"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Waspyň sena boldy dillere, bedew!

23-nji martda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Bedew batly öňe barýar Arkadagly Türkmenistan!» atly çäre geçirildi Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik-atçylyk bölüminiň uly atbakary Nuraly Rahymowa hormatly Prezidentimiziň adyndan döwlet sylagyny hem-de Şa serpaýyny gowşurmak dabarasy boldy. Milli Liderimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ussat atbakara «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.

Türkmen dünýäsiniň ýüregi

Dünýäde biri-birinden zyýada şäherler köp. Emma şeýle bir şäherler bar: özüne, adyna, taryhyna we şu gününe, milliligine mahsus ajaýyplyklary bilen göreniň nazaryny egleýär. Biziň ata Watanymyzyň paýtagty — ine, şeýle şäher. Aşgabada bir gelen adam ýene-de gelmegi arzuwlaýar. Türkmen ertekileriniň birinde aýdylyşy ýaly, ony görenem armanda, görmedigem. Aşgabat türkmeniň kalby deý ak, zandy ýaly tämiz şäher. Onuň başy bulutlary sermeýän her bir binasynda, çar ýana uzaýan ak ýollarynda türkmen ruhunyň beýany mesaňa bildirip dur. Paýtagtymyz şöhratly we baý taryhymyzy, şuglaly şu günümizi, beýik geljegimizi şöhlelendirýär. Aşgabat — asuda, abadan ýaşamak üçin iň amatly we iň howpsuz şäher.

Ata Watanymyzyň şirin mukamy

22-nji martda ir bilen özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp etmegi ýola goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary uly şatlyk bilen garşylady.

Çeper döredijilik bilen meşgullanmak adama ylham joşgunyny berýär

22-nji martda — baýramçylyk güni ir bilen özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp etmegi ýola goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi.

Ahalteke bedewi — döwrümiziň ruhy güýji

Ýurdumyzda Milli bahar baýramynyň giň gerimde bellenilýän gününde, 22-nji martda säher bilen özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz behişdi bedewler bilen didarlaşyp, döredijilik bilen meşgullandy. Hormatly Prezidentimize öz seýisläp ýetişdiren, ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz buşlugy uly şatlyk bilen garşylap, täze doglan taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajasyny daňdy. Munuň özi ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilmegidir.

Zenanlaryň hukuklarynyň goraglylygy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň durnukly we ygtybarly hukuk ýagdaýyny üpjün edýän kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek, kanunçylygy giňden wagyz etmek, şeýle-de, raýatlaryň syýasy, ykdysady we medeni hukuklaryny kanun esasynda üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Geçen asyryň ortalarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna hem-de Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyna laýyklykda, «Aýallaryň syýasy hukuklary hakynda» Konwensiýa kabul edilip, bu halkara hukuk namasyna uly ähmiýet berildi.

Watançy gerçekler — ýurdumyzyň sarsmaz galasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025 ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» tassyklap, bu maksatnamanyň çäklerinde geçirilmeli esasy çäreleri makullamagy ýaşlar baradaky aladanyň aýdyň mysalydyr. Elbetde, watançy ýaşlar ýurdumyzyň sarsmaz galasydyr. Edil şu nukdaýnazardan ugur alyp, polkownik Jepbar Akyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde hem harby gullukçy ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň hünärler boýunça ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak bilen bagly çäreler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gatnaşmagynda guramaçylykly geçirilýär. Harby bölümde ýaş watançylaryň ruhy we beden taýýarlyklaryny üpjün etmek boýunça ýörite hepdelikler, ýagny «Watançylyk hepdeligi», «Düzgün-nyzam hepdeligi», «Sport hepdeligi», şeýle hem «Psihologiýa hepdeligi» ýaly çäreler guralýar. Bu çäreleriň dowamynda harby gullukçylara hünär öwretmegiň häzirki zaman döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly harby bilimi bermegiň we milli däp-dessurlar esasynda terbiýelemegiň täze ölçegleri boýunça sazlaşykly işler alnyp barylýar. Aslyýetinde, şeýle ajaýyp döwletde, hormatly Arkadagymyzyň saýasynda mähriban halkymyza wepaly nesil bolup ýetişmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şeýle mukaddes borjy arassa hem päk ýürekden berjaý edýän ýaşlara bu günki gün eziz W

Mirasymyza belent sarpa

Golaýda podpolkownik Rejep Annaýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň ýaş esgerleriniň şäheriň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine guralan gezelenji olarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Esgerler muzeýde ýerleşdirilen taryhy gymmatlyklara uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Ene-mamalarymyzyň dürli görnüşli el işleri, pederlerimiziň agaçdan hem-de demirden ýasan önümleri, şaý-sepleri we olaryň taryhy baradaky gürrüňleri esgerlerde baý medeni mirasymyza bilesigelijilik duýgusyny artdyrdy. Alym JUMASEÝIDOW, kapitan.

Nowruz — kalplaryň joşguny

Gündogar halklarynyň arzyly baýramlarynyň biri bolan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bu ýyl hem ýurdumyza özboluşly dabara bilen geldi. Bu ajaýyp baýram mynasybetli Watanymyzyň çar künjeginde şowhunly, milli we döwrebap äheňli aýdym-sazlara beslenen baýramçylyk çäreleri geçirildi. Şeýle çäreleriň biri-de Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ilkinji ýaşlar guramasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi bilen bilelikde Watan öňündäki çagyryş boýunça harby gulluk borçlaryny berjaý edýän Watan goragçylarynyň arasynda geçirilen şygryýet bäsleşigidir. Bagtyýar döwrümizi, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl ýoluny, Watana bolan belent söýgini wasp edýän ajaýyp aýdym bilen açylan şygryýet bäsleşigi turuwbaşdan uly ruhubelentlige beslendi. Öz ýürek joşgunlaryny şygra geçirip, okap berýän ýaş esgerleriň çykyşlarynyň arasyna Watan goragçylaryndan düzülen «Watançy» aýdym-saz toparynyň joşgunly çykyşlarynyň hem goşulmagy baýramçylyk çäresine aýratyn bezeg berdi. Ady agzalan toparyň wäşileri hem gülküli sahnalary bilen harby gullukçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryny gazanmagy başardylar.

Gelse nowruz äleme

Baharyň gelmegi bilen ýurdumyzda gadymy döwürlerden bäri bellenilip gelinýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününiň şowhuny bütin töweregi gurşap alýar. Magtymguly Pyragynyň: «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýip belleýşi ýaly, tebigat al-elwan güllerden keşde çekilen ýaşyl dona bürenip, gözel görke gelýär. Bahar paslynyň gelmegi bilen täzeden jan giren jahanda badamdyr erikleriň gülläp, ýaşyl geýnen sähralaryň läle getirişi, hanlar hany Baýram han Türkmeniň Nowruz hakyndaky şahyrana setirlerini ýadyňa salýar. Nowruz baýramy öz köküni ençeme asyrlardan alyp gaýdyp, adamzat gatnaşyklarynda dost-doganlygy, hoşniýetliligi, birek-birege ynanyşmagy berkidýän baýramçylykdyr. Çünki Nowruz baýramy diňe bir türkmen halkynda uly baýram hökmünde bellenilmän, eýsem, Gündogar halklarynyň ählisinde-de özboluşly däp-dessurlary berjaý etmek arkaly şüweleňli toýlanylýar.

Şanly wakalaryň taryhy sazlaşygy

22-nji martda baýramçylyk güni ir bilen özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp etmegi ýola goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary uly şatlyk bilen garşylady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

22-nji martda — baýramçylyk güni ir bilen özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp etmegi ýola goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary uly şatlyk bilen garşylady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

N. Rahymowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, türkmen bedewleriniň syn-sypatyny kämilleşdirmekde, atçylyk pudagyny ösdürmekde hem-de at çapmagyň we bedewleri seýislemegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny ýaş nesle öwretmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem gazanan ýokary netijelerini we köp ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmetini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik-atçylyk bölüminiň uly atbakary Nuraly Rahymowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adyny dakmaly.

Ahalteke bedewlerimiziň dünýä dolan şöhraty milletimiziň buýsanjydyr

23-nji martda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Bedew batly öňe barýar Arkadagly Türkmenistan!” atly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik-atçylyk bölüminiň uly atbakary N. Rahymowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwlet sylagyny hem-de Şa serpaýyny gowşurmak dabarasy boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň ylham joşguny

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp edýär. Öňňin — baýramçylyk güni ir bilen milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary uly şatlyk bilen garşylady.

Milli ýörelge ekologiýa syýasaty bilen utgaşýar

20-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy tebigatyň janlanýan we gülleýän pursadyndaky sahawatyny, halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna bagyşlandy. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk senesiniň bellenilýän ýylynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde bag nahallarynyň millionlarça düýbi ekiler. Olaryň hatarynda saýaly, pürli we miweli baglaryň hem-de üzümiň dürli görnüşleri bar. Köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Aşgabat, 22-nji mart (TDH). Şu gün — baýramçylyk güni ir bilen özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp etmegi ýola goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary uly şatlyk bilen garşylady.

Öňde duran möhüm wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilmelidir

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen söz berlen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak hem-de ekiş möwsüminiň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, gowaça ekişine başlamaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Resmi habarlar

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň häkimlikleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň gurluşy tassyklanyldy. * * *

Bagy-bossan Watanym

Geçen şenbe güni ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy tebigatyň janlanýan we gülleýän pursadyndaky sahawatyny, halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna bagyşlandy. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk senesiniň bellenilýän ýylynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde bag nahallarynyň millionlarça düýbi ekiler. Olaryň hatarynda saýaly, pürli we miweli baglaryň hem-de üzümiň dürli görnüşleri bar. Köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.