Saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

7 Fewral 2024
910

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ähli ulgamlarda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň bütin dünýäde öňdebaryjylygy bilen tapawutlanýan Federal saglygy goraýyş ministrligi bilen köptaraplaýyn, ýokary netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Munuň özi türkmen hünärmenleriniň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmekde, amaly tejribe alyşmakdan başga-da ýurdumyzda täze gurulýan saglyk merkezlerini döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Şundan ugur alnyp, welaýat köpugurly hassahanasynda geçirilen maslahat hem iki döwletiň arasynda barha berkidilýän hyzmatdaşlygyň oňyn netijesine bagyşlandy. «Türkmen-german hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär» atly maslahat Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hem-de welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda geçirildi.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.