Peder ýoly dowamat-dowam
Gahryman Arkadagymyzyň açan röwşen ýoly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasady bilen geljege uzaýar. «Ýoly ýörän ýeňer». Ata-babalarymyzyň döreden çuň manyly nakylyndaky «ýol» düşünjesine biz bu ýerde arzuw-maksatlara alyp gidýän ýol, ýagny ýörelge hökmünde garaýarys. Öňe gitmek üçin, ozaly bilen, ýoluňy dogry saýlamaly. Onsoň bu ýoluň ýagtysyny artdyrmaly. Onuň hümmetine hümmet, hikmetine hikmet goşmaly... Görnüşi ýaly, milletiň döwletlilik ýoluny geljege alyp gitmek ýeňil iş däl. Bu uly yhlasy, berk ynamy talap edýär. Uly paýhasy, uly düşünjäni, är gaýratyny talap edýär. Şeýle yhlas, şeýle ynam, şeýle paýhas, şeýle düşünje, şeýle gaýrat hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzda jemlenipdir. Allatagala bu milleti ýalkapdyr, bu topraga sahawat nazaryny aýlapdyr. Milletiň bagtyna halkyň saýlan perzendi peder ýoluny mynasyp dowam etdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurduň taryhy ösüşleri, halkyň bagtly durmuşy bilen şöhratlanýar. Edil öz Gahryman Arkadagyna belent söýgüsi hem ynamy ýaly, halkymyzyň ýüregi Arkadagly Gahryman Serdaryna belent söýgiden doly. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk senesiniň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň agzybirlige, joşguna, hyjuwa beslenjekdigine doly ynanýarys. Ýeri gelende, Ha