — iň uly maksat

14 Fewral 2024
746

«Raýatlarymyzyň saglygyny goramak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň bu dürdäne sözleriniň ajaýyp hakykatdygyny, Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirmeginiň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmakda, sporty ösdürmekde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygyny buýsanç bilen aýtmaga doly hakymyz bardyr. Döwrebap saglygy goraýyş merkezleri, şypahanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, dürli sport desgalary bu günki gün eziz Diýarymyzyň çar künjegine bezeg berýär. Munuň özi raýatlaryň saglygyny goramagyň, esasanam, sagdyn ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridiginiň aýdyň nyşanydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen, geçen ýylyň aprel aýynda «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolup dabaralandy. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda ýaýbaňlanmagy üçin ajaýyp şert-mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize alkyşlar bu günki gün bagtyýar raýatlarymyzyň dilleriniň senasydyr.

Nejep Taýlyýew,
welaýat prokuraturasynyň Baş derňew bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.