Baly melhem balary

6 Sentýabr 2023
1234

Dünýäde arylaryň 20 müňe golaý görnüşi bar. Olardan toýun gülarysy, melewşe balarysy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Olar san taýdan azalýan görnüşleriň biridir. Bu arylar Günbatar Köpetdagda kösükli ösümlikleri tozanlandyrýarlar, uly bolmadyk maşgala bolup ýaşaýarlar. Maşgalada arylaryň 50-den 100-e çenlisi bolýar.

Balarylar ösümlikleriň güllerini tozanlandyrmakda, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmakda, gymmatly azyk önümlerini öndürmekde uly ähmiýete eýedir. Arylar ösümlikleriň güllerini biri-birinden tapawutlandyrýarlar. Olar öň gonan gülüni ýadynda saklap, ikinji gezek şol güle gonmaýarlar. Balarylar güllerden toplan nektaryny bala öwürýärler. Ýygnalýan möwsümine we ösümligiň görnüşine görä balyň hili üýtgeýär.

Abadan Myradowa,
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň gorag bölüminiň döwlet inspektory.