Gyratym — ganatym
Baýramaly şäher häkimliginiň medeniýet öýnüň, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli şäher medeniýet öýünde şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Gyratym — ganatym” ady bilen aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda şäher häkimliginiň bölüm müdiri Nurgeldi Hommadow, TDP-niň şäher komitetiniň başlygy Agamyrat Seýitberdiýew, TAP-nyň şäher komitetiniň başlygy Eneş Orakowa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Baýramgeldi Gaýypow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli gutlap, hormatly Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler. Çäräniň ahyrynda Zelili adyndaky sungat mekdebiniň sergilerine hem-de medeniýet öýüniň aýdymçy, tans toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi.