Köpetdag kyssalary

5 Oktýabr 2023
1415

Pütünguşy — dagyň iň kiçijik guşy

Bu guşy Türkmenistanda tutan, öwrenen ornitolog bardyr öýdemok. Şeýle bir kiçijik welin, juda dykgatly bolaýmasaň, uçuşy-gonuşy göze görnübem duranok. Özem, şeýle bir seýrek gabat gelýär, ýazyň başynda ýa tomsuň ahyrynda görünse, «Bä, bu guş entägem bar-ow» diýdirýär. Ýerli ilat oňa pütünguşy diýýär. Ol howa maýlanda uçup gelip, sowanda-da uçup gidýän «myhman» guşlardan bolmaga çemeli. Men bu guş, onuň mesgen tutýan pütün ösümligi barada maglumat tapyp bilmedim. Şol sebäpli-de makalada aýdylýan maglumatlar diňe öz gören-eşidenlerimdir.

Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.