Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy
Tejen etrabyndaky 41-nji orta mekdepde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäginde geçirilen duşuşyk “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi hem-de etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesi tarapyndan guraldy. Mekdep okuwçylarynyň arasynda bolan duşuşygyň esasy maksady ýaşlaryň ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegini gazanmakdan we bu ugurdaky düşünjesini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Duşuşykda etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wekilleriniň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar ýörite şertli belgileri görkezip, okuwçy ýaşlara ýoluň pyýadalara niýetlenen ýerinden geçmegiň düzgün-kadalaryny düşündirdiler. Gymmatly öwüt-ündewler ýaşlarda uly täsirleri döretdi.