Bathyzyň janly tebigaty

10 Oktýabr 2023
1339

Güneşli ýurdumyzyň çäginiň esasy bölegi sähralyk çägeleriň paýyna düşýär. Şonuň ýaly Bathyz belentliginiň hem köp bölegi sähralyk, çägelik hem-de pisse tokaýlygy bilen gurşalandyr. Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanynda köp duşýan jandarlaryň biri hem sähra gemrijileridir. Sähra gemrijileriniň biri-birinden tapawutlylygynyň ähmiýetine baha bermek kyndyr. Sebäbi olar ýeriň reňkine meňzeş bolup, sary, ala, garamtyldyr. Olara boz syçanlary, ýumranlary, homýak şekillileri, üç barmakly hem-de bäş barmakly alakalary mysal getirmek bolar.

Bathyz sährasyndaky gemrijileriň biri hem boz syçanlar maşgalasyna degişli (Murinae) bolan syçandyr (Rhombomys opimus). Bu jandarlar sähralygyň çägesöw toprakly we çerkeziň hem-de gandymyň ösýän ýerlerinde maşgala bolup ýaşaýarlar. Boz syçanlar gündizine gezýän gemrijilerdir, onuň ýerasty kürüminiň uzynlygy 10 – 15 metr çemesi bolup, çukuryň içindäki kürümleriň aralyklary gysga ýollar bilen birleşýär, kürüminiň çuňlugy bolsa 20-den 70 santimetr ýa-da 1 metre deňdir. olar özlerine 200 – 300-den köpräk deşikli çykalgalardan kürüm gazýarlar. Bu jandarlar toparlaýyn ýaşansoňlar kürümlerini ýygy-ýygydan täzeläp durýarlar.

Atageldi PIRNIÝAZOW,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.