Gözel kenaryň döwrebap söwda merkezi

21 Awgust 2023
1461

Hazaryň türkmen bölegi sagaldyş-dynç alyş we ekologik syýahatçylygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup durýar. Häzirki wagtda syýahatçylyk Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň wajyp ugurlarynyň biri bolmak bilen, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk hem ösmegine ýardam edýär.

Ýeri gelende bellesek, 2009-njy ýylyň iýunynda Hazar deňziniň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze binalaryň açylyş dabarasy boldy. Bu bolsa Awazanyň täze taryhyny açyp, ýurduň ilatynyň ýaşaýşy üçin zerur bolan şertler bilen doly üpjün edilýändiginiň aýdyň görkezijisine öwrüldi.

Sadap MUHAMOWA, «Biznes reklama».