"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Şa serpaýynyň eýelerine söz berýäris

Göwnümi galkyndyrdy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýeňişli ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz jenneti mekana öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda we beýleki ulgamlarda dowam edýän özgertmeler ata Watanymyzyň ösüşli ýoluna itergi berýär. Türkmen halky döwletli döwranyň hözirini görüp ýaşaýar, gurýar we döredýär. Toýlary toýlara ulaşýan ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, bolup geçýän taryhy wakalaryň şaýady bolmak ruhuňy belende göterýär, guwanjyňy artdyrýar.

Taryhy wakalaryň ýyly

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrýan türkmen ili hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda abadan ertirine barýar. Geçen ýyllarymyzyň Garaşsyz döwletimiziň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalary il-günümiziň göwnüni galkyndyrdy. Şeýle ýörelgäniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da rowaçlanýandygy ýokary ruhubelentligi döredýär. Şygaryny türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehinden dörän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusyndan gözbaş alan üstümizdäki ýylyň ýeňişli sepgitleri rowaç alýar. Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýramçylygynyň halkara derejesinde toýy uludan tutulýan üstümizdäki ýyl geçmişi şöhratly, şu güni bagtyýar we geljegi abadan halkymyzyň hakydasynda ýatdan çykmajak yz galdyrar. Toý dabarasy alyslara aşýan taryhy senäniň dabaraly çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu tagallalar bolsa, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sylag-sarpasynyň hemişe belentdediginiň aýdyň subutnamasydyr.

6-njy oktýabr — Hatyra güni

Mertler ýüreklerde baky ýaşaýar Watanymyzyň asudalygy ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzyň hem-de 1948-nji ýylyň heläkçiligi Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlar ýatlanylyp, welaýatymyzda hem Hatyra güni bellenilýär. Asyrlar, ýyllar geçse-de, ýowuz jeňlerde edermenlik görkezen türkmen gerçekleriniň, gahrymanlarynyň ady halkymyzyň kalbynda hemişelik ýaşaýar. Ýurdumyzda öten-geçenlerimizi hatyralamak we olaryň ruhlaryny şat etmek halkymyzyň ençeme asyrlardan bäri dowam edip gelýän ynsanperwer ýörelgeleriniň biridir. Asylly däbine eýerýän halkymyz Hatyra güni merhumlaryny hormat bilen ýatlaýar we hatyralaýar.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Bilelikdäki emläge eýelik etmek Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde är-aýal tarapyndan nikaly döwründe edinilen bilelikdäki emläge eýelik etmegiň, peýdalanmagyň we erk etmegiň kadalary düzgünleşdirilendir. Şu Kodeksiň 52-nji maddasynyň 1-nji bölüminde kesgitlenilişi ýaly, är-aýal tarapyndan nikaly döwründe edinilen emlägi (pul we gymmatly kagyzlary goşmak bilen, gozgalmaýan we gozgalýan zatlary) är-aýalyň haýsysyna satyn alnandygyna ýa-da pul serişdeleriniň är-aýalyň haýsyna harç edilendigine garamazdan, olaryň bilelikdäki umumy eýeçiligi bolup durýar.

Asudalygyň goragynda

Berk talap bildirilýär “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň zähmet ýeňişlerine, şanly wakalara beslenýän günlerinde türkmen halky abadan geljeginiň binýadyny berkden tutýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde adam hakdaky alada raýatlaryň kanuny hukuklarydyr azatlyklarynyň ygtybarly goralmagy bilen sazlaşykly utgaşýar.

“01” gullugynda

Ýaşaýyş jaýlarynda ýangyn howpsuzlygy Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Ýolöten etrap ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň podpolkownigi Serdar ÝUSUPOW bilen duşuşyp, ýaşaýyş jaýlarynda gaz enjamlary ulanylanda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary barada gürrüň bermegini haýyş etdi.

Döwletlilik taglymatynyň kämil mekdebi

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi il-güne geňeş salmak we halk bilen maslahatlaşmak ýaly asylly däplerimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dabaralanýandygynyň subutnamasy boldy. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — döwletlilik ýörelgesiniň gözbaşy» diýen at bilen geçirilen maslahat hem asyrlardan aşyp gelýän ýörelgelerimiziň kämil mekdebi bolan Halk Maslahatynyň taryhy mejlisine bagyşlandy. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, dürli ulgamlarda zähmet çekýän adamlaryň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahat ýokary ruhubelentlige beslendi. Muny işjeň häsiýetde geçen maslahatdaky buýsançly çykyşlaram subut etdi.

Ýurdumyzyň ýaraşygy ýaşulular

Dilleri senaly aksakgal gojalar, mährem eneler, zähmet weteranlary Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçiren baýramçylyk dabarasynyň arzyly myhmanlary boldular. Baýramçylyk dabarasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde ýaşuly nesle sylag-sarpanyň egsilmezdigi, eziz Diýarymyzda il‑ýurt bähbitli amala aşyrylýan ägirt uly işleriň her birine pähim-paýhasyň mekdebi bolan ýaşulular bilen maslahatly badalga berilýändigi barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan ildeşlerimiziň joşgunly çykyşlary dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dabaranyň dowamynda il-sylagly ýaşululara, mährem enelere welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Pederleriň ruhuna tagzym

Hatyra gününe Eziz Watanymyzyň her daban ýeri üçin şirin janyny orta goýup, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen gerçeklerini, şehitlerini, öten-geçenlerini ýatlamak, olaryň ruhlarynyň şat bolmagy üçin aýat-doga okamak, sadaka bermek agzybir halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgeleriniň, kämillik mekdebinde sünnälenen däp-dessurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň uly aladalary bilen şeýle däplerimiziň has-da kämilleşmegi, mazmun baýlygyna eýe bolmagy babatda belent sepgitlere ýetildi. Watansöýüji, il-güne, mukaddes topraga wepaly, ruhy-ahlak taýdan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan şeýle däplerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze taryhy eýýamda hem durmuşymyzyň mizemez ýörelgesidir. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda bellenip geçilýän Hatyra güni munuň anyk subutnamasydyr. Hatyra gününde merdana halkymyz Watan mukaddesligi, erkinlik ugrundaky söweşlerde, 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde pida bolan mähribanlaryny ýatlaýar. Munuň özi ykbalyň bu ýowuz synaglarynyň ýüreklere salan ýarasynyň asyrlar çalyşsa-da, hakydalarda ajy hasrat bolup ýaşaýandygyny görkezýär. Şöhratly pederlerimiziň il hakydasynda ýaşaýan mertligini, gahrymançylygyny, watansöýüjiligini beýan edýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler top

Baýramçylyk dabarasy

Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynyň medeniýet merkezinde  TKA-nyň welaýat birleşmesiniň şu okuw jaýy bilen bilelikde guramagynda duşuşyk geçirildi. Oňa  il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.  Duşuşykda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Hanbaý Saparow, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Nurjemal Jumageldiýewa, institutyň uly mugallymy Abdulla Rahmanow,  ilkinji partiýa guramasynyň başlygy Ýazguly Ataýew, agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Gülruh Haljanowa dagy çykyş etdiler. Çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen günsaýyn özgerýän ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň gowulanýandygy dogrusynda belläp geçdiler.

Gar ýagan gezegi

Çaý başynda(Tymsal) Bir gije galyň gar ýagdy. Ertesi okuwçylar dyzyna çenli gara batyp, mekdebe okuwa geldiler. Mugallym olary ýygnap:

Dumly-duşdan dürli-dümen

Uzak ýaşly zenan Ýakynda ýaponiýaly Tomiko Itooka dünýäde iň uzak ýaşly zenan hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda ýer aldy. Ol ispaniýaly zenan Mariýa Branýas Morera 117 ýaşynda aradan çykansoň, dünýäde iň uzak ýaşly zenan adyna eýe boldy. Tomiko Itooka 1908-nji ýylyň 23-nji maýynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde doguldy. 116 ýaşy arka atan zenan mekdep döwründe woleýbol toparynyň agzasy bolsa, soňra gaýa dyrmaşmak we pyýada ýöremek sporty bilen meşgullanýar. Ol 80 ýaşynda beýik Ontaka dagynyň üstüne iki gezek çykmagy başarýar. Uzak ýaşly zenan süýji zatlary halamaýandygyny, banany, ýaponlaryň turşy süýtli içgisi bolan kalpisi gowy görýändigini we uzak ýaşamagyň syrynyň  dowamly ýöremekdedigini aýdýar.

Taryhy waka bagyşlanyldy

Halk maslahatynyň çözgütleri — ýurdumyzyň ösüşlerine badalga TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Halk maslahatynyň çözgütleri — ýurdumyzyň ösüşlerine badalga» ady bilen maslahat geçirildi. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew alyp bardy. Maslahata ýokarda ady agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahat geçirildi

Bagtyýar halkymyzyň Watançylyk ýörelgesi Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TAP-nyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň guramagynda “Halk maslahaty — bagtyýar halkymyzyň Watançylyk ýörelgesi, mizemez göreldesi” atly maslahat geçirildi. Maslahata TAP-nyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, şeýle hem kärendeçi daýhanlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Onda TAP-nyň welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Güljemal Nazarowa, TAP-nyň Baýramaly şäher komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň agzasy Selbi Kommanowa, Baýramaly etrabynyň “Gökdepe” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Döwletjan Öwezmyradow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Halk Maslahatynyň esasy wezipesiniň kabul edilýän çözgütleriň netijesinde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, şeýle hem gazanylýan ösüşleri halkymyzyň bagtyýar, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gönükdirilendigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Wagyz-nesihat çäresi

Milli demokratiýanyň dabaralanmasy Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, etrabymyzda hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan çözgütleri ilata düşündirmek boýunça wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Golaýda etrabymyzyň merkezi kitaphanasynda TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hem-de etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň işgäri Aýlar Myradowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Hajar Garryýewa, etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, TDP-niň işjeň agzasy Keýik Welsähedowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda, ilki bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet ähmiýetli möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde öňde durýan wezipeleriň oňyn çözgütleriniň kabul edilendigini belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ylymly-bilimli ýaşlary ýetişdirmek, olaryň döredijilikli, oýlap tapyş başlangyçlaryny goldamak babatda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” esasynda bolsa, bilim işini halkara ölçeglere laýyk kämilleşdirmäge badalga berilýändigi barada gürrüň etdiler.

Wagyz-nesihat işleri işjeňlige eýe

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady barha pugtalanýar, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalary kabul edilýär. Şonuň bilen baglylykda, ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak, kanunçylygy düşündirmek maksady bilen Kaka etrabynyň prokuraturasy tarapyndan etrabyň edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şu günlerinde hem ilatyň arasynda geçirýän wagyz-nesihat duşuşyklarymyzyň netijeliligini gazanmakda tagallalarymyzy gaýgyrmaýarys. Şeýle duşuşyklarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipelere hem ildeşlerimiziň ünsüni çekýäris. Bilşimiz ýaly, bu maslahatda möhüm meselelere garaldy, onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň ýolunda möhüm ähmiýeti çözgütler kabul edildi. Bu çözgütler halkymyzy täze belent maksatlara ruhlandyrýar.

Bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoly

Garaşsyz Watanymyzyň her bir güni taryhy wakalara utgaşýar. Ak mermerli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenmegi we naýbaşy toýumyzyň şanyna ýatda galyjy çäreleriň guralmagy ildeşlerimizde buýsançly duýgulary döretdi. Toý günlerinde döwletimiziň we halkyň öňünde uly abraýa eýe bolan, köpýyllyk ak ýürekli zähmeti üçin hormata mynasyp bolan ildeşlerimiziň uly toparynyň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy, hormatly atlara mynasyp bolmagy şatlykly pursatlaryň üstüni ýetirdi. Watanymyzyň durmuşyndaky şatlykly wakalar ýurt abadançylygynyň, il agzybirliginiň dabaralanmasydyr. Şeýle bagtyýarlyga her birimiz guwanmaga, buýsanmaga haklydyrys. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisindäki çykyşynda belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz — bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris. Agzybirlikde we bitewülikde ýurdumyzy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýoluny ynamly dowam etdireris.

Ýaşulular — paýhas mekdebi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Ýaşuly nesliň gatnaşmagynda bolan duşuşykda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, oňa gatnaşýan ýaşululary halkara derejesinde giňden bellenilýän ajaýyp sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, olara iň oňat arzuwlaryny beýan etdiler. Duşuşygyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýaşuly nesliň wekilleri hakda edýän bimöçber aladalary dogrusynda aýratyn durlup geçildi hem-de munuň üçin ýürekden çykýan hoşallyk sözleri beýan edildi. Duşuşygyň ahyrynda ýaşuly nesliň wekillerine etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Bäherden etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda “Halk Maslahaty — döwletlilik ýörelgesi” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirilip, oňa bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeler, umumymilli forumyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti dogrusynda çykyşlar diňlendi. Bellenilişi ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna şöhratly sahypa bolup girjek döwletli maslahatda garalan meseleler, kabul edilen çözgütler Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da gülledip ösdürmekde, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Aýdym-sazly dabara

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrap merkezindäki «Gökdepe» toý mekanynda «Ýaşuly nesil türkmen ýaşlary üçin mekdepdir» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Ýaşuly nesliň wekilleriniň we ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen aýdym-sazly dabarada baýramçylyk gutlaglary aýdylyp, ýurdumyzda dili senaly ýaşululara, mährem enelere goýulýan çäksiz sarpa, ýaşulularyň jemgyýetdäki orny dogrusynda gürrüň edildi. Dabarany etrabyň medeniýet merkeziniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary bezedi. Joşgunly aýdym-sazlarda, milli öwüşginli halk döredijilik çykyşlarynda aramyzda mekdep bolup ýaşaýan ýaşululardyr mährem eneleriň waspy belentden ýetirildi.