Täsin gülli liana

29 Awgust 2023
1522

Bezeg ösümlikleri ähli döwürlerde ýaşaýşyň hil görkezijisi bolup, häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde tehnikanyň we tehnologiýanyň depginli ösýän döwründe olara bolan gyzyklanma gün-günden artýar. Jaýlaryň içini ösümlikler — güller bilen bezemek otaglaryň içinde tebigatyň bir bölegini döretmek arzuwyny amala aşyrmak maksady bilen ýüze çykypdyr. Watany tropiki ýurtlar bolan bezeg ösümliklerini otag şertlerinde ulanmak ýaşaýşy bezeýär, kähalatlarda ol bejeriş häsiýetine hem eýedir. Bu sebäpden otag ösümlikleriniň bioekologiýa aýratynlyklary, olaryň ulanylyş we ösdürilip ýetişdiriliş usullary ylmy esaslarda öwrenilýär. Bu işe S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň ylmy işgärleri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Botanika bagynda ylmy taýdan öwrenilen ösümlikler gül-bezeg ösümlikleriniň görnüşlerini baýlaşdyrýar. Tropik we subtropik ösümlikleriň gazna ýyladyşhanasynda ösümlik görnüşleri biologik aýratynlyklaryna laýyklykda, ekologo-geografik usulda ýerleşdirilýär. Kolleksiýanyň esasyny düzýän arumlar maşgalasynyň wekilleriniň ýyladyşhana şertlerindäki morfologik üýtgemeleri, barlagdaky ösümlikleriň uýgunlaşma ýagdaýynda ösüş, boý alyş, gülleýiş, miweleýiş döwürlerini öwrenmek boýunça gözegçilik işleri geçirilýär. Geçirilen fenologik gözegçilik işlerinden alnan maglumatlar bu ösümlikleriň içki bezeg işlerinde giňden ulanylmaga mahsusdygyny tassyklaýar.

Gülzar BAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň biologik gözegçilik we tohumlar banky barlaghanasynyň müdiri.