Şäherde guşlar saýranda

21 Sentýabr 2023
1313

Gojaman Köpetdagyň iň bir owadan, ekologiýa taýdan arassa ýerinde «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurlan Arkadag şäheri özüniň döwrebap durmuş-medeni maksatly binalary, tebigat gözelligi, dag ekoulgamynyň owadan keşbi bilen sazlaşykly tebigy gözelligi emele getirýär.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Meýdan ýoluksa» atly goşgusynda «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýip belleýşi ýaly, bu ajaýyp şäheriň tebigat bilen sazlaşykly gözelligini synlamak her bir ynsan üçin örän ýakymlydyr.

Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, uly mugallym.