"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Gender deňligi — zenan bagtyýarlygynyň nyşany

Dünýäde her bir adamyň öz ömür ýoly bolýar. Ol ykbalyň emri bilenmi ýa-da öz arzuw-islegleriniň yzyna düşüpmi bir käri saýlaýar, oňa bütin yhlasyny bagyş edýär. Ykbal maňa-da žurnalist bolup, dürli-dürli adamlar bilen duşuşyp, söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri, ykballary barada metbugat sahypalarynda ýazmak paýyny beripdir. Meniň döredijilige başlan döwrüm Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryna gabat geldi. Garaşsyzlygyň ilkinji şowly ädimlerini, Garaşsyzlygyny alan ata Watanymyzyň üstünliklerini, täzeliklerini, buýsanjyny ýazyp beýan etmek bagty meniň hem paýyma düşdi. Gün-günden bat alan Garaşsyzlygyň binýady günlerden-günlere, ýyllardan-ýyllara has berkemek bilen boldy. Garaşsyzlyk her bir döredijilik adamynyň kalbyny egsilmejek buýsanç, mähir, söýgi bilen doldurdy. Ondan bäri otuz ýyl geçipdir. Men käte hyýalymda geçen günlerime dolanýaryn we wakalary hakydamda janlandyrmaga çalyşýaryn. Meniň işlän ýyllarymyň köpüsi, has takygy, 25 ýyly ýurdumyzda ýeke-täk zenanlar neşiri bolan «Zenan kalby» žurnaly bilen bagly. Geçen ýyllaryň iş tejribesi zenan dünýäsi, olaryň arzuw-hyýallary, ykballary, maksatlary, alyp barýan işleri, durmuşy bilen has içgin tanyşmagyma ýardam etdi. Meniň dürli döwürlerde, dürli ýyllarda ýazan zarisowkalarymyň, makalalarymyň, taýýarlan söhbetdeşliklerimiň gahrymanlarynyň köpüsi zenanlar. Olaryň arasynda aýdymçylar, suratkeşler, ýazyjylar, zergärler,

Türkmenistan — ýagşy niýetleriň ýurdy

(«Garaşsyzlygyň eşretli zamanasy» atly makalalar toplumyndan) 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi biziň ýurdumyzyň öz ösüşlerini ýagşy niýetleriň ýoly bilen dowam etdirýändigini ýene bir ýola äşgär etdi. Döwlet Garaşsyzlygynyň otuz ýyla golaý ösüş ýolunda biziň ýurdumyz umumadamzat gymmatlyklaryna sarpa goýýan, halkara hukugynyň ynsanperwer ýörelgelerini berk goldaýan, dünýäniň ähli halklary üçin bähbitli bolan başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde milletler bileleşiginde öz ornuny pugtalandyrdy. Türkmen halky dünýäde ýagşy niýetli, hoşmeýilli millet hökmünde özüni tanatdy. Halkymyzyň ynsanperwerlige ýugrulan iň oňat häsiýetlerini hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň tutýan ýoly, syýasy ýörelgeleriň esasy many-mazmuny hökmünde halkara derejesine çykardy.

Watan topragynyň ýylysy

Täze dogup gelýän Günüň bulduraşýan şöhlejikleri seni hemişe tebigat gözelliklerini synlamaga çagyrýandyr. Şonda mähriban Watanyň mele topragyndan nazaryňy aýrasyň gelmez. Heňňamlara şaýat bolan bu topragyň keşbi köp wakalardan habar berýändir. Köpetdaga tarap uzalyp gidýän gök tokaýlyklara bürenip ýatan topragyň has juwanlaşandygyny soraman biläýmelidir. Onýança göz öňüňde tyllasow öwüsýän bugdaýly meýdan, goýnundan ýokary tizlikli döwrebap awtoýollara orun beren sähralyklar, bulduraşýan miweleri bilen Zemine tereňlik berýän daragtlar, ähli amatlyklary bilen gurlup, ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlary janlanar. Bularyň ählisi bu mele topragyň bereketliliginiň, juwanlygynyň, sahylygynyň alamatydyr. Hawa, munda pederlerimiziň arzuwlan zamanasy joşýandyr. Bu juda ajaýyp pursatdyr. Beýle pursatlarda Asmanda gögerçinler ganat ýaýýandyr, durnalar pessaýlap uçýandyr. Bu gadymy topragyň abadanlygyndan, bagtyýarlygyndan nyşan. Bu bagta türkmen halky 1991-nji ýylyň tylla güýzüniň ajaýyp gününde eýe bolupdy. Hawa, günleri günlerden, aýlary aýlardan, ýyllary ýyllardan tapawutlandyrýan wakalar hakydalarda ýaşaýar, taryhdan orun alýar. Şol ajaýyp wakalaram döwri, zamanany beýgeldýär, ömürleri, ykballary bezeýär. Garaşsyzlygymyza eýe bolan günümiziň aýratynlygam şondan gelip çykýandyr. Asmany aý-ýyldyzlar, Zemini dal-daragtlar bezeýän bolsa, bu günki günde mähriban Watanymyzy onuň 30 ýyl mu

Sebitleri toplumlaýyn ösdürmek maksady bilen iş tejribesi alşyldy

MARY WELAÝATY, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem beýleki käbir ýolbaşçylar Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, dürli ugurlarda iş tejribesi bilen tanyşdylar. Mälim bolşy ýaly, düýn geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitleriň işini guramakda oňyn tejribäni öwrenmegiň we ulanmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Mukaddes baýramyň şanyna

Häzirki wagtda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen bu ugurda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, medeni-durmuş ulgamynyň sazlaşykly ösüşi üpjün edilýär. Munuň özi bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny mynasyp sowgatlar bilen garşylamak üçin oňaýly şertleri döredýär. Bular barada milli Liderimiziň käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly öňňin geçiren iş maslahatynyň barşynda giňişleýin gürrüň edildi.

Oňyn döwletara gatnaşyklar ýurtlary we halklary biri-birine has-da ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar

Arkadagyň ak ýoly — bagtyň ýoly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly turuwbaşdan ýatdagalyjy taryhy wakalara beslenýär. Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasynda 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşan bu dabaralary iki döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle-de Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 15-nji ýanwarda welaýatyň Çärjew etrabynyň çäginde açylan «Malaý» gaz gysyjy desga hem Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekdäki ýene bir möhüm waka boldy.

Şöhrata beslenýän eýýam

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistan bu gün beýik ösüşlere tarap bedew bady bilen öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri beýik ösüşleriň eýýamy bolup, jümle-jahana ýaň salýar. Garaşsyz Türkmenistanyň at-owazasy bu gün dünýä dolýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz türkmen döwletiniň abraýy, milli medeniýeti we sungaty dünýäniň çar künjünde dabaralanýar. Garaşsyzlyk — geçmişden geljege uzap gidýän bakylyk. Mukaddes döwlet Garaşsyzlygy merdana türkmen halkynyň asyrlarboýy ýüreklerde beslän arzuw-umytlarynyň islegleriniň amala aşmagydyr. Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny şan-şöhrata besläp belläp geçer. Garaşsyzlyk ýyllarynda mähriban halkymyz berkarar Diýarymyzyň binýadynyň berkden tutulmagynda, Watanymyzyň ösüşleriniň täze belentliklere göterilmeginde, gülläp ösmeginde watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezdi. Bitirilen beýik işler hakynda gürrüň edilende hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen berkarar Diýarymyzda geçen sanlyja ýylyň içinde döwrebap orta we ýörite orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň ençemesi gurlup ulanylmaga berilmegi aýratyn guwandyryjydyr. Ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary açyldy. Ýörite orta we ýokary okuw mekdep

Täzelikler

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleriniň guramaklarynda Çärjew, Farap, Dänew Darganata etraplarynda etrap bilim bölümleriniň işgärleriniň, çagalar baglarynyň müdirleriniň gatnaşmaklarynda ýörite okuw maslahaty geçirildi. Onda körpeleriň arasynda arassaçylyk düzgünleriniň doly berjaý edilişini gözegçilikde saklamak, sagdyn iýmitlenmegi guramak boýunça olaryň ene-atalary bilen düşündiriş işlerini yzygiderli ýola goýmak dogrusynda gürrüňdeşlik geçirildi. Arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmekligiň körpeleriň maşgala agzalarynyň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýedigi düşündirildi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan şu mowzukdan taýýarlanylan gollanmalaryň 3-si, şeýle-de ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek boýunça ýörite düzgünnama hem paýlanyldy.

Pyragynyň arzuwlan zamany geldi

Ajaýyp we gaýtalanmajak döredijiligi bilen edebiýat meýdanynda öçmejek yz galdyran türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi aýratyn özüne çekijidir. Nusgawy şahyrlarymyza uly sarpa goýýan milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine hem ýokary baha berýär. Arkadag Prezidentimiziň ýiti zehininden syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde hem akyldar şahyryň dana setirlerine uly orun berilýär. Akyldar şahyrymyz ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny akyl-paýhas eleginden geçirip, dür dänesi kimin eserleri döredip, türkmen jemgyýetiniň we nusgawy edebiýatynyň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlapdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Magtymguly akyldar halkymyzyň akyl-paýhasa bolan yhlasly ymtylmasyny beýik derejä göterdi» diýip ýerlikli belleýär. Bagtyýarlyk zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe süren garaýyşlaryny öwrenmek we dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak bilen baglanyşykly tutumly işler amala aşyrylýar. Şahyryň umumadamzat ruhy-medeni hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň ençemesinde okalýar. Dünýä belli gündogary öwreniji alymlar we akyldarlar Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen içgin gyzyklanyp, gymmatly maglumatlary topladylar hem-de birnäçe ylmy

Parlak geljegimiziň ýoly

Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyz her ýyl uly dabara bilen bellenilýär. Bu şanly sene mähriban Watanymyzyň ýyl-ýyldan gülläp ösýändigini, kuwwatly, abraýly döwlete öwrülýändigini äşgär edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylanlar hakynda oýlananyňda, ilki bilen gurlan belent-belent binalar, desgalar göz öňüňe gelýär. Elbetde, olar biziň durmuşymyzy, ýaşaýyş şertlerimizi ýokary derejelere ýetiren ägirt uly ösüşleriň anyk netijeleridir. Ýurtbaştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen eziz Diýarymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda, uzak bolmadyk möhletde tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Bu gün obalarymyzyň, şäherlerimiziň ajaýyp keşbi, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyndan habar berýär we göwünleri galkyndyrýar. Munuň özi mähriban Arkadagymyzyň öz halkynyň arzuw- islegini, bähbitlerini ähli zatdan ileri tutup alyp barýan syýasatydyr.

Halkymyzyň saglygynyň goragynda Türkmenistan “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy

18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwlet boldy hem-de ony hasaba alan döwletleriň birinji onlugyna girdi.

Belent sepgitleriň ýyly bolar

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly üstünliklere beslenen ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuny uly dabara bilen belledik. Halkara derejesinde maslahatlar geçirildi. Şeýle ruhubelentlik bilen Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkymyz 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna gadam basdy. Bularyň özi biziň halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň rowaçlygynyň nyşany. Elbetde, 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly hem Diýarymyz üçin uly ösüşleriň ýyly bolar. Çünki, hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda ýokary derejedäki arzuwlar bilen ýüzlendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny bellejek ýylymyzda-da şeýle üstünlikleriň boljakdygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistan döwletimiziň ösüşlerinde, esasy iki sany sütün bolan mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz esasy orun tutýar.

Döwletiň daş ýarsyn!

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen bagly oýlanmalar Şu ýazgylary men hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserindäki şeýle setirler bilen başlamagy müwessa bildim: «Beýik geografiki açyşlar döwrüniň syýahatçylaryna ägirt uly bolup görnen hem bolsa, älem giňişligi özleşdirilýän häzirki zamanda, iş ýüzünde Ýer togalagy o diýen uly bolmadyk saýýara bolup çykdy. Dürli kontinentlerde ýerleşýän ýurtlar birek-birege has ýakynlaşdylar. Şeýle bolansoň, bizden müňlerçe kilometr uzakda bolup geçýän çökgünlikler bize-de azda-kände öz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem meniň çykyşlarymda we kitaplarymda häli-şindi duş gelýän «hoşniýetli goňşuçylyk» diýen jümläni ulanamda, men diňe bir Türkmenistan bilen serhetdeş ýurtlary göz öňünde tutmak bilen çäklenmän, eýsem, Orta Aziýadan uzakda ýerleşýän döwletleri hem göz öňünde tutýaryn. Adamzadyň medeni ösüşiniň häzirki döwri älem giňişligini özleşdirip, maglumat we beýleki IT-tehnologiýalaryň ýokary depginli ösmegine getiren nobatdaky ylmy-tehniki rewolýusiýasynyň täsiri bilen biziň hemmämizi birek-birege baglanyşykly edip goýdy. Özi hem, bu ýagdaýda geň görer ýaly zat ýok...».

Goňşa barýan ýol

2. DÜNÝÄ ÝAÝYLÝAN NUR Eýsem, deňli-derejeli ýaşaýyş üçin nämeler gerek?!

Geljegi nazarlaýan gatnaşyklar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasaty halkara parahatçylygy üpjün etmegiň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine ýardam etmäge gönükdirilendir. Bu günki gün ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, energetika we kommunikasiýa ulgamlary boýunça durmuşa geçirýän taslamalaryna hem dünýä bileleşigi aýratyn gyzyklanma bildirýär. Milli Liderimiziň bu ugurlarda ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň biragyzdan goldanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde ýurdumyz hem-de tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýe bolan taryhy wakalara şaýat bolduk. 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda iri düzümleýin desgalaryň birbada üçüsi — Akina — Andhoý demir ýoly, Kerki — Şibirgan elektrik geçirijisi hem-de Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy açylyp, ulanylmaga berildi. 15-nji ýanwarda bolsa döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermeginde Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desga işe g

Taryhy başlangyçlaryň rowaçlygy

14-nji ýanwarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagynda Akina — Andhoý menzilleriniň aralygyndaky, uzynlygy 30 kilometrlik demir ýoluň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kW, uzynlygy 153 kilometr bolan elektrik geçirijiniň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň açylyp, ulanmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sene ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak taryhy wakalar boldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýynda bolup geçen bu taryhy wakalar halkymyzda uly seslenme döretdi. Şu mynasybetli, ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa toplumynyň guramagynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň mejlisler jaýynda, gurluşyk we senagat toplumynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde, nebitgaz, oba hojalyk hem-de maliýe we ykdysadyýet toplumlarynyň guramagynda olaryň degişli mejlisler jaýlarynda maslahatlar geçirildi.

Yklymlara uzaýar dostluk ýollary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy we durnukly ösüşi gazanmakda halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýan, öňdengörüji we maksada gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýan döwlet hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraýyny belende galdyrýarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir ýylymyzy mynasyp şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz hem uly üstünlikleri, ösüşleri bilen geldi. Ýylyň aýratynlygyny alamatlandyrjak bu başlangyç göwünlere ganat, täze üstünliklere badalga bolup, halkymyzyň ruhuny ýokary göterdi, köňüllerde buýsanç döretdi. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine ygrarly halkymyzyň asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen işler, uzak geljegi nazarlaýan belent maksatlar ýyla badalga boldy. Dünýäde Türkmenistanyň at-abraýy has-da belende göterildi.

Hormatly Prezidentimiz minnetdarlyk hatyny iberdi

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranä mähirli salamyny we minnetdarlyk hatyny ýollady. Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde türkmenistanly türgen Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň we silterläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolandygy baradaky hoş habary ýazan Maýkl Iraniniň hatyny uly kanagatlanma we şatlyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

Türkmenistan sebitiň üstaşyr-ulag, energetika we kommunikasiýa kuwwatynyň artýan merkezidir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrýan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň biri hökmünde ýurdumyzyň abraýynyň artmagyna ýardam edýär. Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ýörelgesi sebitiň ýurtlary bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Owganystan bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa durnukly sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm syýasy-ykdysady wezipeleri bilen birlikde, iki goňşy halkyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän berk dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen hem şertlenendir.

Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň täze sahypasy

iri taslamalaryň gurluşygynda dünýä ýaýylýar Ozal habar berlişi ýaly, 16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) elektrik geçiriji ulgamynyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň açylyp, ulanylmaga berilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze sahypany açan bu iri infrastruktura desgalarynyň sebit we dünýä derejesindäki ähmiýetini halkara media giňişliginde giňden şöhlelendirmek maksady bilen guralan bu çäre milli we Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekillerini, şeýle hem onlaýn usulda dünýäniň 15 ýurdundan žurnalistleriň 30-dan gowragyny bir ýere jemledi.