Bagtyýarlygyň mekany

9 Fewral 2024
980

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy milli saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeleriň binýadyny goýdy. Onuň esasynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, adam ömrüni uzaltmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek, halkara ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek ugrunda giň şertler döredildi. Ýurdumyzda keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejede ykrar edildi.

Watanymyzda raýatlaryň saglygyny berkitmekde şypahana ulgamynyň uly ähmiýeti bardyr. «Arçman», «Ýyly suw», «Mollagara», «Farap», «Berzeňňi», «Daşoguz», «Awaza», «Baýramaly» şypahanalarynyň durkunyň täzelenilmegi we täze binalarynyň gurulmagy, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde döwrebap dynç alyş-sagaldyş, sport we syýahatçylyk desgalarynyň ulanmaga berilmegi bilen ildeşlerimiziň saglygyny berkitmekleri üçin oňyn şertler döredildi.

«Watan».