«Ak alnyňda bir söz diýem...»

10 Sentýabr 2023
1134

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda).

Gyzylgumda sapardakam şu zatlar ýadyma düşdi. Soňam Garagumuň gollaryny söküşim, Gyzylgumda alaw bolup ýanýan gazly ýataklar, ojar-sazakly depeler, wyşkalar... hakda oýlana-oýlana, özüm üçin açyş etdim. Hudaý türkmen kowumyna gezek gelende gaty ezmaýyşlyk — elaçyklyk edipdir. Biziň howamyzyň gaty gyzgynlygy topragymyzyň astyndaky gudrat bilen bagly bolsa nätjek?! Depen ýeriňden güwläp gaz, gazan ýeriňden çogup nebit çykyp dursa, eýsem, saňa başga näme gerek?! Sowuk ýurtlarda gür tokaýam, çaýkanyp ýatan durnagöz kölem kän. Aram guşaklykdaky ýurtlarda agaçdan-jeňňelden ýaňa üsti görünmeýän dagam bar, hemişe suwa düşüp ýörmeli deňzem. «Mawy ýangyç» diýlip atlandyrylýan Alla beren baýlyk bolsa hemişe, gyş-u-ýaz, hemme ýerde gerek. Onsuz ýaşamagam, ykdysady taýdan öňe gitmegem müşgil. Şükür, türkmen topragynyň asty bolsa «mawy ýangyçdyr» «gara altyndan» ýaňa deňiz bolup çaýkanýar.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
«Biznes reklama».