Dirilik çeşmesi

23 Awgust 2023
1591

Suw adamzadyň ýaşaýşynda örän möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Hakyň didaryny gören, baran ýerini bereket-bolçulyga, lälezarlyga besleýän suwuň ähmiýeti häzirki döwürde has artýar. Hormatly Prezidentimiz ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek meselesini üstünlikli çözmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirýär. Şular bilen birlikde suw serişdelerini gorap saklamak, olardan netijeli peýdalanmak, önümçilige suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça anyk işler alnyp barylýar. Bu babatda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary halkara guramalarynda gyzgyn goldawa eýe bolýar. «Suw hakynda» Türkmenistanyň kodeksi suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň, olary aýawly saklamagyň hem-de dikeltmegiň, hapalanmakdan we guramakdan gorap saklamagyň ylmy taýdan esaslandyrylan düzgünlerini işläp taýýarlamak we ulanmak boýunça toplumlaýyn maksatnama üçin esas bolup durýar.

Ýakynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen üçtaraplaýyn sammitde hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda syýasy-ykdysady durmuş ugurlaryny öz içine alýan suw meselesiniň halkara derejesinde bir pikire gelinmegini hem-de umumy dünýägaraýyşlar ulgamynda döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýändigini, suwa elýeterlik hukugynyň we onuň üçin jogapkärçiligiň üpjün edilmeginiň ähli döwletler üçin hökmany bolmagyny nygtady.

Hudaýberen PALEKEÝEW,
ýörite habarçymyz.