"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Ylym — köňül göwheri

Kämillik mertebesine ýeten, ylym şährini eýelän kişi örän ýokary düşünjä eýedir. Gözi doýgun, köňli giňdir. Olar özgelere çelgi, ýolgörkeziji çyraga öwrüler. Öçmez şemdan ýaly töweregine ýalkym saçar. Bilim ruhy azykdyr, Akyl hem kalp onuň bilen iýmitlenýär. Akyl sandygy gözel düşünjeler we bilim jöwherleri bilen doldurylan ynsanyň mertebesi belent tutulýar. Onuň gadyry bilim bilen beýgelýär.

Paryzdepede arheologiýa barlag işleri

Ýurdumyz gadymy arheologiki ýadygärliklere baýdyr. Şolaryň biri hem Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän, Köpetdagy etekläp oturan gadymy we orta asyr Paryzdepe arheologiki ýadygärligidir. «Türkmenistanda milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň we wagyz etmegiň 2016 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde Paryzdepede degişli arheologiki barlag işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň hünärmenleri tarapyndan meýilnama laýyklykda alnyp barlan möwsümleýin ylmy barlag işleriň netijesinde bu künjekde birnäçe tapyndylar ýüze çykaryldy we häzirki wagtda olary rejelemek hem-de dikeltmek işleri dowam etdirilýär. Paryzdepede gazuw-barlag işlerine 2016-njy ýylda badalga berlip, toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Geçen barlaglarda Paryzdepäniň gadymy taryhy ýadygärliginiň tutýan ýerini, relýefiň şekilini çyzga geçirmek üçin topografiki gözegçilik işleri geçirildi. Topografiýa işleriniň netijesinde müňlerçe ölçeg maglumaty alnyp, ýadygärlik toplumynyň relýefiniň nusga şekili guruldy. Soňra gazuw topary tarapyndan depäniň üstünde içki galanyň çäklerinde işler dowam etdirildi

Bilgirjä sowal

Mähriban çagalar, hemmäňizi gyzyklandyrýan sowallar bardyr. Eger-de sowallaryňyza Bilgirjäniň jogap bermegini isleseňiz, olary redaksiýa ugradyp bilersiňiz. – Bilgirje, Nobel baýragy dünýädäki iň görnükli baýraklaryň biri diýip eşidipdim. Bu baýrak barada gürrüň beräýseň!

«Sanly innowasiýalar» bäsleşigi geçirilýär

17-18-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Bilim ministrliginiň guramagynda «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça «Sanly innowasiýalar» bäsleşigi geçirilýär. Ýetip gelýän şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan bäsleşige mekdep okuwçylary, talyplardyr ýaş alymlar, hünärmenler işjeň gatnaşýarlar. Olar bäsleşigiň innowasion şäher, sanly bilim, söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar, ýörite ugur, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça programma üpjünçiliklerini, taslamalaryny hödürleýärler. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde guralýan bäsleşikde hödürlenen işleriň derwaýyslygyna, pikir özboluşlylygyna, tehnologik çözgüdine, programmirlemegiň işlenip düzülen diline, interfeýsiniň kämilligine, innowasion täzeçilligine we beýleki aýratynlyklaryna baha berilýär. Gatnaşyjylar onuň ugurlaryna laýyklykda, geljegi uly taslamalar, gyzyklanma döredýän programma üpjünçilikleri bilen öz aralarynda bäsleşýärler. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky ýokary okuw mekdeplerinden bäsleşige gatnaşyjylar taslamalary bilen wideoaragatnaşyk arkaly tanyşdyrýarlar.

Ylymda yz goýup, tapdy kemaly

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, jemgyýetimiziň ösüşiniň islendik ugry ylym, bilim bilen baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylym ýolunda yz galdyran halypalaryň asylly däplerini mynasyp dowam edýän ýaş nesliň kemala gelmegi ugrunda hem uly aladalar edilýär. Ykbalyny ylma bagyş edýän alymlar öz gymmatly pikirleri, ylmy işleri bilen döwletimiziň pajarlap ösmegine uly goşant goşýarlar. Şeýle alymlaryň biri hem Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rus dili we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Agamämmet Ýazmyradow. Ol ady agzalan ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, bu ýerde zähmet ýoluna başlaýar. 1990—1993-nji ýyllarda Moskwa şäherindäki Russiýanyň Bilim akademiýasynyň umumybilim berýän mekdepleri institutynyň rus dilini okatmak merkezinde aspiranturada okady. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, sözleriň gelip çykyşynyň taryhyny öwrenýän alym Nikolaý Maksimowiç Şanskiniň ýolbaşçylygynda «Häzirkizaman rus dilinde işlikleriň leksika-semantik usul bilen ýasalyşy» diýen mowzukdan kandidatlyk dissertasiýasyny gorady we filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine mynasyp boldy. Ençeme ýyllap okalan kitaplar, bilim edaralarynda geçirilen tejribeler alymy täze gözleglere atardy. Agamäm

Ynam — ganat

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň bagtyýarlygy hakyndaky alada mähriban Arkadagymyzyň öňe sürýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň şu okuw ýylynyň başynda talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary bilen duşuşmagy we umumy okuw sapagyny geçip, sargytlaryny bermegi joşgunly kalplarymyza täzeçe ruhy joşgun paýlady. Bu taryhy duşuşygyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň öň ýanynda geçirilmegi türkmen ýaşlarynyň göwün guşuny Göge göterdi.

Kiberhowpsuzlyk — goraglylyk binýadynyň mizemezligi

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt, umumadamzat bähbitli döwlet maksatnamalary, ilkinji nobatda, halkymyzyň, şeýle-de dünýä jemgyýetçiliginiň agzybirlikde bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan ynsanperwer durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň intellektual kuwwatlylygynyň has-da berkeýändigine, Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarylýandygyna durmuşa geçirilýän döwlet bähbitli işler aýdyň şaýatlyk edýär. Ýokary tehnologiýalaryň ulanylýan döwründe dünýä jemgyýetçiliginde sanly ulgamy ornaşdyrmak ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Şol nukdaýnazardan, häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly ulgama geçilip, wagty tygşytlamak bilen birlikde, raýatlara halkara derejede hyzmat etmek mümkinçilikleri giňeldi we talabalaýyk iş öndürijiliginiň artmagy gazanyldy. Has dogrusy, sanlylaşdyrmak işleri hereket edip, ykdysadyýetimizde möhüm ädimler we iri meýilnamalar amala aşyryldy.

Ylym — ösüşlere badalga

Dünýäde ylym we tehnika görlüp-eşidilmedik derejede tiz ösýär hem-de adamzada giňişleýin hyzmat edýär. Gazanylýan ylmy ösüşler halklaryň, ýurtlaryň dostana gatnaşyklary we birek-birege ynanyşmak arkaly gazanan netijeleridir. Ylmy, medeni we ykdysady gatnaşyklaryň netijesinde gazanylýan ösüşleriň durmuşymyzy bezeýän döwründe bilim-ylym işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan, ýaş alymlardan, talyplardan edilýän talaplar hem güýçlenýär. Çünki ylmyň iň täze gazananlaryny öwrenmek işiňe, okuwyňa ornaşdyrmak üstünlikleriň altyn açarydyr. Ylmyň dürli ugurlary boýunça iň täze gazanylan netijelerden, açyşlardan habarly bolmak ýerine ýetirýän işiň has-da göwnejaý bolmagynyň girewidir. Hut şonuň üçin hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplary we mugallymlary, ylmy-barlag institutlarynyň her bir ylmy işgäri maglumat alyp biler ýaly, internet ulgamynyň hemmetaraplaýyn, giňişleýin ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Zehinli ýaşlar tejribeli professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ylmy işlere çekilýär. Eziz Diýarymyzda milli ýörelgelere hem-de dünýäniň ösen tejribelerine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplarynyň, gollanmalarynyň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary barha kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron-maglumat

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri: milli we halkara tejribesi

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) 16-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde, hususan-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini, tehnologiýalary öndürmäge ýöriteleşdirilen «Masdar» kompaniýasynyň wekilleri bilen bolan duşuşygyň barşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyş çäresiniň geçirilendigi, geljekde serhetýaka etraplaryň birinde Gün şöhlesinden energiýa öndürýän köpugurly bekediň gurluşygyny maliýeleşdirmegiň mümkinçilikleriniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygynyň habar berilmegi bu ulgamdaky işleriň barha işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Dünýäniň täsin kitaphanalary

Aleksandriýa kitaphanasy Gadymy Müsür özünde ençeme syrlary saklaýar. Olaryň biri hem Aleksandriýa kitaphanasy bolup, ol ýerde gadymyýetiň meşhur akyldarlarynyň köp sanly eserleri saklanypdyr. Biziň eýýamymyzdan öň III asyrda Müsüriň patyşasy Ptolemeý I Soter tarapyndan iň uly kitaphana we ylmy merkez esaslandyrylýar. Ol beýleki döwletleriň hökümdarlaryna kitaphana üçin golýazmalary ugratmaklaryny haýyş edip, ýüz tutýar. Ptolemeýiň mirasdüşerleri Ýewropanyň, Kiçi Aziýanyň we Demirgazyk Afrikanyň şäherlerine manuskriptleri, kartalary we beýleki gymmatly eserleri ýygnamak üçin bilermenleri ugradýarlar. Kitaphananyň üstüni doldurmak üçin Aleksandriýa giren her bir gäminiň bortundaky ähli külterlenen golýazmalar nusgalanýan eken. Ýüzden gowrak alym kitaplary ýygnamak, terjime etmek, nusgalamak işleri bilen meşgul bolupdyr.

Ylym we bilim barada

Islendik kitap akylly dost ýalydyr. Sähel ýadadanyny bildigi sesini goýýar, sessiz-üýnsüz akyl berýär. Boş gezip ýören wagtyňam onuň beren ündewleri saňa kömek edýär. Lope de Wega.

Adamzadyň köňül nagşy

Ruhy gymmatlyklaryň hazynasy bolan kitaphanalar adamlaryň ylym-bilim almagyna, kämillige ýetmegine, düşünjesiniň artyp, dünýägaraýşynyň giňelmegine hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz «Medeniýet — halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär. Ýokary çeperçilikli we hakyky sungat eserleri umumadamzat baýlygyna öwrülýär» diýip belleýär. Ýurdumyzda medeniýet, ylym-bilim, kitaphana ulgamlaryndaky öňegidişlikleriň jemgyýetimiziň ösüşine edýän täsiri örän uludyr. Şundan ugur alnyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda kitaphana hünärmenleriniň arasynda «Türkmenistan milli Lider bilen ösüş ýolunda» atly hünär bäsleşigi geçirildi. Ol ýurdumyzda şu ýylda giňden bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip, yglan edilmegine bagyşlandy.

Nebit çykarmagyň mehanizmleşen usullary barada

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Goturdepede we Barsagelmezde guýularyň özboluşly ulanyş şertlerini nazarda tutup, «Tatneft» kompaniýasynyň mehaniki garyndylara çydamlylygy bilen tapawutlanýan УВНН-5, УЭЦНИ-5, ВНН-5, ЭЦНМ-5 kysymly döwrebap enjamlaşdyrylan elektrik merkeze ymtylyş sorujylary indi birnäçe ýyl bäri bu känlerde peýdalanylýar. Bu sorujylar guýynyň içine diametri 2,5 dýuým göteriji turbalaryň aşaky ujuna çatylyp goýberilýär. Bu usula geçirilen guýularyň köpüsi nebitiniň düzüminde suwy köp bolan ýa-da dürli sebäplere görä wagtlaýyn hereket etmeýän guýulardyr. Olar ulanyşa girizilenden soň birnäçe aýlap ýa-da bir ýyla golaý abatlanman işleýärler. Olaryň durnukly işlemeklerini çäklendirýän beýleki usullara mahsus bolan faktorlar — çykarýan suwuklygynyň düzüminde kadadan köp ergin gazyň we mehaniki garyndylaryň (çägäniň, duzuň we ş.m.) bolmagydyr.

Ylma teşne ýürek

Tomusky dynç alyşda talyplara halk arasyndaky edebi eserleri jemläp, ýazga geçirmegi tabşyrypdyk. Ynha, halkyň ruhy hazynasy jemlenen galyň-galyň depderler. Birinji depderi açýaryn, «Toý aýdymlary» diýen sözbaşy bilen şu bentler ýazylypdyr. Bentleriň dowamy tanyş, inçeden mylaýym ses bilen aňymda ýaňlanyp başlady: Meniň geze-en ýerlerime-e,

Durnukly energiýa üpjünçiligi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda guwandyryjy üstünlikler gazanylýar, uzak möhletleýin geljege we durnukly ösüşe gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzda energetika pudagy şu günki gazanýan uly ykdysady üstünliklerimiziň, geljekde ýetmeli belent sepgitlerimiziň berk binýady hasap edilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň uly dabara bilen işe girizilmegi halkymyz üçin ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda bu pudagyň ähmiýetli orny bar.

Haçan başlamaly?

Her ynsanyň kalbynda ýüzlerçe bolmasa-da, onlarça arzuw-hyýal, etsem-goýsam mesgen tutýar. Ugrunda yhlas edilse, zähmet çekilse, şol arzuwlaryň hasyl boljakdygy ikuçsuz. Olaryň arasynda diňe özümizi ýa-da daş-töweregimizi däl, eýsem, dünýäni gözelleşdirip biljek belent hyýallaryň bardygyna hem ynanýarys. Ýöne işe başlamagyň «sähetli wagtyny» saýlap bilmezlik şol «göwne düwmeleriň» — nebir arzuwlaryň öserini çürtüp taşlamak bilen des-deňdir. Ekilmedik nahal, başlanmadyk iş bitmeýär. Aslynda, «Işiň iň kyn ýeri — başlamak, işe girişmek» diýilýär. Bir başyna barylsa, dessine abyny-tabyny alyp, gyzygyp gidýäris. Bilermenleriň maglumatyna görä, adamlar ömürleriniň agramly bölegini nämedir bir zada garaşyp geçirýärler. Arzuwlarymyzy hasyl etmek, bir işe girişmek babatda hem şeýle. Ugrunda yhlasly zähmet çekip, gowy netijesine garaşmak bolsa başga zat, emma başlamak üçin amatly wagta garaşmak düýbünden aýry zat. Şonuň üçin hem bilermenler köp ýyllara çeken tejribeleriň, pikir alyşmalaryň dowamynda şeýle netijä gelipdirler. «Eger-de ýürekleriňiz arzuw-hyýallardan püre-pür bolsa, onda başlamak üçin:

Ylmy diplomatiýanyň dünýä ykrarnamasy

Geçen ýyllarda Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geriminiň has giňändiginden habar berýär. Şu mysalda türkmen döwletiniň alyp barýan giň gerimli medeni, ylmy diplomatiýasynyň dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyny görýäris. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralarynyň döredilip, orta mekdeplerimiziň birnäçesiniň bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine girizilmegi hem Türkmenistanda alnyp barylýan medeni işleriň we ylmy diplomatiýanyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrülýär.

Tejribeli alymdy, halypa mugallymdy

Görnükli döwlet işgäri, halypa alym Ýagşygeldi Kakaýew aramyzda ýaşap ýörenliginde 24-nji oktýabrda 62 ýaşamalydy. Türkmende «Ýagşydan at galar» diýen pähim bar. Hawa, ýurdumyzyň iri, abraýly Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adynyň dakylmagyny muňa şaýatlyk edýän bir mysal hökmünde görkezmek bolar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň, Watanyň öňünde uly hyzmatlary bitiren adamlaryň sarpasy belent tutulýar. Merhum alym Ýagşygeldi Kakaýew ömrüni ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna bagyşlan, ony ösdürmeklige önjeýli goşandyny goşan tejribeli hünärmen we ýolbaşçy bolupdy.

Nebit çykarmagyň mehanizmleşen usullary barada

Ýurdumyzyň nebit senagatynyň ösdürilmeginde «Türkmennebit» döwlet konserninde çykarylýan çig malyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen önümçiligi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, täze tehnikalary we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga yzygiderli üns berlip gelinýär. Bu babatda nebit çykarmaga ýardam berýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň giň tapgyry önümçilikde synag edilip, senagat taýdan ulanyşa girizilýär. Nebit çykarmagyň täze usullaryny ornaşdyrmak baý tejribeli daşary ýurtly kompaniýalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Soňky 10 — 15 ýylyň içinde daşary ýurtly kompaniýalaryň hünärmenleriniň türkmen nebitçileri bilen bilelikde guýulary daşary ýurtlardan satyn alnyp getirilen enjamlaryň üsti bilen täze mehanizmleşen usullara geçirip, bol nebit çykarmaga gönükdirilen köp işler amala aşyryldy. Onuň hem sebäbi burawdan çykan guýularyň hemmesi diýen ýaly, ulanylmaga berlen ilkinji günlerinden soň, birnäçe ýylyň dowamynda gatlagynyň basyş güýji peselýänçä çüwdürim usulynda işleýär. Şonda bu guýularyň geljekki ulanyş döwrüni uzaltmakda we nebit berijiligini artdyrmakda olaryň önümli gatlaklarynyň nebit berijiligi ylmy taýdan öwrenilip, ykdysady taýdan esaslandyrylyp, häzirki zaman tehnologiýasyny ulanmak bilen degişli mehanizmleşen usulyna geçirmek esasy wezipe boldy.

Sazlaşykly ösüşiň kepili

Özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň toýuny uly dabara bilen bellän ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda milli ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen sazlaşykly ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli tutumly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň mundan buýana depginli ösüşini üpjün etmek üçin, ilkinji nobatda, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny peýdalanyp, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak bilen bagly wezipäni gysga döwrüň içinde üstünlikli çözmegiň zerurdygy barada milli Liderimiz yzygiderli nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşine badalga berildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde kabul edilen bu Karara laýyklykda, ýurdumyzda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini, şol işleriň özüniň oňyn netijesini berýändigini bellemek gerek. Bu Konsepsiýany iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň netijeli işlemegine gönükdiril