Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki eserinde bellenişi ýaly, ýeralmany beýleki gök önümlerden tapawutlandyrýan käbir aýratynlyklary bardyr.
Dünýä bilermenleriniň pikirine görä: birinjiden, ýeralmanyň düzüminde esasy iýmitlendiriji maddalar: beloklar, ýaglar, uglewodlar beden üçin amatly, oňaýly, peýdaly, talap edilýän gatnaşykda saklanýar. Ikinjiden, peýdaly maddalaryň käbir görnüşlerine onçakly baý bolmasa-da, ýeralmanyň düzümi ýokary biologiki gymmatlykly elementlerden ybaratdyr. Meselem, onuň beloklarynyň düzüminde saglyk üçin zerur gerek bolan we seýrek duş gelýän aminoturşular bardyr. Ýeralmada kletçatkalar hem saklanýar. Şeýle-de bolsa, onuň krahmaly (aşgazanda doly özleşmeýändigine seretmezden) içegeler üçin örän peýdalydyr. Peýdaly bakteriýalar olary böleklere bölüp dargadýarlar we ýangyç hökmünde peýdalanýarlar. Munuň özi içegäniň mikroflorasynyň sagdynlygyny saklamaga ýardam edýär. Ýeralmanyň krahmalyndaky aminoturşular bagry «erbet» holesterinden arassalaýar.