"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Ykdysadyýet ylmynda täze ugur — maglumatlar ykdysadyýeti

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Kiberhowpsuzlyk: maglumatlary ýaýramakdan we kiberhüjümlerden goramak maglumatlar ykdysadyýetiniň iň wajyp jähetleriniň biridir. Howpsuzlyk bozulmalary uly derejedäki ýitgilere, abraýa ýetirilen zeperlere we hukuk bozulmalaryna getirip biler.

Russiýada bahalar üýtgeýär

Russiýada 19 — 25-nji noýabr aralygynda harytlaryň bahasy 0,36 göterim üýtgedi. Ýurtda gymmatlan harytlaryň käbiri şulardan ybarat: mesge (1,1 göterim), günebakar ýagy (0,7 göterim), gaýmak (1,1 göterim), süýt (0,9 göterim), peýnir (0,7 göterim). Döwletde arzanlan harytlar hem bar: çaga arlyklary (0,1 göterim), smartfonlar (0,2 göterim), telewizorlar (0,1 göterim).

Tygşytlylyk — rysgyň açary

Eýsem siz, heý, tygşytlylygyň bähbidi barada oýlanyp görüpmidiňiz?! Tygşytlylyk, hakykatdanam, bagta, rysga, baýlyga güwä zatlaryň biri. Tygşytly bolmak Hakyň eçilen nygmatlaryny sarpalamak, ezizlemek diýmekdir. Türkmende «Isrip — haram» diýen taglymat derejesine ýeten bir düşünje bar. Şol düşünje parasat, pähim, aýtgy bolup köňüllerde ýaşaýar we häli-şindi zybanlarda gaýtalanýar. Enem: «Isrip etmek öz rysgyňy, nesibäňi kowmak» diýerdi. Bu sözleri aýdanda, enem juda mamla eken. Tygşytlylyk baradaky düşünjäni çaganyň aňyna irki ýaşlaryndan siňdirmeli diýip pikir edýärin. Aýdaly, biz çagamyzyň eline pul berip, dükana ýa-da bazara hojalyga zerur zatlary almaga ugradýarys. Çaga özüne ene-atasynyň bildiren bu ynamyny ödejek bolup çalyşýar. Gaýtargyny dürsje hasaby bilen ejesine getirmäge höwesli bolýar. Şonda biz: «Gaýtarga özüňe bir zat alaý!» ýa-da «Gaýtargysyny nämä ulansaň, ulanaý!» diýip, biagyrylyk etsek, çagada pula we ony sowmaga bolan garjaşyk pikirler döreýär. Pul bilen bagly garaýyşlar onuň aňynda ham-hyýaldyr isleglere berilmek, göwnündäkini amal etmek ýaly oýlaryň döremegine getirip bilýär. Göwünde bolsa isleg asla gutarmaýar. Şonuň üçinem çagalarda, ýaşlarda pula, maliýe serişdelerine bolan islegi terbiýelemek hem özboluşly terbiýe bolup durýar. Çaga dükandan getiren gaýtargysyny ejesine ýa-da kakasyna gaýtaryp berende, ene-atanyň oňa çynlakaý minnetdarlyk bildirmekle

Katar gök ammiagyň önümçiligi boýunça dünýäde iň uly zawod gurar

Kataryň «Qatar Energy» kompaniýasy gök ammiagyň önümçiligi boýunça dünýäde iň uly zawodyň gurluşygyna girişdi. Ýylda 1,2 million tonna ammiak öndürjek zawod arassa energetikany ösdürmekde möhüm ädim bolar diýip, kompaniýanyň saýtyndaky beýanatynda aýdylýar. Zawod El-Wakra munisipalitetindäki Mesaýid senagat sebitinde ýerleşer. Toplumyň düzümine ýylda 1,5 million tonna kuwwatly kömürturşy gazyny nasos arkaly ýygnamak we saklamak üçin blok hem girer. Zawodyň gurluşygy we ulanylyşy «Qatar Fertiliser» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda dökün önümçiligi boýunça desgalary gurmakda «Qatar Energyniň» tejribesini ulanmak bilen durmuşa geçiriler. Ammiak — azot bilen wodorodyň himiki birleşmesi. Gök ammiak tebigy gazdan öndürilýär, önümçilik wagtynda goýberilýän kömürturşy gazy bolsa tutulýar we atmosfera düşmeginiň öňüni almak üçin ýa-ha saklanylýar, ýa-da beýleki önümçilik proseslerinde ulanylýar. Taslama Kataryň pes uglerodly tehnologiýalary ösdürmek strategiýasyny goldaýar. Ýurt dünýäde ululygy boýunça üçünji tebigy gaz gorlaryna eýe. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Katar suwuklandyrylan tebigy gazyň ABŞ-dan soň ikinji uly eksportçysy boldy.

Çar tarapdan habarlar

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Ma­ýa go­ýum maslahaty

Durnukly ulag ulgamy: täze mümkinçilikler, halkara tejribeler (Ösüşleriň ýoly bilen)

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlarynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ulag diplomatiýasyny işjeňleşdirmek babatda hem möhüm işler alnyp barylýar. 26-27-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş ― 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň geçirilmegi munuň nobatdaky aýdyň beýany boldy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä durnukly ulag gününe gabatlanyp geçirilen foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekil gatnaşdy. Myhmanlaryň arasynda «Fly Dubai», «Cargo Lux», «Lufthansa Consulting» ýaly halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň (OSJD) we beýlekileriň wekilleriniň bolmagy forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Sergi bilen ugurdaşlykda guralan halkara maslahatda ulag-logistika ulgamynda gazanylan üstünlikler hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alşyldy. Biz hem halkara sergä gatnaşan käbir kompaniýalaryň taslamalary, hödürleýän hyzmatlary, geljekki iş meýilnamalary bilen ýakyndan tanyşdyk.

“SmartLog” Türkmenistandan ýükleri daşamak üçin konteýnerler toplumyny hödürleýär

“SmartLog” kompaniýasy Türkmenistandan goňşu ýurtlara, şol sanda Eýrana tiz konteýner otlululy düzümde daşaljak konteýner toplumyny döretmegi teklip edýär. Bu barada kompaniýanyň Buýurmalary ýerine ýetirmek merkeziniň direktory Ýuriý Suharkow “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” atly maslahatda belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Bu başlangyç ýükleri daşamagy çaltlandyrmaga, logistika işini ýeňilleşdirmäge we hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda söwda dolanyşygy $1,3 milliarda ýetdi

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky söwda dolanyşygy 5,9 göterim ýokarlanyp, 1,3 milliard dollara ýetdi. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Alhaý Al-Hameli BAE-niň Milli gününiň 53 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaranyň dowamynda mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi çarşenbe güni habar berdi. Ilçiniň bellemegine görä, BAE eýýäm gerimi boýunça Türkmenistanyň dördünji esasy hyzmatdaş ýurdy bolup durýar. Döwletler ýakyn ýyllarda özara söwda dolanyşygyny has-da artdyrmagy, häzirki görkezijini iki esse ýokarlandyrmagy meýilleşdirýärler.

Goşmaça mümkinçilikler netijeli peýdalanylýar

Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu kärhanalar şu ýylyň geçen 10 aýynda tutuş konsern boýunça 198 müň tonna golaý «gara altynyň» hem-de 42 million kub metre barabar mawy ýangyjyň goşmaça çykarylmagyny üpjün etdiler. Abatlaýjylaryň bu döwürde goşmaça alan nebitiniň has köp bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Abatlaýjylaryň irginsiz tagallalary netijesinde, hasabat döwründe tutuş trest boýunça jemi 447 guýy düýpli abatlanylyp, olaryň 341-sine derek 396-sy gaýtadan hatara goşuldy. Trest boýunça goşmaça nebit almak baradaky meýilnamanyň 121,4 göterim, tebigy gaz babatda bolsa 296,5 göterim berjaý edilmegi öwgä mynasypdyr. Bu üstünlige «Gamyşlyja» we «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň zähmet toparlary has-da saldamly goşant goşmagy başardylar. Geçen hasabat döwründe trest boýunça gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan nebitiň umumy möçberiniň 82 müň 587 tonnadan gowragy «Goturdepe», 63,6 müň tonna golaýy «Barsagelmez» we 52 müň tonna barabary bolsa «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň hünärmenleriniň paýyna düşýär. «Türkmennebit» döwlet konserni Diýarymyzyň ýangyç-energetika ulgamynda iň iri önümçilik-hojalyk düzümi bolup, soňky ýyllarda nebit-gazly ýataklary tapmakda we olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda tutumly işleri durmuşa geçirmek bilen birlikde,

Durnukly ulag ulgamy — ösüşiň möhüm ugry

Bilermenler Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde  ulag ulgamynyň ähmiýetini yzygiderli nygtaýarlar.  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 26-27-nji noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat we sergi hem Milli Liderimiziň paýhasyndan gözbaş alýan ulag diplomatiýasynyň ählumumy ähmiýetini dabaralandyrdy. Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen halkara forumda BMG-niň meýdançasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahatynyň geçirilip, onda ählumumy derejede durnukly ulag ulgamyny ösdürmek babatda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak we özara tejribe alyşmak bilen bagly möhüm meseleleriň maslahatlaşylmagy hem onuň aýdyň beýany boldy.

Ösüşli ýollaryň ýalkymy

Öňňin paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat we sergi açyldy. Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanyp geçirilen halkara derejedäki bu giň möçberli çärede ata Watanymyzyň ulag we logistika pudagynyň soňky gazananlary tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokary görkezijisine öwrülen, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň bu sergidäki pawilýony köpleriň ünsüni çekdi. Bu sergide «akylly» şähere wekilçilik edýän Arkadag şäheriniň häkimliginiň maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölüminiň baş hünärmeni Çerkez Annaýewiň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Kiberhowpsuzlyk — ygtybarly goraglylyk

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, internet ulgamynyň elýeterliligini gazanmak, sanly ykdysadyýeti yzygiderli ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Ylmyň-tehnikanyň okgunly ösüşlere tarap ýol alýan ajaýyp zamanamyzda durmuşymyzy has-da özgerdýän sanly ulgamyň täsiri ýylsaýyn artýar. Sanly ulgam diňe bir önümçiligi dolandyrmakda, ulgamlaýyn hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda ähmiýetli bolman, eýsem, internet ulgamynyň hyzmatlarynyň barha kämilleşýän döwründe her bir raýatyň ulgamdan peýdalanyp, maglumatlaryň elýeterliligini gazanmagy, işiniň ýeňilleşdirilmegi üçin hem zerurdyr. Şu bilen baglanyşyklylykda kiber giňişlikde elektron maglumatlaryň howpsuz we ygtybarly dolandyrylmagy, kibergoraglylygyň gazanylmagy we üpjün edilmegi möhüm wezipe bolup durýar.

Kuwwatly ykdysady gadamlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýeti uly ösüşlere beslenýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetinde nebitgaz pudagy esasy orun tutýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ykdysady ösüşimize oňyn täsir eder. Şol gaz geçirijisi türkmen tebigy gazyny täze bazarlara ýetirmekde möhüm taslamadyr. Bu taslama halkara hyzmatdaşlygyň we ykdysady gatnaşyklaryň pugtalanmagyna şert döredýär. Ykdysadyýet jemgyýetiň ösüşi üçin möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Durnukly ösüş hem-de täze tehnologiýalar häzirki döwrüň talaplaryna we mümkinçiliklerine laýyklykda, ykdysadyýetiň üstünlikli işlemegine ýol açýar. Bu ulgam diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, syýasy taýdan hem möhüm özgerişlere badalga berýär. Döwrebap innowasiýalar arkaly Türkmenistanda ykdysadyýetiň ösdürilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistan daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary giňeltmek üçin birnäçe maksatnamalary we gepleşikleri, duşuşyklary geçirýär, dürli halkara guramalar bilen, şol sanda Aziýanyň ösüş banky, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ylmyň we bilimiň, ýokary tehnologiýalaryň ösen häzirki döwründe ýurduň mundan beýläkki ösüşini, bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek wezipesi hem köp babatda ykdysadyý

Köptaraplaýyn ösüşiň görkezijisi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine, birža hyzmatlarynyň görnüşleriniň artdyrylmagyna, hiliniň ýokarlandyrylmagyna, bank ulgamyna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler amala aşyrylýar. Manadyň durnukly ykdysady ösüşe täsiriniň ýokarlanmagynda karz gatnaşyklarynyň talaba laýyk ýola goýulmagyna we onuň yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn orun degişlidir. Çünki puluň esasy bölegi nagt däl karz görnüşinde hereket etmek bilen, önümçiligiň netijeliligine we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna gönüden-göni täsir edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýulýan karz pullaryň möçberi yzygiderli artýar, möhleti uzaldylýar. Bu öz nobatynda ykdysadyýetiň pudaklarynyň kadaly ösüşini üpjün etmek bilen, sebitleriň sazlaşykly ösüşine oňaýly täsir edýär. Karz gatnaşyklarynda esasy ýörelgeleriň berjaý edilmegi we karz pullaryň maksadalaýyk, ýokary netijeli ulanylmagy manadyň hümmetiniň bellenilen derejede saklanylmagyna ýardam edýär. Karz derejesini kesgitleýän abraýly agentlikler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak daşary ýurtlardan çekilýän maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagyna, karz beriş şertleriniň ýönekeýleşdirilmegine hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň has-da ösdürilmegine ýardam berýär. «Fitch Ratings» halkara agentligi tarapyndan

Durnukly ösüşiň ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda ýurdumyzda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahatyň hem-de serginiň geçirilmegi halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek maksatlaryndan ugur alýar. Maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda, ýokary derejeli plenar mejlisi geçirmek, birnäçe sessiýalarda dürli meselelere seretmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiz ýakynda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha berkidýändigini, ýurduň ulag-kommunikasiýa pudagynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilýändigini belläp geçdi.

Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $7 milliarddan geçdi

2024-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 7 milliard 188 million 41 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär. 2024-nji ýylyň diňe awgust aýynda iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 956 million 33 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

TULM Etrek stansiýasynyň üsti bilen multimodal gatnawlary ýerine ýetirýär

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň stansiýalaryndan gelýän dürli import ýükleri Etrek demir ýol stansiýasynyň çäginde kabul edýär. Bu ýükler multimodal görnüşde ýurduň dürli şäherlerine ugratylýar we telekeçilere öz wagtynda, ýokary hilde gowşurulýar.

Ösüşe we abadançylyga uzaýan ýollar

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda her ýylyň 26-njy noýabrynda Bütindünýä durnukly ulag güni bellenilýär. Şu mynasybetli, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda BMG bilen bilelikde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahatyny, «Hemmeler üçin howpsuz ýollar» atly çäräni guramak göz öňünde tutuldy. 26-27-nji noýabrda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat hem-de sergi geçirilýär. Bu çäreler Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha berkidýändigine, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigine, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde ýurdumyz ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär. Bitaraplyk hukuk derejesine eýerip, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýan Türkmenistan halkara ulag düzümine işjeň goşulyşýar. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan ýurdumyzyň yzygiderli kämilleşdirilýän multimodal ulag düzümi sebitara ulag-logistika merkezi hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň çäginde halkara ähmiýetli demir, awtomobil, deňiz we derýa, howa ýollary boýunça döwr

Gazçylaryň goşa baýrama sowgady

«Türkmengazburawlaýyş» müdirligi 2024-nji ýylda 1. «Galkynyş» gaz känindäki 259-njy ulanyş gaz guýusyndan senagat ähmiýetli gaz akymyny aldy. Guýy her gije-gündizde 2 million kub metrden köpräk gaz berýär.

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda nebitgaz senagatynyň geljegi uludyr

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň energetika boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Energetika müdirliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde iki dostlukly döwletiň arasynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýola goýlan nebitgaz senagatyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmeklige gönükdirilen wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan daşary ýurtlar bilen deňhukukly, özara bähbitli, hoşniýetli gatnaşyklary netijeli ösdürýär. Şunda HHR bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejede alnyp barylmagy aýratyn bellärliklidir. Hytaý Halk Respublikasy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldaýar, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, içeri hem-de daşary syýasatyna hormat goýýar.