Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

7 Fewral 2024
897

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan syýasatyň, ilkinji nobatda, adamlaryň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilmegi kalbyňy buýsanja besleýär. Bu babatdaky her bir başlangyç dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna, ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Şeýlelikde, halkyň saglygyny goramakdaky döwletli tutumlar ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatlarynyň ugurlaryny we hil derejesini halkara ülňülere laýyk getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, ýaramaz endiklere garşy göreşmek ýaly ugurlary öz içine alýar.

Il saglygyny goramakda we pugtalandyrmakda durmuşa geçirilýän tutumlarda oňyn netijeleri gazanmakda köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda bu babatda uly sepgitlere ýetildi. Sport desgalary, mekdepleri sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň, aýratynam ýaş nesillerimiziň arzyly ýerlerine öwrüldi. Türkmen türgenleriniň dürli derejeli halkara ýaryşlarda öňdäki orunlary eýelemekleri hem şeýle hakykatyň subutnamalarydyr.

Haltuwak Esengulyýewa,
Bereket etrap hassahanasynyň maşgala lukmany, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.