"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Dil öwretmegiň kämil ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüşiň we döredijiligiň, gurmagyň we kämilleşmegiň aýdyň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýaşlara mahsus bolan hem-de ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlarymyzy dünýä derejesine laýyk gelýän ylymly-bilimli nesiller edip ýetişdirmek, giň gözýetimli ýaşlar edip terbiýelemek meselesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki döwürde alnyp barylýan netijeli işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, ýaşlarymyzyň sagdyn, bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýan dostluk-doganlyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk ýollarynyň dünýäniň çar künjüne uzamagy halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Daşary döwletler bilen halk hojalygynyň dürli pudaklary boýunça aragatnaşygy mundan beýläk hem giňeltmek we ösdürmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygy ýüze çykýar. Halklaryň özara düşünişmegi üçin diliň ähmiýeti örän uludyr. Islendik hünärmene saýlan ugry boýunça daşary ýurt dillerini öwrenmegiň zerurlygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa

Ökdeler öňe saýlandy

Şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary we ylmy-amaly maslahatlary geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, 20 — 22-nji noýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda biologiýa dersi boýunça III halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny», ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmekden ybarat boldy. Türkmen talyplary bilen birlikde, bu halkara olimpiada 25 döwletiň jemi 109 sany ýokary okuw mekdebinden, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen özara ylalaşyklar, ähtnamalar esasynda iş alyp barýan daşary ýurtlaryň ylym-bilim ojaklaryndan 730-dan gowrak talyp gatnaşdy. Olar 150 minudyň dowamynda berlen ýumuşlary we soraglary çözmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň eminler toparyna ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň tejribeli işgärleri, Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ugurdaş ders boýunça professor-mugallymlary wekilçilik etdiler.

Taryhymyzyň şamçyragy

Müňýyllyklardan gözbaş alýan baý medeni mirasymyz halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesile geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Bu gymmatlyklaryň birnäçesi dünýä mirasynyň genji-hazynasy hökmünde ykrar edildi. Türkmen halky ähli döwürlerde hem kitap okamagy, bilim, ylym öwrenmegi eşretli ýaşaýşyň, halal durmuşyň we ýagty geljegiň esasy hasaplapdyr. Kitap okamak özüňi tapmak, dünýä düşünmek, pikirlenişiňi ösdürmek, daşky gurşawa garaýşyňy giňeltmek, ruhuňy belent tutmak ýaly peýdaly taraplary bilen ähmiýetlidir.

Döwrebap özgertmeler rowaçlanýar

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym-bilim we täze tehnologiýalar esasynda ösüş ýoly bilen öňe barýar. Ýurdumyzda ylym-bilimiň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň wajyp şertine öwrülýär, ähli ulgamlarda sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar, kuwwatly, ýokary derejede ösen, bäsdeşlige ukyply, ylmy esasly önümçilikler ýola goýulýar. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi bu ugurda işlemek üçin hukuk binýadyny döretdi. Onuň aýry-aýry maddalarynda bilimiň ähli derejelerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň möhüm meselelerine orun berilýär. Bilim öwretmegiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bilimiň ähli basgançaklarynda ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli bilim edaralary döwrebap kompýuterler, multimedia enjamlary bilen doly üpjün edildi. Elektron bilim çeşmelerinden peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredildi.

Sanly ulgama esaslanyp

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy kämil tehnologiýalaryň esasynda ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, şol sanda bilim ojaklaryna sanly ulgamy, täze, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşyk, şol sanda sanly hyzmatlary köpeltmek, olaryň hilini ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Innowasion ýol bilen ösüşi şertlendirýän sanly ulgam döwrebap mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi köpugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, iri möçberli maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagyna, şeýle hem bilim beriş işiniň netijeliligini, tizligini we aýdyňlygyny üpjün etmäge aýratyn täsirini ýetirýär. Bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly üns berilýär. Esasan hem ýaş nesliň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerini gazanmakda, olaryň ösen tehnologiýalara bolan düşünjelerini ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmakda, onuň abraý-mertebesini ýokarlandyrmakda, beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hünärine ökde hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär. Ylym-bilimiň ýokary tizlik bilen ösýän asyrynda ýaşlaryň dün

Nesil terbiýesinde egsilmez hazyna

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär. Ynsanperwerlige ýugrulan taglymatlary, bitirýän beýik işleri eziz Diýarymyzda jenneti emele getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan eserleri halkyň ruhy ösüşlerine berk binýat bolýar. Türkmen ata-baba kitaba sarpa goýan halk. Adam öz akyl-paýhasyny, ylmy garaýyşlaryny hemmeleriň peýdalanmagy üçin kitaplarda jemläpdir. Kitaplar adam paýhasynyň maddylaşmasy bolup, dünýä baýlyklarynyň hemmesinden ýokarda durýan baýlykdyr. Kitap akyl işi bilen meşgullanýan adamlaryň akyl-paýhasynyň, zehin daragtynyň datly miwesidir, asyrlardan gaýdýan ruhy hazynasydyr. Ynha, Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» we «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserleri biziň her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly eserindäki şu jümleler aýratyn bellenmäge mynasypdyr: «Ýaşlar — biziň geljegimiz. Olar halkyň, ýurduň ykbalyna dahylly bolmaly adamlar. Halkyň, ýurduň ykbaly bilen bagly meseleleriň üstünde kelle döwjek we akylly-başly netije çykarmagy başarjak adamlar. Nesillerimizi ýetişdirmek bilen biz öz geljegimizi gurýarys. Bu meselede halypalaryň egnine juda mukaddes borç, edil şonuň ýaly hem, uly wezipe düşýär. Meniň bu ýerdäki «halypalar» diýýänim, ilkinji nobatda, ata-enelerdir, terbiýeçilerd

Taryh sapagynda täsirli usullar

Bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Şunda okatmagyň hilini has-da kämilleşdirmek, döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Taryh sapagy geçilende hem döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanylýar. Multimedia tagtasynda ýurdumyzyň taryhy ýerleriniň suratlarynyň, gadymy şäherleriň atlarynyň ýerleşdirilmegi okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrýar. Innowasion usul mugallymyň döredijilikli işlemegine, ýagny sapakda ulanjak kartalaryny, çyzgylaryny, suratlaryny aýratynlykda taýýarlap, olardan ýerlikli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Ýyllaryň dowamynda toplanan materiallary täzeläp, kämilleşdirip hem bolar. Çünki multimedia tagtasy üçin taýýarlanan slaýdlar, ýazgylar elektron görnüşde saklanyp galýar. Netijede, olardan her sapakda peýdalanmak mümkinçiligi döreýär. Ýörite programma ulgamy arkaly slaýdlary aýawly saklap we olardan islendik wagtda peýdalanyp bolýar.

Synp sagatlarynda guramaçylyk işleri

Mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň öňünde orta mekdebi tamamlap, täze durmuşa ugrukmak meselesi durýar. Şunda ýaşlara maslahat berip, dogry ýola gönükdirmekde mugallymlara uly orun degişlidir. Synp sagatlarymda okuwçylarym bilen temalar boýunça sapagy täsirli guramaga çalyşýaryn. Munuň üçin sapagyň temasyny has täsirli guramak usullaryna aýratyn üns berýärin. Synpyň okuwçylaryny toparlara bölýärin. Temalar esasynda her tema boýunça bir toparyň taýýarlanmagyny, beýleki toparlaryň bolsa soraglar bilen çykyş etmeklerini guraýaryn. Öz okadýan synpymda «Perzendiň öňündäki borçlar» diýen tema boýunça gyzykly synp sapagyny guradym. Ilki bilen, multimedia tagtasyna okuwçylaryň ünsüni çekdim. Tagtada parasatly sözleri mysal getirdim, ýagny: «Borç — ata-enäniň, Watanyň öňündäki perzentlik borjy. Borjuna düşünenler tiz maksada ýetýär. Ýaş nesliň borjy bagtly ýaşamakdan — ata-enäniň arzuwyny amala aşyrmakdan, özüň barada alada edýän eziz ynsanlaryň ynamyny ödemekden ybarat» diýen jümleleri okap berýärin. Toparlar boýunça okalan jümläniň manysyna düşündiriş berýäris. Soňra sapak boýunça çykyş etmeli toparyň taýýarlan slaýd şekillerine we gysgajyk edebi sahnasyna tomaşa edýäris.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Çagalarda dilleri bilmäge höwes döretmek Bilim ulgamynyň çalt ösýän döwründe mekdep okuwçylarymyzyň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri ilkinji zerurlyklaryň biridir. Guraýan sapaklarymyzyň üsti bilen olarda dil öwrenmäge bolan höweslerini has hem artdyrmak gerek. Şonuň üçin her bir guraýan sapagymyň täsirliligine, okuwçylarymyzyň sapaga işjeň gatnaşmaklaryna aýratyn üns berýärin. Iňlis dili boýunça okuwçylaryň diňläp öwrenmek endikleriniň kämilleşmegine mümkinçilikleri döredýärin. Multimedia tagtasynda, kompýuterlerde ses ýazgylaryny taýýarlaýaryn.

Kämil bilim — geljege şamçyrag

Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaş nesillerimiziň milli terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary taýýarlamak hem-de terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Şeýle hem ýaşlaryň eşretli durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, gowy okamagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Kämil bilimli ýaşlaryň kemala gelmegi bolsa, häzirki bilim ulgamynyň berk binýadydyr. Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň döwrebap kompýuterler, multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy okatmakda hem, sapaklary guramakda hem ýeňillikleri döredýär. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ähli umumybilim berýän orta mekdepleriň, başlangyç hünär we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň doly derejede döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýandygyny bellemelidiris. Şonuň netijesinde hem kämil bilim bermegiň berk esaslary döredilýär we geljekde ýokary bilim almaga ymtylýan ýaşlarda berk bilim binýady kemala getirilýär. Ýaşlaryň döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde umumadamzat gymmatlyklaryny we dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini öwrenmek, şeýle hem halkymyzyň medeni, milli-ruhy ýörelgelerini, däp-dessurlaryny sazlaşykly peýdal

Halypadan öwrenen ussat

Maňa onuň bilen bir ýerde bile işleşmek nesip etmedi, ýöne dabaralarda, jemgyýetçilik guramalarynyň ýygnanyşyklarynda ussat mugallym Rejep Käbäýewi daşyndan synlamak, onuň bilen söhbetdeş bolmak telim sapar miýesser bolupdy. Özüni juda ýönekeý alyp barýan, az gepläp, köp diňleýän, zerur bolsa, köpçüligi agzyna bakdyryp bilýän bu adamyň ykbaly bilen gyzyklanmagy makul bilip kän gezdim. Mahal-mahal uly märekelerde ýaşululara Magtymguly Pyragydan aýdyp beren pähimlerine il sylagly gojalarymyzyň juda hoşal bolmagy onuň pähim-paýhasdan ýüküniň ýetikdigine kepil geçýärdi. Elbetde, ýaş-u-garra göreldesi ýeterlik, işine jür, hatly-sowatly ynsanlaryň il arasynda mertebesi belent bolýar. Wagt tapyp, durmuş tejribesi ýetik gojalaryň birnäçesi bilen gürleşip, onuň durmuş ýoly bilen gyzyklandym.

Watanymyzyň röwşen geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler kämil bilimli, zehinli, watansöýüji nesli kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu babatdaky tagallalardan ruhlanan çagalar baglarynyň terbiýeçi-mugallymlary ýaş nesle milli ruhda bilim-terbiýe bermekde we olaryň tebigy zehinleridir ukyplaryny ösdürmekde yhlasyny gaýgyrman döredijilikli zähmet çekýärler. Biziň çagalar bagymyzyň agzybir işgärleri hem körpeleri üns-alada bilen gurşaýarlar. Olar körpeler bilen geçirilýän çäreleriň netijeliligini gazanmaga aýratyn ähmiýet berýärler. Sapaklardan daşary çagalara, esasan-da, milli oýunlarymyz oýnadylýar. Halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynda mynasyp orun alan milli oýunlarymyzyň her biriniň özüne mahsus terbiýeçilik ähmiýeti bar. Olar çaganyň beden we ruhy taýdan sagdynlygy, çuňňur pikirlenmegi, netije çykarmak endiklerini, ugurtapyjylygyny hem-de çeýeligini ösdürýär. Oýunlaryň çagalaryň arasynda dost-doganlyk, agzybirlik, watansöýüjilik ýaly häsiýetleri ösdürmekde uly orny bar.

Milli bilim ulgamynyň täze eýýamdaky ösüşi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä standartlaryna, strategik özgerişlere üstünlikli goşulyşýan ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde täze wezipeler goýulýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken bu taryhy Kararyndan gelip çykýan wezipeler boýunça okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumybilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly işlere möhüm täzelikleriň girizilmegi bilim işgärleriniň uly goldawyny gazandy. Jemgyýetimiziň ösüşiniň häzirki tapgyrynda üstünlikli dowam etdirilýän bilim özgertmelerini has-da işjeňleşdirmek, pedagogik işgärleri hünär taýdan taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek, bilimiň usulyýet binýadyny nazaryýet we amalyýet taýyndan işlemek, okuw-tejribede berkitmek möhümdir. Umumybilim edaralarynda okuwçylaryň okuw ýüküne laýyk getirilen bilimleriň esaslaryny goýmak, olaryň zähmet endikleriniň ösdürilmegi, ýokary ahlak sypatlarynyň, belent adamkärçilik duýg

Ylym-bilim bilen belentliklere

Haýsy ýurtda ylym-bilim ulgamynyň aýdyň geljegi barada irginsiz aladalar edilýän bolsa, diýmek, şol ýurduň ertirki güni has-da bagtyýardyr, eşretlidir. Sözüň güýjüne ser salyp otursaň, «ylym», «bilim», «okamak», «öwrenmek»... sözleriniň ählisinde-de aýdyňlyk, giňlik, çäksizlik bar. Diýmek, binýady halallyga, lebiz päklige eýlenen halkymyzyň şu güni we geljegi berkarardyr, aýdyňdyr, ýagtydyr. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda möhüm pikir-garaýyşlar beýan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça geljekde uly wezipeleriň öňümizde durýandygyny nygtap, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmagy, mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegi, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak baradaky aýdanlary has-da buýsandyryjy. Ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmegi, ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiz

Ýaşlar — ýaşaýşa ýaraşyk

Halkymyz hemişe geljegiň, ertirki günüň aladasy bilen ýaşaýar. Ol bolsa ýaş nesliň sagdyn ösmegini, bilimli, edep-ekramly, başarnykly, watansöýer şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak bilen baglanyşyklydyr. Bu iş arakesmäni bilmeýän, mydama dowam edýän örän jogapkärli işdir. Şonda ata-babalarymyzyň asyrlaryň, heňňamlaryň dowamynda emele gelen terbiýe mekdebiniň gymmaty uludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu meselä ilkinji derejeli ähmiýet berlip, ol täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça edilýän tagallalar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bular dogrusynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda aýratyn durup geçdi we möhüm wezipeleri kesgitledi. Olaryň arasynda geljekde çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň sanyny artdyrmak, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmek, müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek ýaly wezipeler hem bar. Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda bu gymmatly pikirler has-da ösdürildi we geljekde bitirilmeli gaýragoýulmasyz işler jikme-jik beýan edildi. Olar bolsa ähli ulgamlarda ylmyň we tehnik

Dil bilenler dana bolar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyk bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleri ýörite meýilnamalar esasynda öwredilýär. Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil bilmekleri olaryň dünýä derejesinde bilim almaklary, gözýetimleriniň giň bolmaklary üçin ähmiýetlidir. Biziň ýurdumyzda ene dili bilen bir hatarda iňlis, rus, nemes, fransuz, hytaý, ýapon, arap, pars dillerini öwrenmeklik giňden ýola goýuldy. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli künjeginde daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdepler hereket edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen mekdeplerde dil öwrenmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

«Sanlar meniň dostlarym»

Ösüp gelýän ýaş nesil bilen ata Watanymyzyň bagtly geljegi berk baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin hem döwletimizde ylym-bilimi has-da ösdürmek, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny düýpli ornaşdyrmak bilen ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämilleşmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleriň gurşawynda bilim alýan ýaşlaryň biri Mekan Nurgeldiýew. Ol Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 5-nji synpynda okaýar. Onuň eýýäm birinji synpa baran gününden matematika dersine bolan gyzyklanmasynyň has-da uludygy duýulýar. Ikinji synpa barandan Mekan «Kämil bilim» okuw merkeziniň Türkmenabat şäherindäki şahamçasynda bilimini artdyrmaga höwes bildirýär. Bu ýerde Mekany merkeziň «Anzan mega» mental arifmetika mugallymy Meýlis Jelilow taýýarlaýar. Hut şu ýerde-de Mekan sanlar bilen berk dostlaşýar. Bu dostlaşyk bolsa ony geljekde halkara bäsleşigiň çempionlygyna çenli ýetirdi.

Sanly ulgam — özgerişleriň özeni

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky tutumly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dowamat dowam tapýandygy bizi gurmagyň we döretmegiň ýolunda täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan kesgitlenen, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly täze mümkinçilikleri kemala getirmegiň hasabyna çalt depginde ösýän bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak syýasaty işjeň amala aşyrylýar. Ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ýurdumyzyň beýleki ugurdaş düzümlerinde düýpli we amaly ylmy-barlaglaryň geçirilmegi, olaryň geriminiň giňeldilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ykdysadyýetiň işjeň ösüşini gazanmak, hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak esasy şert bolup, ol ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Amala aşyrylýan maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny ykdysadyýetde netijeli ulanmak, jemgyýetçiligiň intellektual kuwwatyny artdyrmak babatda alnyp barylýan beýik işleriň ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Sanly aragatnaşyk, emeli aň, robotlaşdyrmak — häzirki wagtda bularyň ählisi biziň gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Interne

Juwan ýürekleriň owazy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesillerimiz üçin dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän milli bilim ulgamyny kemala getirmek, okatmagyň täze, häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Saz elmydama şahsyýeti ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Hor aýdymyny aýtmak, diňe çagalaryň saz ukyplaryny ösdürmän, eýsem, duýgularyna, jemgyýetçilik we ylmy taýdan ösüşine hem netijeli täsir edýär. Mekdepde hor aýdymy sapaklary okuwçylaryň saz älemi bilen tanyşmaklarynda aýratyn möhümdir. Çagalar hor aýdymyna gatnaşanda, saz nazaryýetiniň esaslaryny, ritmi, sazlaşygy öwrenýärler, eşidiş we ses ukyplaryny ösdürýärler. Bu bolsa olara saza has çuňňur düşünmäge we ýokary derejede ýerine ýetirmäge ýardam edýär. Horda aýdym aýdylmagy çagalaryň sesleri bilen yzygiderli işleşmegini talap edýär. Olar dem alyşlaryna gözegçilik etmegi, dogry äheň bermegi we sesiň işjeň häsiýetleri bilen tanyşmagy öwrenýärler. Mugallymyň ýolbaşçylygynda çagalar ses tehnikalaryny özleşdirýärler, bu bolsa olaryň sesleriniň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Hor aýdymynyň esasy taraplarynyň biri hem diňlemek ukybydyr. Çagalar diňe öz seslerini däl-de, horuň beýleki agzalarynyň seslerini hem diňlemegi öwrenýärler. Bu olaryň saza düşünip, eşidişini ösdürýär we toparlaýyn işde sazlaş

Bilim — sazlaşykly ösüşiň egsilmez çeşmesi

Ýurdumyzy köptaraply ösüşiň nurana ýoluna ataran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda islendik döwletiň ykdysady kuwwatynyň diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen hem kesgitlenýändigini nygtaýar. Milli Liderimiziň bu paýhasly pikir-garaýşynyň üstüni ýetirýän «Türkmenistan hem bu ugurda kuwwatly döwlet diýip arkaýyn aýdyp bileris. Biziň ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünärlerini kämilleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredildi» diýen sözleri-de çuňňur mana eýedir. Sebäbi milli bilim ulgamy döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde kesgitlenip, onuň hilini, mazmunyny dünýä ölçeglerine laýyk getirmekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilik bilen başyny başlan bilim özgertmeleriniň ajaýyp miweleri bolan bu üstünlikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hem häsiýetli aýratynlygyna öwrülýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwrüň talaplaryndan ugur alyp, kabul edýän çözgütleri şeýle üstünlikleriň binýadyny berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy muňa anyk subutnamadyr. «Pähim-paýha