Ýerajy — täsin tebigy ýer

22 Awgust 2023
1086

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde durmuşymyzyň ähli ugurlarynda täze özgertmelere badalga berilýär. Arkadagly Serdarymyz: «Biz geljekde-de tebigata aýawly garamaga, onuň baýlyklaryny gorap saklamaga hem-de köpeltmäge, ykdysadyýete «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns bereris. Ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine, howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleleriň çözülmegine goşant goşarys» diýmek bilen, adamzadyň ýaşaýan ýeri bolan tebigat hakynda alada etmegiň häzirki döwürde möhüm meseleleriň biridigini nygtap geçýär. Biz hem türkmen tebigatyny aýawly saklamakda, olary gorap, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda uly işleri bitirýän Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Repetek döwlet biosfera goraghanasynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, bu goraghananyň uly ylmy işgäri Aziza Furkatžanowa bilen Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Ýerajy» döwlet tebigy çäkli goraghana barada eden söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

— Aziza, ilki bilen, söhbedimiziň başynda «Ýerajy» döwlet tebigy çäkli goraghanasy barada gysgaça gürrüň beräýseňiz?!

Söhbetdeş bolan Jennet RAIMBAÝEWA,
öz habarçymyz. Surata düşüren Döwlet HUDAÝBERDIÝEW.