"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Türkmen wekiliýeti 10-njy Bütindünýä Halal sammitine we «Halal EKSPO 2024» atly sergisine gatnaşdy

27  — 30-njy noýabr aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde 10-njy Bütindünýä Halal sammiti we «Halal EKSPO 2024»  sergi geçirildi. Bu giň möçberli çärä gatnaşan türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy ýolbaşçylyk etdi. Çäräni Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministrligi we Yslam söwda ulgamyny ösdürmek boýunça Merkezi bilelikde gurady. Halal önümleriň we önüm öndürijileriň özboluşly mahabatlandyryş meýdançasy bolan bu çärä, esasan hem, azyk senagaty, azyk harytlary, derman senagaty, dokma senagaty, syýahatçylyk we maliýe ulgamynda hereket edýän kompaniýalar gatnaşdylar.

«ITTC 2024»: hyzmatdaşlygyň netijeli çözgüdi

26-27-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirildi. Halkara forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Indi üçünji gezek geçirilýän bu halkara foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekil gatnaşdy. Şolaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Şeýle-de myhmanlaryň arasynda «Fly Dubai», «Cargo Lux», «Lufthansa Consulting» ýaly halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň (OSJD) we beýlekileriň wekilleri bar.

Dostlary ýakynlaşdyrýan forum

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr ulag ge­çi­ri­ji­li­gi­ni ös­dür­mek, hal­ka­ra ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­myn­da dün­ýä döw­let­le­ri bi­len iki­ta­rap­la­ýyn we köpugur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ran mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry hor­mat­ly Be­lent Serkerdeba­şy­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da üs­tün­lik­li do­wam et­di­ri­lip, ýo­ka­ry de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ýar. Mer­ke­zi Azi­ýa we Ha­zar ýa­ka­sy se­bi­tin­de ulag-lo­gis­ti­ka ugur­la­ry­ny dö­ret­mek we ös­dür­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň bir­nä­çe mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de giň gol­da­wa eýe bol­dy. Mu­nuň özi Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň hä­zir­ki döw­re la­ýyk de­re­je­de tä­ze­den di­kel­dil­me­gi­ne giň ýol aç­ýar.

Halkara töleg ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk

27-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen «Visa» töleg tehnologiýasynyň forumy: Merkezi Aziýada we Türkmenistanda innowasiýalaryň hem-de sanly geçişiň 30 ýyly» atly halkara işewürlik forumy «Visa» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmekde, öňdebaryjy töleg usullaryny durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri ählitaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, «Visa» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada we Türkmenistanda 30 ýyllyk işi — munuň özi bu gün ählumumy maliýe ulgamynda möhüm orny eýeleýän innowasiýalary, sanly özgertmeleri we hyzmatdaşlygy berkitmegiň taryhydyr. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 1994-nji ýylda «Visa International» halkara töleg ulgamynyň agzasy boldy. Bu waka Türkmenistanyň ählumumy maliýe giňişligine goşulyşmagynda täze sahypany açdy. Bu gün, otuz ýyldan soňra biz öz hyzmatdaşlygymyzyň möhüm gazananlaryny buýsanç bilen belleýäris.

Öňdebaryjy tejribeleri özleşdirip

Düýn Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ýokary okuw mekdebiniň guramagynda geçirilen forumyň gün tertibine ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Foruma dünýäniň abraýly bilermenleri, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, Russiýanyň, Belarusuň, Şweýsariýanyň, Awstraliýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Pakistanyň ylym-bilim merkezleriniň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dostluk. Hoşniýetlilik. Ynanyşmak

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, iri halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary häzirki wagtda barha okgunly häsiýete eýe bolýar, hoşniýetlilik, açyklyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul edişlikleri, telefon arkaly söhbetdeşligi aýdyň görkezýär. ■ 25-nji noýabrda döwlet Baştutanymyz hem-de Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi kabul etdiler.

Parahatçylyk we howpsuzlyk — umumadamzat gymmatlygy

27-28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahaty geçirilip, ol Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy tarapyndan bilelikde guraldy. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem foruma ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy Pia Kauma, assambleýanyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, halkara bilermenler, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Daniýanyň, Italiýanyň, Kipriň, Norwegiýanyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Fransiýanyň, Horwatiýanyň, Şwesiýanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň görnükli jemgyýetçilik hem-de syýasy işgärleri, parlamentarileri wekilçilik etdiler. Foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi okgunly ösýän Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň artýandygyny, halkara jemgyýetçiligiň howpsuzlygy, durnuklylygy we ählumumy durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini we ornuny ykrar edýändigini nobatdaky gezek tassyklady.

Türkmen — hytaý: innowasiýalar we täze tehnologiýalar

26-27-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirildi. Foruma iki dostlukly ýurduň alymlary, professorlary, hünärmenleri we beýlekiler gatnaşdy. Foruma gatnaşyjylar 25-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň we Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň barlaghanalarynyň işleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem alymlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilen Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý kiçi komitetiniň II mejlisine gatnaşyp, özara pikir alyşdylar. Mejlisiň ahyrynda türkmen-hytaý tarapy ylmy hyzmatdaşlyk etmek babatda iki Ylalaşyga gol çekdiler.

Parlament diplomatiýasy berkeýär

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ählumumy howpsuzlygy, özara ynanyşmagy, abadançylygy we ynsanperwerligi üpjün etmek maksady bilen, dünýä ýurtlary we halkara hem-de sebitleýin guramalar bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn yzygiderli ösdürýär. Häzirki wagtda ýurdumyz 2014-nji ýyldan bäri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen syýasy, ykdysady, daşky gurşawy goramak hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Durnukly ösüş ugrunda

Gadymyýetde halklary we medeniýetleri baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen türkmen topragy häzirki döwürde-de yklymlary biri-birine baglaýan ulag-üstaşyr merkeze öwrülýär. Ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça döwrebap düzümleri bilen tanalýan ýurdumyzyň mümkinçilikleri halkara giňişliginde uly gyzyklanma döredýär. 26-27-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly III halkara maslahat we sergi bu hakykaty ýene bir gezek tassyklady. Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekili Aşgabatda jemlän iri halkara forumda ulaglaryň özara baglanyşygyny ýokarlandyrmak, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, durnukly, inklýuziw ulag ulgamlary boýunça netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak, pudaga «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanlylaşdyrmak, ekologik taýdan arassa logistikany goldamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bizem halkara foruma gatnaşyjylaryň käbirleriniň beren gyzykly gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Li SININ,Hytaý Halk Respublikasynyň «CRRC Ziyang» kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary we esasy inženeri:

Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk

Düýn paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary, beýleki halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şu gezekki forumyň esasy maksady howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy yzygiderli ösdürilýär we onuň eksport mümkinçilikleri pugtalandyrylýar, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy hem-de olaryň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy bilen bilelikde ýurdumyzyň bu möhüm pudagynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak babatda birnäçe taslamalar durmuşa geçirildi. Ekologik abadançylyk azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň, Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerin

“Alstom” Aşgabatda şahamçasyny açmaga gyzyklanma bildirýär

“Alstom Transport” halkara kompaniýasy Türkmenistanda şahamçasyny açmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada kompaniýanyň Türkmenistan, Özbegistan, Azerbaýjan we Gruziýa boýunça dolandyryjy direktory Elşan Zeýnalow çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” atly halkara forumda mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Onuň bellemegine görä, Türkmenistanyň okgunly ösüş depgini şahamçany açmak babatda çözgüdiň kabul edilmeginde esasy şert boldy. Täze şahamça kompaniýanyň sebitiň möhüm bazarlarynda ornuny berkitmäge ýardam eder.

Parlament diplomatiýasy: asuda we bitewi geljegi nazarlap

27-28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bilelikde guramagynda «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy, Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Assambleýa agza ýurtlaryň parlament edaralarynyň, halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar. Maslahatyň mejlislerinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, abadan geljegi gurmak üçin ýaşlarda raýdaşlygy kemala getirmek ýaly giň ugurlarda parlamentara hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Maslahata gatnaşyjylaryň bu babatdaky pikir-garaýyşlaryny ýazga geçirip, okyjylara ýetirmegi makul bildik.  

Türkmenistan — halkara zähmet guramasy: durmuş abadançylygynyň bähbidine

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegi zerur hasaplaýaryn. Bu Konsepsiýa iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim bolar diýip pikir edýärin» diýip belledi. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň bu abraýly edarasy bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyz üçin möhüm ähmiýete eýediginiň ýene bir aýdyň mysaly boldy. Şu jähetden ugur alyp, Halkara Zähmet Guramasynyň işi, düzgünleridir ugurlary barada giňişleýin söhbet etmegi makul bildik. Halkara Zähmet Guramasy (HZG) BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi hökmünde zähmet gatnaşyklaryny we durmuş üpjünçilik meselelerini düzgünleşdirýän köptaraplaýyn halkara edaradyr. Ol 1919-njy ýylda Wersal parahatçylyk şertnamasynyň esasynda Milletler Bileleşiginiň ýanynda özbaşdak gurama hökmünde döredildi. Guramanyň Düzgünnamasynyň 2-nji maddasyna laýyklykda, onuň esasy edaralary Halkara Zähmet konferensiýasy, Administratiw geňeş we Sekretariat — Halkara zähmet býurosy

Türk­me­nis­tan — Öz­be­gis­tan: se­bi­ta­ra gat­na­şyk­la­ry pugtalandyryp

20-21-nji no­ýabr­da Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň II se­bi­ta­ra fo­ru­my hem-de öz­bek ha­ryt­la­ry­nyň mil­li ser­gi­si ge­çi­ril­di. Bu çä­re­le­riň açy­lyş da­ba­ra­sy­na ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri, Öz­be­gis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry gat­naş­dy­lar. Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­syn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu ge­zek­ki fo­rum Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň se­bit­le­ri­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň gü­wä­si­dir. Hä­zir­ki wagt­da iki goň­şy ýurt dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na, ta­rap­la­ryň mil­li bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän hyz­mat­daş­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­ýar. Şeý­le hem bi­le­lik­dä­ki giň ge­rim­li tas­la­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi aý­dyl­dy.

Bü­tin­dün­ýä dur­nuk­ly ulag gü­ni hal­ka­ra mas­la­hat we ser­gi bi­len bel­le­nil­di

26-27-nji no­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da «Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri: öza­ra ara­bag­la­ny­şyk we ösüş — 2024» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat we ser­gi guraldy. Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra fo­ru­ma dün­ýä­niň 40-dan gow­rak ýur­dun­dan 600-e go­laý we­kil gat­naş­dy. Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da ugur­daş döw­let we hu­su­sy dü­züm­le­riň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, şol san­da BMG-niň, ÝHHG-niň, Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň, Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri bar. Şeý­le-de myh­man­la­ryň ara­syn­da «Fly Dubai», «Car­go Lux», «Luft­han­sa Con­sul­ting» ýa­ly hal­ka­ra lo­gis­ti­ka we eks­pe­di­tor­çy­lyk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, Hal­ka­ra ho­wa ulag­la­ry as­so­sia­si­ýa­sy­nyň (IATA), Hal­ka­ra gä­mi­çi­lik eda­ra­sy­nyň (ICS), Hal­ka­ra aw­to­mo­bil ulag­la­ry bir­le­şi­gi­niň (IRU), De­mir ýol­la­ryň hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­nyň (OSJD) we beý­le­ki­le­riň we­kil­le­ri bar. Şeý­le hem fo­ru­ma Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Ulag­la­ryň öza­ra bag­la­ny­şy­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, dur­nuk­ly, inkl­ýu­ziw ulag ul­gam­la­ry bo­ýun­ça ne­ti­je­li çöz­güt­le­r

Milli gymmatlyklaryň halkara hukuk esaslary

ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. Onuň maksatlarynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orunda durýar. Ýurdumyz medeni mirasy gorap saklamakda we ony halkara derejesinde wagyz etmekde möhüm üstünlikleri gazandy. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak we dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr. Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilip, nesillere miras galdyrylan milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň alyp barýan hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir. Döwletimiz bu guramanyň agzalygyna 1993-nji ýylda kabul edildi. 1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy.

“Yutong” Türkmenistana ekologiýa taýdan arassa awtobuslary hödürleýär

Hytaýyň öňdebaryjy awtobus öndürijisi “Yutong Bus Co., LTD” kompaniýasy wodorod, elektrik, gibrid modelleri ýaly ekologiýa taýdan arassa ulag serişdeleriň giň görnüşlerini hödürleýär. Bu barada kompaniýanyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça baş direktory Li Haýfen çarşenbe güni Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” atly maslahatda mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. “Yutong” awtobuslary içinden ýanýan hereketlendirijili adaty ulag serişdelerine goşmaça çözgüt bolup, kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň düýpli azaldylmagyna, galmagalyň peseldilmegine we daşky gurşawa ýetirilýän zyýany iň az möçberde azaltmaga şert döredýär.

Logistikanyň geljegi: Serhedi geçmegiň ýeňilligi üçin elektron ulgamlar

Wadim Zaharenko, halkara awtoulag transporty birleşiginiň (IRU) ýolbaşçysy we Ýewraziýa boýunça Baş wekil, ITTC-2024 sergisi we halkara konferensiýasynda çykyş edip, togtamasyz ulag geçelgeleriniň ähmiýetini belledi, şol sanda NDP (harytlaryň dowamly hereketi) ulgamy gümrük işlerini tizleşdirip we ýönekeýleşdirip, işlerini ýeňilleşdirip biljekdigini nygtady. Zaharenkonyň sözlerine görä, öň serhedi geçmek köp çykdaýjyly we çaklanylmaýan bir iş bolupdy, bu bolsa logistika üçin uly päsgelçilik döredýärdi. Emma, ýükler barada elektron öňünden maglumatlary ornaşdyrmak arkaly gümrük edaralary töwekgelçilikleri öňünden barlap bilýärler, bu bolsa ýük gatnadýanlara tizleşdirilen ýagdaýda serhedi geçmeklige mümkinçilik berýär. Bu ýagdaý, bekleýiş wagtyny ep-esli azaldyp, halkara ýük daşama amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Maslahat Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy tarapyndan bilelikde guraldy. Çäräniň esasy maksady sebitleýin dialogy pugtalandyrmakdan, geljek nesilleriň abadançylygynyň bähbidine howpsuzlygy, pugta parahatçylygy üpjün etmek üçin toplumlaýyn çemeleşmeleri öňe sürmekden hem-de ilerletmekden ybaratdyr. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Foruma gatnaşmak üçin ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy Pia Kauma, assambleýanyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, halkara bilermenler, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Daniýanyň, Italiýanyň, Kipriň, Norwegiýanyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Fransiýanyň, Horwatiýanyň, Şwesiýanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň görnükli jemgyýetçilik hem-de syýasy işgärleri, parlamentarileri Aşgabada geldiler. Foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi okgunly ösýän Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň artýandygyny, halkara jemgyýetçiligiň howpsuzlygy, durnuklylygy we ählumumy durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şert