"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Türkmenabatda türkmen-özbek sebitara forumy geçirildi

Şu gün Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binalar toplumynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi. Forumyň işine iki döwletiň ýokary derejeli wekilleri, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Söwda-senagat edaralarynyň, iki ýurduň käbir welaýatlarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk

20-nji noýabrda Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Özbegistanyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Ynsanperwer ýörelgeler

Ata Watanymyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirip, goňşy ýurtlar, şol sanda, Özbegistan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Häzirki döwürde köptaraplaýyn türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi asyrlaryň synagyndan geçip gelýän dost-doganlyga ýugrulan medeni hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykýandygyna şaýatlyk edýär.

Seulda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda serhetüsti sanly söwda boýunça sebitleýin seminar geçirildi

Seulda CAREC (“Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” maksatnamasy) ýurtlary üçin serhetüsti sanly söwda boýunça sebitleýin seminar geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdy. Çäre inklýuziw ykdysady ösüşe ýardam etmäge we CAREC ýurtlarynyň halkara söwdanyň hereket edýän borçnamalaryna eýermäge taýýarlyklaryny goldamaga gönükdirilen Aziýa ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada müşderilere iň gowy hyzmat etmekde iň gowy gümrük gullugy” atly taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Mysal üçin, Serhetüsti kagyzsyz söwda baradaky Ylalaşyk, Ygtyýarlandyrylan ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasy.

Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk

Türkmenabat, 20-nji noýabr (TDH). Şu gün Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Özbegistanyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Aşgabat – Astrahan – Kazan ugry boýunça uçar gatnawy maslahatlaşyldy

Häzirki hyzmatdaşlygyň gün tertibi Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanowyň  arasyndaky duşuşygynyň esasy mowzugy boldy. Duşuşykda söwda, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda işjeň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň alnyp barylýandygy bellenildi.

Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk

Türkmenabat, 20-nji noýabr (TDH). Şu gün Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Özbegistanyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Brýusseldäki duşuşyk

bilelikdäki tagallalara ygrarlylygy tassyklady Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bu guramanyň ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Bitarap döwletimiziň ýoly — dostluk, doganlyk ýoly

Her bir halkyň bagtyýarlygy raýatlaryň bagtynyň jeminden hasyl bolýar. Sebitiň abadançylygy hem onda ýerleşen her bir döwletiň gülläp ösüşinden kemala gelýär. Bitarap Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna mynasyp goşulyşmagy üçin ulag-kommunikasiýa, logistika taslamalaryny amala aşyrmak boýunça başyny başlan işleri-de şu asylly maksada ýetmäge gönükdirilendir. Pederlerimiziň «Ýodalar ýola elter, ýollar — ile» diýen parasatly sözleri bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen yzygiderli ilerledilýän özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, sebit, dünýä ähmiýetli iri taslamalaryň mysalynda aýdyň açylýar. Şoňa görä, 11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi we gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylyň möhüm wakalarynyň hataryndan aýratyn orun aldy. Mälim bolşy ýaly, dünýä jemgyýetçiligi ýurdumyzyň ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, ykdysadyýetiň pudaklarynda, energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebit we halkara ähmiýetli başlangyçlaryny doly goldaýar. Türkmenistanyň oňyn teklipleri Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalarynda, beýleki möhüm resminamalarda öz

Netijeli gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de Özbegistanda öndürilen harytlaryň sergisiniň çäklerinde işewürlik duşuşyklarynyň birnäçesi geçirildi. Düýn günüň ikinji ýarymynda Türkmenabat şäher häkimliginde geçirilen duşuşykda türkmen tarapyna degişli ministrlikleriň, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleriniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, özbek tarapyna hem degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri wekilçilik etdi. «Tegelek stoluň» başyndaky pikir alyşmalarda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda taraplar öz mümkinçilikleri barada gürrüň berip, özara gatnaşyklary ilerletmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Myhmanlara söz berýäris

Düýn Türkmenabat şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy hem-de özbek harytlarynyň milli sergisi iki ýurduň işewürleri üçin hem täze mümkinçilikleriň meýdançasyna öwrüldi. Biz bu çärelere gatnaşyp, özbegistanly myhmanlaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolduk. Dilşod RASULOW,Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary:

Medeni-ruhy gymmatlyklara daýanyp

Bahodir AHMEDOW,Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministriniň orunbasary: — Özbek hem türkmen halklary owaldan ýakyn dost, gadyrly goňşy, strategik hyzmatdaşlar hökmünde aýdyň maksatlar ugrunda agzybirlikde ýaşaýarlar. Bu bolsa döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň kökleriniň uzak geçmişden gözbaş alýandygyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine daýanýandygyna şaýatlyk edýär.

Görküňize dünýä haýran

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 13 — 15-nji noýabry aralygynda paýtagtymyzda türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyna gatnaşyjy myhmanlar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldiler. Mälim bolşy ýaly, täze taryhy döwürde gözelligiň we kämilligiň nusgasy bolan ahalteke bedewleri ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň, beýik özgertmeleriniň we parahatçylygyň ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň nyşanydyr. Milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy bolan ganatly ahalteke bedewleri gadymy döwürlerden bäri uly meşhurlyga eýe bolup, ol halkymyzyň wepaly dostudyr. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy we bu ýerde idedilýän behişdi bedewler bilen ýakyndan tanşan myhmanlar bular dogrusynda buýsançly söhbet etdiler.

Dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

«Sporta gadymy döwürlerden bäri parahatçylygyň we dostlugyň nyşany hökmünde garan ata-babalarymyzyň asylly ýoluny dowam etdirip, biz sporty dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň ählumumy serişdesi hasaplaýarys» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Gahryman Arkadagymyzyň ähli ugurlarda, şol sanda sport ulgamynda badalga beren beýik işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýär. Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň ýurdy hökmünde ykrar edilen Bitarap Watanymyzda sport halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şol bir wagtda hem sportuň dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň ählumumy serişdesi hökmündäki orny hem barha uly ähmiýete eýe bolýar. Soňky ýyllarda türkmen sportunyň ösüşiň täze basgançaklaryna çykyp, ýurdumyzyň iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigi ýurdumyzyň her bir raýatyny buýsandyrýar. Dürli ýyllarda geçirilen ýaryşlarda milli ýygyndy toparymyzyň agzalarynyň Watanymyzyň sport abraýyny has-da belende götermekleri bolsa aýratyn guwandyryjydyr. Şol ýaryşlaryň ýokary derejede guralmagy netijesinde hem ýurdumyzyň halkara sport abraýy täze belentliklere göterildi. Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilme

Türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ata Watanymyzyň at-abraýy Ýer ýüzünde barha belent derejelere göterilýär. Şunda dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär. Dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk ýörelgelerini, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek işleri döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Öňňin Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Birnäçe günläp dowam edýän bu medeni çäre ýokary ruhubelentlige beslenýär. Munuň özi bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen telekeçileri Pekinde geçiriljek iri awtoulag sergisine çagyrylýar

Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 21–24-nji fewralynda Pekin şäherinde geçiriljek täze energetika ulag serişdeleriniň halkara tehnologiýa sergisine (CINEVE-2025) gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada TSTB şenbe güni habar berdi. Sergä gatnaşmaga isleg bildirýänlere “YASN International” kompaniýasynyň “Going Global Plan” taslamasynyň guraýjylary tarapyndan çakylyklar iberildi. Bu çäre Hytaýyň öňdebaryjy pudaklaýyn birleşikleri bolan Hytaý awtoulag öndürijiler birleşigi (CAAM) we Hytaý inženerçilik maşyngurluşyk birleşigi (CAPE) bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda «Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş» (ITTC-2024) III Halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Bu çäre Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanýar – diýip, ittc-turkmenistan.com saýtynda habar berilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan gurnalýan bu giň möçberli çäre dünýäniň 40 ýurdundan 600-den gowrak wekilleri bir ýere jemlär. Gatnaşyjylaryň arasynda demir ýol we logistika kompaniýalarynyň, howa gatnawlarynyň, ulag enjamlaryny öndürijileriň we döwlet düzgünleşdirijileriň wekilleri bolar.

Türkmenistan bilen “SpaceX” ikinji aragatnaşyk hemrasyny işläp taýýarlamagy meýilleşdirýärler

“SpaceX” kompaniýasy bilen Türkmenistan ikinji aragatnaşyk hemrasyny işläp taýýarlamagy meýilleşdirýärler. Bu barada kompaniýanyň wekili Ýelena Paýşer Aşgabat şäherinde penşenbe güni açylan telearagatnaşyk we teleradioýaýradyş enjamlaryna bagyşlanan “Türkmentel-2024” atly sergide maglumat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň irki wagtdan bäri alnyp barylýandygyna garamazdan, kompaniýa Türkmenistanda geçirilýän bu abraýly sergä ilkinji gezek gatnaşýar. Ý.Paýşer “SpaceX” kompaniýasynyň hünärmenleriniň, hususan-da, “TürkmenÄlem 52.0E” ilkinji türkmen emeli hemrasynyň taslamasyny düzmek we uçurmak işine gatnaşandyklaryny, bu işiň Kanaweral burnunda “Falcon 9” raketa göterijisi arkaly üstünlikli ýerine ýetirilendigini belledi.

Anyk ugurlar kesgitlenildi

Düýn Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň energetika boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň özara bähbitli gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge gönükdirilen mejlise gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň Energetika müdirliginiň başlygy Ç.Szýanhuanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlisde birek-birege hormat goýmaga, özara bähbitlilige, dostlukly gatnaşyklara daýanýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar, şol sanda energetika boýunça ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Energetika, hususan-da, gaz pudagyndaky özara hereketler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirip, ony geljekde has-da ösdürmegiň iki tarap üçin hem wajypdygy nygtaldy.

Türkmen-britan gatnaşyklaryny ilerledip

Ýakynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri bilen Beýik Britaniýanyň Hökümetiniň Işewürlik we söwda edarasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça eksport direktory hanym Sara Elizabet Çijiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda söwda we maýa goýum ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda bu duşuşygyň Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ösüşine baha bermäge şert döredýändigi, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň çäginde maliýe pudagyndaky hyzmatdaşlygyň utgaşdyrylýandygy nygtaldy.