Krokodilmi ýa balyk?

3 Oktýabr 2023
1401

Ýasy kelleli balygyň bedeniniň arka tarapy garamtyl goňur reňkli, aşak tarapy bolsa agymtyl çal reňkdedir. Balygyň bu görnüşiniň kellesi, göwresi we guýrugy adyna görä ýasy bolýar. Onuň kellesinde süňkden daraklyk we ösüntgi bolup, bedeni teňňeler bilen örtülendir. Bu balygyň arka tarapyndan başlap, guýruk ýüzgüjine çenli 50 santimetr uzynlykda gara zolak geçýär. Balygyň bedeniniň uzynlygy 70 – 120 santimetr, agramy bolsa 7 – 15 kilogram aralygynda bolýar.

Ýasy kelleli balyga Awstraliýanyň we Günorta-Günbatar Aziýanyň tropiki we aram klimatly zolaklaryndaky deňizlerde duş gelmek bolýar. Olar deňziň düýbüniň 10 – 100 metr çuňlugyndaky çägeli, gyrmançaly ýerlerinde ýaşaýarlar. Deňziň düýbünde ýaşaýandygy sebäpli, az hereketli bolýarlar. Balyk köp wagtyny deňziň düýbünde iýmite garaşyp geçirýär. Onuň töweregine ownuk balyklar we leňňeç şekilliler gelse, ol suwy sormak arkaly olar bilen iýmitlenýär.

Enebaý ANNALYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.