"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Baýramçylyga zähmet üstünlikleri bilen

Ülkämizde azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşandyny goşýan döwrebap kärhanalaryň biri Türkmenabadyň galla önümleri kärhanasydyr. Önümçiligiň sazlaşykly ýola goýulmagynda gallaçy kärendeçilerimiziň yhlasly zähmetiniň netijesinde kemala getirilen guşgursak ak bugdaý çig mal bolup hyzmat edýär. Bu ýerde birinji we ýokary hilli unlar, bugdaý ýarmasy hem-de kepegi öndürilýär. Şu günler önümçiligiň ösüş depgini has-da ýokarlandyrylyp, kärhananyň agzybir zähmetkeşleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda berkarar Watanymyzda uludan belleniljek şanly senäni — hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny mynasyp zähmet ýeňişleri bilen garşylamagy baş maksat edinýärler.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» 7 bölümi öz içine alyp, olarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulgamy, konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary kesgitlenendir. Konsepsiýany üç tapgyrda durmuşa geçirmek niýetlenen.Ýagny birinji tapgyryň dowamynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edaralary kesgitlemek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly wezipeleri amala aşyrmak boýunça pudagara topary döretmek, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň we ony amala aşyrmagyň çäreleriniň meýilnamasyny tassyklamak, ikinji tapgyrda ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem maglumat üpjünçilik ulgamyny ösdürmek, üçünji tapgyrda bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň we usullaryň kämilleşdirilmegini we ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek, ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde gazanylan oňyn tejribeleriň esasynda has netijeli taslamalaryň ornaşdyrylmagyny giňden ýaýbaňlandyrmak bilen bagly wezipeler öňe sürülýär.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Energetikanyň ösüşli ýollary Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen energetikasynyň ösüş-özgerişli menzilleri ýeňişlere beslenýär. Milli ykdysadyýetimizde iňňän möhüm orny eýeleýän elektroenergetika pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler gowy netijesini hem berýär. Ýurdumyzda öňdebaryjy kämil tehnologiýaly döwrebap elektrik stansiýalarynyň gurluşygy giň gerime eýe boldy. Täze tehnologiýaly elektrik stansiýalarynyň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. Bu bolsa arassa energiýa çeşmesi bolan elektrik energiýasyna barha ösýän islegi doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berdi. Garaşsyz döwletimiziň bu energiýa çeşmesini daşary ýurtlara eksport etmek mümkinçiligini ýokarlandyrdy.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Ajaýyp zamananyň ösüşli menzilleri Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýeti ösüşiň täze belentliklerine göterilýär, senagat taýdan ösen, ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde Ýer ýüzündäki abraýy barha artýar. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugry bolan nebitgaz pudagy hem toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýar. Täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek, ýangyç çig mal serişdelerini çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, topluma sanly ulgamy ornaşdyrmak, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak babatdaky wezipeler üstünlikli berjaý edilýär.

Gury ýük gämileri gurulýar

Ajaýyp zamananyň ösüşli menzilleri «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde halkara talaplara laýyk gelýän täze gury ýük gämileriniň ikisiniň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Gämi gurluşygynda 300-den gowrak adamyň işledilmegi göz öňünde tutulyp, olar bilen Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan gämi böleklerini işläp taýýarlamak we gurluşygy meýilleşdirmek, gabara gurluşy we kebşirlemek, turba işleri, mehaniki we elektrik işleri, hil gözegçiligi we degişli beýleki işleriň görnüşleri boýunça ýöriteleşdirilen okuw sapaklary we türgenleşikler geçirildi. Bu möhüm taslamany amala aşyrmaklyga gatnaşýanlaryň 90 göterimden gowragy ýerli hünärmenlerdir. Gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan, her biriniň ýük göterijilik kuwwaty 6100 tonna bolan gury ýük gämileriniň uzynlygy 123 metr, ini 16,5 metr bolup, olar geljekde gojaman Hazar deňziniň suw giňişliklerinde ýükleriň dürli görnüşlerini daşarlar.

Ykdysady ösüşiň baş şerti

Ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda gazanýan giň gerimli üstünlikleri dünýäniň ösen tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeleri bilen berk baglydyr. Sanly tehnologiýalaryň ähli ulgamlara dowamly ornaşdyrylmagy, olaryň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýadynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegi Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünliklere ýetmegiň gözbaşy bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda üstünliklere beslenýän düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyryp, degişli durmuş-ykdysady düzümleriň kemala gelmegini üpjün edýär. Ykdysadyýetiň pudaklarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny, öňdebaryjy usullaryň, sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny baş maksat edinýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli dowam etdirilmegi guwançlydyr. Munuň özi ähli pudaklarda sanly ulgamyň işjeň ornuny artdyrmaga, ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän tehnologiýalary ornaşdyrmaga, daşky gurşawy goramakda bildirilýän halkara kadalara berk eýermäge oňyn itergi berýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň tehnologiýalar binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, sanly ulgama, innowasion işläp taýýarlamalara geçmekde düýpli öňegidişlikleriň gazanylmagy ýurdumyzda gurulýan häzirki zaman

Ýanwar-oktýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $947,7 milliondan geçdi

2024-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygynyň möçberi 947,7 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda maglumat berildi. Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 848.5 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 99,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Logistika we eltip bermegiň çylşyrymly ugurlary

Häzirki zaman dünýäde kärhanalar harytlary yklymlar boýunça müşderilere ýetirmek üçin netijeli logistika we proseslere bil baglaýarlar. Bu makala iş zerurlyklaryňyza habarly karar bermäge kömek etmek üçin logistika we eltip bermegiň esasy taraplary barada maglumat bermäge gönükdirilendir. Harytlaryňyzyň syýahaty: dogry ulag görnüşini saýlamak

Türkmenistanda täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly gurlar

“Ojar Aziýa” hususy kärhanasynyň binasynda türkmen firmasy bilen Hytaýyň “China-Turkmenistan Cultural Center” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi. Bu ylalaşyk Sarahs-Mary-Serhetabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir. Bu barada Habarlar portaly habar berýär. Bu resminama awtomobil ýolunyň gurluşygyna tehniki we maliýe taýdan goldaw bermek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen gol çekildi. Ähtnama ýokary tizlikli awtobanlaryň gurluşygynda zerur bolan ýokary tehnologiýa ulgamlary babatda ylmy-tehniki hem-de maliýe hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Alaşankou gury ýer porty ýük geçirmekde rekord netije gazandy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarysynda ýerleşýän Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň Alaşankou iri gury ýer portunda 23 noýabrda şu ýylyň dowamynda geçirilen ýük dolanyşygynyň bir million tonna ýetendigi resmi bellige alyndy. Bu barada inbusiness.kz saýty Hytaýyň Merkezi telewideniýesine (CCTV+) salgylanmak bilen, habar berýär. Alaşankou port birinji gezek bir million tonnadan ýokary ýükleri işläp geçmegiň ýyllyk dolanyşygyny gazandy.

Ýurdumyzyň beýik ösüşleri

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz beýik ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, abadan ýaşaýşyna gönükdirilendir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen beýik işler ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün edýär. Durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň baş ýörelgesi bolup durýar. Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň baş maksady uzak möhletli ösüşi üpjün etmekden, döwrebap mümkinçilikleri döretmekden, sanly ulgamy ösdürmekden ybaratdyr. Şonuň üçin bu ugur öňdebaryjy ylmy taglymatlary we innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzyň ykdysady serişdeleriniň, tebigy baýlyklarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakdyr. Maliýe ulgamynyň işini kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak arkaly durnukly ykdysady ösüşi gazanyp bolýar. Şunda ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga giň mümkinçilikler döreýär.

Aşgabatda “Iran Agrofood” atly ýöriteleşdirilen sergi we işewürlik maslahaty geçiriler

2024-nji ýylyň 16–18-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde “Iran Agrofood” atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergi we işewürlik maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär. Sergide oba hojalyk tehnikalarynyň, ekinleriň kämilleşdirilen tohumlarynyň, dökünleriň, himiki serişdeleriň hem-de azyk önümleri gaplamagyň tehnologiýalarynyň tanyşdyrylmagyna garaşylýar.

Ynama ygrarlylygyň görkezijisi

Iň soňky täzeliklerden we wakalardan habarly bolmak ähli döwürlerde söwda-ykdysady işjeňlikde üstünlik gazanmagyň esasy şertleriniň biri hasaplanypdyr. Halk ertekilerinde, tymsallarda parasatly adamlar bilen geňeşip, ummasyz mal-mülküň eýesi bolýan tüçjarlaryň, häzirki döwürde ygtybarly taslamalara maýa goýup, dünýäniň iň baý adamlarynyň hataryna goşulan işewürleriň mysalynda bu hakykat aýdyň görünýär. Pul serişdelerini ygtybarly we girdejili taslamalara ýatyryp, peýda görmek bu gün maýa goýujylaryň esasy aladasy. Şeýle taslamalary ýüze çykarmak, olaryň ýakyn we uzak geljekdäki mümkinçiliklerine baha bermek bolsa halkara maliýe institutlarynyň wezipesidir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklary bilen baglanyşykly geçirilýän halkara forumlara onlarça döwletlerden ýüzlerçe işewürleriňdir bilermenleriň gatnaşýandygyna şaýat bolýarys. Munuň özi Türkmenistanyň okgunly ösüş bilen häsiýetlendirilýän ykdysady görkezijileriniň, ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalaryň dünýäde uly gyzyklanma döredýändigini tassyklaýar. Iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýän maýa goýumlary çekmekde abraýly halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti örän uludyr. Çünki halkara maliýe institutlary ykdysady görkezijileri we olara täsirini ýetirýän şertleri seljermek arkaly diňe bir iri kompaniýalaryň däl, eýsem, tutuş döwletleriň ykdysady mümkin

Türkmenistanyň Raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy işläp taýýarlanyldy

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde milli awiasiýa pudagynda awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň halkara şertnamalaryna, Türkmenistanyň Howa kodeksine we Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda, “Türkmenistanyň Raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmen wekiliýeti Parižde geçirilen Halkara sergiler býurosynyň Baş assambleýasynyň 175-nji mejlisine gatnaşdy

26-njy noýabrda türkmen wekiliýeti Parižde geçirilen Halkara sergiler býurosynyň Baş assambleýasynyň 175-nji mejlisine gatnaşdy. Bu çärä türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan wekiller gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň agza bolup durýan Halkara sergiler býurosynyň dolandyryş we býujet, düzgünler, maglumat we aragatnaşyk hem-de ýerine ýetiriji komitetleriniň agzalary baradaky hasabatlar diňlenildi we ol hasabatlar tassyklanyldy. Şeýle hem ýetip gelýän halkara sergilere taýýarlyk işleriniň gidişi barada habarlar diňlenildi. Soňra Ýaponiýanyň wekiliýetiniň Osakada geçiriljek «EKSPO 2025» sergisine taýýarlyk işleriniň barşy hakynda beren maglumatlary diňlenildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen yşyklandyryjy kerosini, tehniki kükürdi, portlandsementi, az kükürtli ýakyş mazudyny, suwuklandyrylan gazy, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri we halylar satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 47 million 469 müň 400 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Mahabatyň esasy wezipeleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Tranzit mahabatyna — göterijileri ulag serişdeleriniň gapdal tarapynda, garaşylýan zallarda, ýolagçylaryň otlulara münüp-düşýän perronalarynda, duralgalarda we ş.m. bolan daşky mahabatyň görnüşi, muňa göterijileri ulag serişdeleriniň salonyndaky — ulag içindäki mahabat hem, şeýle-de ulagdaky radiomahabat hem degişlidir;

Oýlanyşykly syýasat — milli ykdysady ösüşleriň esasy

XXI asyryň innowasiýalaryň asyry diýilmegi tötänleýin däl. Çünki bu döwür ilerledikçe, ynsanyýet täze açyşlaryň, görlüp-eşidilmedik innowasion ösüşleriň şaýady bolýar. Bu bolsa belli bir babatda «innowasiýalar asyry» diýen adalganyň jüpüne düşen ýaňzytmadygyna kepil geçýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň ykdysadyýetine nazar salanymyzda, iň öňdebaryjy özgerişlikleri bilen öňe saýlanýan sebitleriň ösüşiniň binýadynda goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli oýlanyşykly syýasatynyň, galyberse-de, sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýandygynyň, emeli aňyň hem-de tehnologiýalaryň iň soňky gazanlaryna esaslanýandygyna göz ýetirmek kyn däl.

Marketingiň esaslary

Marketingiň esasy wezipeleriniň biri-de bazary öwrenmek, täze önümleri ýerlemegi meýilleşdirmek bolup durýar. Olar dolandyrylmagy we işiň beýleki köp görnüşlerini öz içine alyp, satmak ýa-da mahabat bilen çäklenip, bazaryň öwrenilmegini, meýilleşdirmegi, nyrh emele getirmegi ýa-da karzy öz içine alman hem biler.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: NIDERLANDLAR KOROLLYGY

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Häzirki wagtda Niderlandlarda gerimi boýunça köp sanly başlangyçlar amala aşyrylýar. Şonuň üçin sirkulýar ykdysadyýetiň netijelilik görkezijileriniň aglabasy boýunça iň abraýly reýtinglerde bu ýurt öňdäki orunlary eýeleýär. PBL institutynyň bahalandyrmasynda 420 müň iş ýerinden we 1500 töweregi amala aşyrylýan innowasiýa başlangyçlaryndan ybarat bolan, takmynan, 85 müň görnüş işiň sirkulýar ykdysadyýete goşant goşýandygy aýdylýar. 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, Niderlandlarda adam başyna düşýän galyndylaryň döremeginiň we ýerli galyndylary gaýtadan işlemegiň derejesiniň gowulaşandygy, sirkulýar ykdysadyýetiň koeffisiýentiniň ýokarlanandygy bellenilýär. Materiallary peýdalanmagyň dolanyşyklylyk derejesi aýratyn täsir galdyrýar, ýagny bu ýurt 30 göterim umumy görkezijileri bilen birinji ýerde durýar. Niderlandlarda öndürijiniň giňeldilen jogapkärçiligi ykdysadyýetiň bäş pudagyny öz içine alýar. Şeýle üstünligiň gazanylmagy birnäçe faktorlaryň täsirli utgaşmasynda mümkin bolýar: