"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Nebitgazly Watanym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni mähriban Arkadagymyzyň Türkmen döwletini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça täzeçil oňyn başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine ynamly şaýatlyk edýän, ýatda galyjy ajaýyp wakalara beslenýär. Eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi hem-de mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak mähriban Arkadagymyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň wajyp ugrudyr. Uglewodorod mal serişdeleriniň ägirt baý gorlaryna eýe bolan döwletimiziň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumy öňdäki orny eýeleýär. Ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň işjeň ulanylmagy pudagyň innowasion taýdan ösüşini üpjün edýär, Diýarymyzyň dünýä derejesindäki energetika döwleti hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Halkara bileleşiginiň tagallalary üçünji müňýyllygyň şol maksadyna ýetmäge hem-de BMG-niň kabul eden «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Ösüş babatda gün tertibine» laýyklykda ýetmäge gönükdirilendir.

Dünýä dynçlyk paýlaýan baýlyk

Biribaryň nazary düşen keremli türkmen topragy uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýedir. Garaşsyzlyk ýyllarynda nebitdir tebigy gazyň täze ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek, çig mallary gazyp almak, gaýtadan işlemek we sarp edijilere ugratmak meselelerinde düýpli ilerlemeler bolup geçdi. Bu işler häzirki wagtda hem depginli dowam edýär. Şeýle oňyn özgerişlikleriň gözbaşynda bolsa Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna deňleşdirmegi maksat edinýän hormatly Prezidentimiz durýar. Özi-de bahasyz baýlyklarymyz ýer ýüzünde parahatçylygy, dünýäde dynçlygy berkarar etmegiň hyzmatynda goýulýar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine giňden daýanmak bilen, sebitde parahatçylygy pugtalandyrmaga, ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen dünýä nusgalyk syýasaty belent abraý bilen ýöredýär. Beýik maksatlara ýetmegiň hatyrasyna ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar täze derejelere çykarylýar. Şonda, ýokarda belleýşimiz ýaly, ýangyç-energetika pudagyndaky barha giňelýän hyzmatdaşlyklar ählumumy parahatçylygy berkarar etmäge uly ýardam berýär. Bu babatda Hytaý Halk Respublikasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Üstünlikli ýola goýlan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çäginde Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi arkaly türkmen tebigy gazy alysdaky ýurda üznüksiz akdyrylýar

Belent sepgitleri nazarlaýan pudak

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge, bu babatda ýurdumyzyň köptaraply mümkinçiliklerini doly peýdalanmaga şertleri üpjün edýär. Düýp özeninde ýurdumyzyň ilatynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan has-da ýokarlandyrmak ýaly asylly maksatlar jemlenen bu özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmeginde hususy pudagyň goşýan saldamly goşandy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sebäbi Arkadag Prezidentimiz berkarar Diýarymyzyň ykdysadyýetini köpugurly hem-de toplumlaýyn ösdürmekde, ähli pudaklaryň we sebitleriň sazlaşykly ösüşini gazanmakda, daşarky bazarlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri döretmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakda, bäsleşige ukyply önümçiligi kemala getirmekde hususy pudagyň ornuna uly ähmiýet berýär. Hususy işewürleriň bu babatdaky mümkinçilikleriniň işjeň herekete girizilmegi üçin döwlet derejesinde ählitaraplaýyn goldaw-hemaýatlary berip, zerur bolan şertleri döredýär. Gahryman Prezidentimiziň şeýle aladalarynyň, berýän goldaw-hemaýatlarynyň netijesinde, kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary sazlaşykly, netijeli ösdürmek üçin örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe hem-de durmuş şertleri döredilip, uz

Döwrebap ösüşleriň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak, önümçiligi ösdürmek, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge we çykarmaga gönükdirilen täze maglumat tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak, senagat we ylmy-tehniki mümkinçiligi artdyrmak babatda bitirilen işler bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda dünýä sanly ykdysadyýet döwrüne girip barýar. Sanly telekommunikasiýalaryň kömegi bilen emele gelýän bu ykdysadyýet ýagdaýy düýpli üýtgedýär.

Möhüm pudakdaky belent sepgitler

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary we döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan senagat kärhanalarynyň kuwwatyny artdyrmak, öndürilýän senagat we gurluşyk önümleriniň görnüşlerini köpeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde belleýşi ýaly, ýurdumyzda häzirki döwürde umumy şertnama bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan önümçilik we durmuş maksatly iki ýarym müňe golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu gurluşyklar durmuşa geçirilýän taslamalaryň örän giň gerimlidigi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ajaýyp binalar gurulýar, iri ýaşaýyş toplumlary döredilýär. Müňlerçe kilometre uzaýan tizlikli awtomobildir polat ýollary gurlup, halkara ähmiýetli ulag üpjünçilik ulgamlary emele getirilýär. Gurulýan şol desgalarydyr ýollary gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Tebigy baýlyklarymyz — gymmatlygymyz

Türkmenistan Diýarymyz ýerasty we ýerüsti tebigy serişdelere baý ýurtlaryň hataryna girýär. Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen bu baýlyklar halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir. Döwlet her bir raýatyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär» diýip bellenilýär. Şeýle hem Baş Kanunymyzyň 5-nji maddasynda: «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir» diýlip bellenilýär. Munuň özi adamlaryň durmuşy üçin amatly şertleri döretmek bilen bagly bolan, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinde aýdyň şöhlelenýär.

Döwrebap özgertmeler — halkyň bähbidine

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda innowasion tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Şol sanda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça wajyp işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky hem özüniň döwrebap bank hyzmatlary bilen şol alnyp barylýan işlere öz saldamly goşandyny goşup gelýär. Ýaňy-ýakynda bankyň taryhynda örän möhüm waka bolup geçdi, ýagny «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» görkezilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyna öwürmek barada Karara gol çekdi.

Döwür we sanly tehnologiýalar

Häzirki wagtda ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumynyň edaralary tarapyndan hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda gol çeken «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Kararyny durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň çäginde ykdysady toplumyň edaralary tarapyndan pudaklaýyn web-saýtlary döretmek we müşderilere menzilara hyzmatlary hödürlemek, öndürilýän, ýerlenilýän önümlere elektron görnüşde salgyt salmak, tölegleri milli bank kartlarynyň üsti bilen sanly ulgam arkaly geçirmek göz öňünde tutulýar. Pudaklaýyn web-saýtlary döretmek we müşderilere menzilara hyzmatlary hödürlemek meseleleri, esasan, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň ählumumy globallaşmagy şertlerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki zaman ykdysadyýetinde maliýe ulgamy adamyň durmuşynyň ähli taraplaryny gurşap almak bilen, aýgytlaýjy orun eýeleýär. Bu ösen ýurtlarda ilata menzilara hyzmatlary hödürlemek, öndürilýän, ýerlenilýän önümlere elektron görnüşde salgyt salmak, tölegleri milli bank kartlarynyň üsti bilen sanly ulgam arkaly geçirmek süýşürintgileriň esasy böleginiň maýa goýum işlerine çekilmegi bilen alamatlandyrylýar. Häzirki zaman internet tory bu işe iň bir uzak sebitleriň, ýurtlaryň we yklymlaryň ýaşaýjylaryny çekmäge uly mümkinçilik döredýär. Dünýä ykdysadyýeti maliýe ba

Bir gün duza — müň gün salam

Berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy üçin senagatyň köp pudaklarynyň binýady bolup hyzmat edýän tebigy baýlyklarymyzyň ähmiýeti juda uludyr. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki «Guwlyduz» kombinatynda çykarylýan nahar we tehniki duzlar hem ata Watanymyzyň esasy tebigy baýlyklarynyň biridir. Hazar deňziniň demirgazyk ýakasyndaky aýlagyň kenarynda ýerleşýän, ýurduň himiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanasy bolan bu kombinatda gazylyp alynýan duzuň möçberleri sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Tutuş Diýarymyzda bu mukaddes önümiň ähli möçberlerini taýýarlaýan bu kärhanada geçen ýyl gazylyp alnan duz 94,6 müň tonnadan hem geçirilip, meýilnama 102 göterime golaý amal edildi. Şonuň 84,1 müň tonnadan hem gowragy däneli duzlardyr. Gürrüňi edilýän ýylda taýýarlanylan nahar duzunyň möçberi bolsa 20 müň tonna golaýlady.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 27-si baglaşyldy. Gonkongdan, Owganystandan, Özbegistandan gelen işewürler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar hem-de yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem ulag benzinini satyn aldylar.

Goňşy döwlete dostana goldaw

Halkymyz goňşuçylyk gatnaşyklaryna, şeýle gatnaşyklary ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Bu jedelsiz hakykata gulluk edýän eždatlarymyz ajaýyp nakyllaryň we atalar sözleriniň köpsanlysyny döredipdirler. «Goňşy goňşudan görk alar», «Goňşynyň haky — Taňrynyň haky», «Goňşy — goňşynyň bazary», «Goňşy ýykylsa, söýget ber»... Ata-babalarymyz diňe bir duldegşir goňşulary bilen däl, eýsem, ýakyndaky we alysdaky ülkeler bilen hem dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýup, parahatçylykda, asudalykda ýaşaşmagyň nusgalyk ýörelgesini döredipdirler. Şeýle röwşen ýol-ýörelge hormatly Prezidentimiz tarapyndan häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar we barha çuňlaşdyrylýar. Bu babatda goňşy Owganystan döwletine berilýän goldaw-hemaýat hem-de ýola goýlan gatnaşyklar aýratyn orunda durýar. Türkmenistan Owganystana köptaraplaýyn goldaw bermek arkaly bu ýurtda ýagdaýy kadalaşdyrmak ugrunda uly tagallalary edýär. Soňky ýyllarda elektroenergetika ugry boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňelýär. Türkmenistandan indi köp ýyldan bäri goňşy ýurda elektrik energiýasy ýeňillikli şertlerde üznüksiz ugradylýar. Bu möhüm işe welaýatymyzyň elektroenergetika pudagynyň kärhanalarynyň işgärleri hem ýakyndan gatnaşýarlar. Häzirki wagtda Kerkidäki elektrik bekedinden Owganystana 110 kilowoltlyk geçiriji arkaly elektrik energiýasy iberilýär.

Türkmen karbamidine isleg artýar

Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary, baý gorlara daýanýan uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler, şol sanda gymmatly mineral dökünler bilen birlikde, nebit we gazhimiýa pudagynyň önümleri diňe bir içerki zerurlyklara däl, eýsem, dünýä halklarynyň bähbitlerine, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilýär. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesinde 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanyşa girizilen karbamid zawody hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýaponiýaly hem-de türkiýeli hyzmatdaşlar tarapyndan bina edilen kärhananyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belentliklere göterilip, rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsine öwrüldi. Geçen ýyly uly üstünlikler bilen jemlän karbamid kärhanasynda şu günler işler ýokary sazlaşykda alnyp barylýar. Geçen ýyl bu ýerde karbamid öndürmek baradaky meýilnama üstünlikli amal edildi. Taýýarlanylan önümiň ähli möçberiniň diýen ýaly daşarky bazarlara çykarylandygy has-da buýsançly görkezijidir. Işleriň depgini häzirki zaman kärhanasynyň ýakyn wagtda öz taslama kuwwatlylygyna çykaryljakdygyny aňladýar.

Energetika — ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigi, elektrik energiýasynyň bolsa dünýäde iň girdejili pudaklaryň biri bolup durýandygy hemmämize mälimdir. Ýurdumyzda bu geljegi uly ugra gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar we energetika pudagynyň ösüş tapgyrlary täze başlangyçlara itergi bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Bu möhüm resminamalary durmuşa geçirmek, bu ugurda giň möçberli özgertmeleriň netijesinde peýda bolýan täze-täze ýaşaýyş jaýlaryny, senagat kärhanalaryny, halk hojalygynyň sarp edijilerini elektrik hem-de ýylylyk energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmek, artykmaç elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek, şeýle-de degişli hünärmenleri taýýarlamak Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň paýyna düşýän esasy wezipeleriň biridir. Bu wezipeleriň çözülmegine ministrligiň düzümine girýän «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, «Türkmenenergotaslama» institutynyň, «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň goşýan goşandy uludyr. Baý tebigy serişdelere eýe bolan hem-de «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan dünýä hojalyk gatnaşyklaryna ynamly goşulyşyp, milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşini görkezýär. Elektri

Gülläp ösüşiň mekany

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Berkarar döwletimiz gülläp ösüşiň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna, ynsan arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyz ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolmak bilen, energiýa serişdelerini öndüriji ýurt we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Gahryman Arkadagymyz tebigy baýlyklarymyzy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, röwşen geljeginiň bähbidine gönükdirýär. Ykdysadyýetiň netijeli ösüşi innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen berk baglydyr. Ylym, tehnika we tehnologiýalar önümiň hilini we bäsdeşlige ukyply bolmagyny, zähmet öndürijiligini, önümçiligiň umumy netijeliligini ýokarlandyrmaga, zähmet şertlerini gowulandyrmaga ýardam edýär. Bu ugurda, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, pudagyň önümçilik we serişde kuwwatyny berkitmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylmy-barlag işlerini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça köp işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde ýurdumyzda nebiti we gazy düýpli işläp taýýarlamaga ýöriteleşdirilen täze önümçilikler döredilýär. Türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň eksport ugurlary hem giňeldilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan — Owganystan —

Durmuş ugurly maliýe syýasaty

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler halkyň röwşen geljegini, abadan durmuşyny üpjün edýär. Täze, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň täze ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynam eziz halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda uly ykdysady üstünlikleriň gazanylýandygyny aýratyn bellemelidiris. Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna ulgamlaýyn we tapgyrlaýyn geçmek işi daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli, daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsleşmäge ukyply harytlar bilen doldurmak babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek bilen utgaşdyrylýar. Türkmen harytlarynyň içerki we daşarky bazarlarda bäsleşigini pugtalandyrmaga gönükdirilen önümçilikleriň giň ulgamyny kemala getirmek işi tebigy hem-de mineral-çig mal serişdelerini toplumlaýyn ulanmagyň hasabyna Türkmenistanyň eksport kuwwatyny ep-esli ýokarlandyrmaga hem-de mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam eder. Şu babatda kiçi we orta işewürligi, telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça yzygiderli hem-de işjeň durmuşa geçirilýän syýasat oňyn netijeleri berýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşleri

Maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşini ösdürmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenmegi onuň ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşi üçin wajyplygyny görkezýär. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, ugurlary, amala aşyrmagyň tapgyrlary kesgitlenildi.

Aýdyň maksatly beýik işler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly uly ruhubelentlik hem-de zähmet joşguny bilen garşylandy. Ýylyň adynyň çuňňur many-mazmuna eýe bolmagy onuň syýasy jähetden ähmiýetini artdyrýar. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama gabat gelýändigini aýdyň görkezýär. Ýylyň mynasyp atlandyrylmagy öňde duran belent maksatlara ýetmäge uly mümkinçilik berýär. Ykdysady taýdan gülläp ösýän ýurdumyzda belent maksatlar amal edilip, senagatlaşdyrmak işi ýokary depgine eýe bolýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpgöter gowulandyrmak baradaky tagallalar birjik-de ünsden düşmeýär. Ykdysady-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar. Ýylyň ýyldan zyýada gelşi ýaly, bu döwletli ýylda hem döwletli tutumlarymyz uly üstünliklere beslener. Hormatly Prezidentimiz halkymyza iberen Täze ýyl gutlagynda bu barada şeýle belleýär: “Biz dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, yhlasly zähmetimiz bilen 2020-nji ýylda hem ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini gazandyk, il-ýurt bähbitli döwletli işlere badalga berdik. Köp sanly durmuş we önümçilik maksatly binalarydyr desgalary gurup, ulanmaga b

Nagt däl hasaplaşyklar giňeldilýär

«Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda» bank ulgamynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, nagt däl hasaplaşyklary has-da ösdürmekde «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar. Bankymyz tarapyndan müşderilere «Internet-bank», «Mobil-bank» hyzmatlary elýeterli edildi. Bu bank hyzmatlarynyň üsti bilen müşderilere kompýuter ýa-da öýjükli telefonlar arkaly nagt däl tölegleriň birnäçesini — bank karzlarynyň bergilerini we oňa hasaplanylan göterimlerini, aragatnaşyk hyzmatlarynyň, jemagat hyzmatlarynyň töleglerini amala aşyrmaklyga, şeýle-de bank hasaplaryna gelip gowuşýan we bank hasaplaryndan tölenýän tölegleri, hasaplaryndaky galyndylary onlaýn görnüşinde görmäge mümkinçilik döredilýär. Häzirki wagtda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, şol sanda ilatyň erkin pul serişdelerini netijeli ulanmaklary we girdejilerini has-da artdyrmaklary üçin ýurdumyzyň ähli karz edaralarynda, şol sanda «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynda hem «Goýum» bank karty we «Maşgala» bank karty atly hyzmatlar girizildi. Goýumçylaryň sanyny has-da artdyrmak, nagt däl hasaplaşyklary ösdürmäge giň şertleri döretmek maksady bilen, bankymyz tarapyndan «Goýum» bank kartynyň galyndysyna ýyllyk 7 göterim girdeji hasaplanylýar we aýlyk esasda tölenilýär. Bu bir tarapdan müşderileriň er

Ykdysady kuwwat — geljege binýat

Bilşimiz ýaly, ylmyň ösmegi, onuň iň täze gazananlarynyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy sanly ulgamyň sanardan köp mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin şert döredýär. Häzirki wagtda sanly ulgam ýaşaýşymyza şeýle bir ornaşdy welin, durmuşymyzy ol bolmazdan göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Internet arkaly dürli harytlary oturan ýerimizde sargap getirtmek ýa-da dürli söwda işlerini alyp barmak, gündelik neşirler bilen tanyş bolmak, kitaphanadan islän kitabymyzy alyp okamak, ulag menzillerine gitmezden petek almak... bularyň ählisi wagtymyzy tygşytlamak bilen birlikde maddy ýagdaýymyza-da oňaýly täsirini ýetirýär. Her bir adamyň durmuşynda sanardan köp ýeňillikleri döredýän sanly ulgamyň ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagy döwletimiziň ösüşini ýokarlandyrmakda, şonuň bilen baglylykda hem halkyň durmuşynda ençeme ýeňillikleriň döremeginde möhüm ähmiýete eýedir. 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başlanmagy bilen hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrundaky alnyp barylýan işler has-da rowaçlanýar. Şeýle ähmiýetli işleriň hatarynda «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» görkezmek bolar. Üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulan bu resminama ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmakda we şonuň netijesinde ykdysady ösüşiň ýokary görkez

Gurýan döwlet gurpludyr

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly başlandy. Ýylyň şygaryndan, şeýle hem ilkinji günlerden meseleleriň çözgüdine berk ynam bilen çemeleşilip başlanyşyndan hem görnüşi ýaly, ýurdumyzda öňki ösüşlere itergi berjek giň gerimli işler ýene-de täze güýç bilen ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz täze — 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz halkara ähmiýetli taslamalaryň, şol sanda goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegini üpjün etmäge gönükdirilen, şonuň bilen birlikde-de bu ýurda Türkmenistandan ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini köpeltmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy, bu boýunça möhüm tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýan halkara taslamalarynyň möhümdigini we geljeginiň uludygyny aýratyn nygtady. Olaryň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasyna degişli ugurlarda ulanylmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalar, şol sanda welaýatymyzda «Malaý» gaz ýatagyndaky gaz gysyjy desga, Akina — Andhoý demirýol şahasy, Ymamnazar — Akina halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Kerki elektrik bekedinden türkmen-owgan serhedine çenli elektrik geçirijisi, Mary welaýatynda Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy mysal getirildi. Mälim