"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Bulaşyk saçly gyzjagaz (Hekaýa)

Il arasynda «Köp çagaly öýde ýürek gysmaga wagtyň bolmaz» diýilýänem bolsa, ýalňyzlyk duýgusy meni çagalygymdan gurşap alypdy. Ýogsam, ýaş aýratynlygymyz üýtgeşik tapawutlanyp durmaýan çülpe çagalardyk. Maňa gyz jigi alyp berseler, ýalňyzlyk duýgusy çaga kalbymdan gider öýderdim. Ýöne bu niýetimem başa barmady. Bäbekhanadan getirilen gyz jigimiň hyrydary köp bolup çykdy. Her kim ony göterjekden, her kim onuň bilen oýnajakdan. Şonuň üçinem çaga kalbym ejemden ýene bir gyz jigi getirmegini haýyş etmeli diýen karara geldi. — Eje, aý, eje!

Şygryýet

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym Her günümiz ajap, misli eşrepi, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym.Gahryman Arkadag berdi eşreti, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym.

Täsin pursat

Geçen asyryň altmyşynjy-ýetmişinji ýyllarynyň sepgitleridi. Ol döwürler men uniwersitetiň talybydym. Düýnki ýagan gar paýtagt şäheri tutuş aklyga büräpdi. Günortanlar şäheriň öňki «8-nji mart» diýilýän töwereklerinde ýaşaýan, bile okaýan ýigitlerimiziň biriniň ýanyna barýardym. Dynç alyş günüdigine garamazdan, öň gelim-gidimi az bolmaýan bu töwereklerde bu gün näme üçindir adam-gara öňküleri ýaly kän däldi, belki bu ýagdaý howanyň sowuklygy ýa-da adamlar pyýada gatnalýan ýanýodalaryň sürçekliginden howatyr edýändigi sebäplidir... Ynha, birden bärligine biriniň ýöräp gelýändigine gözüm düşdi. Ol ýanýodanyň gapdalyndaky ap-ak gar bolup ýatan, öň ýörelmedik ýerden öz maýdalyna ädimläp gelýärdi. Men ony tanadym, ol Gurbannazar şahyrdy, Gurbannazar Ezizowdy.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Türkmenistan — dilde dessan, jigerimde janymsyň sen müdimi, Türkmenistan — nurly asman, dünýä dolan taryhyň bar gadymy, Türkmenistan — bir jan-u-ten, halk hem Watan, gadamlary edaly, Topragyňda güldür gülşen, bagyň-erem, bilbilleriň şeýdaýy,Daglaryň galkan — goýny melhem, öwsen ýelleriň sedaly, Çeşmeleriň durşy ylham — şahyra gazal-u şygyr meýdany, Goja Hazar, joşly Jeýhun, bakdygy tanaýyr merdi-merdany,Biziň mekan özgerişde, güni-günden, ýyly-ýyldan sapaly,Toý lybasly oba-kendiň pälwany göreş tutup, at çapany, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Parahatlyk — bu Watanyň keşbinde, bardyr mukam-aýdymynda, Parahatlyk — bu Watanyň kesbinde, bardyr ýaşyl Baýdagynda, Parahatlyk — bu Watanyň yşkynda, bardyr halyň öýdüminde, Parahatlyk — bu Watanyň müşkünde, bardyr her bir ojagynda, Parahatlyk — bu Watanyň çeşminde, diýeninde, diýjeginde, Parahatlyk — bu Watanyň aslynda, barça dostluk serhedinde, Parahatlyk — bu Watanyň ykrarynda, taryh siňen Tugrasynda, Parahatlyk — bu Watanyň isminde, bardyr ymgyr ýaýlasynda, Parahatlyk — bu Watanyň ygrarynda, erkin dünýä gatany, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Magtymguly Pyragy

Pukaraýam Watanymda han idim,Hanlara perman idim,Dertlere derman idim,Misgine dükan idim,Jansyzlara jan idim,Neýleý, indi biçäreýem.

Türkmeniň ruhy dünýäsi

2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň uludan belleniljekdigi baradaky habar her birimizi häzirki wagtdan şol uly toýa ykjam taýýarlyk görmäge borçlandyrýar. Her bir halk özüniň milli gahrymanyny ezizleýär, oňa kalbyndan hemişelik orun berýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem şeýle ägirtleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň şygryýetini iň bir beýik zatlara, gymmatlyklara deňemek bilen bir hatarda, olary türkmen kalbynyň aýnasy diýip hem suratlandyrýarlar. Akyldaryň şygyrlaryny agzybirlik, päkgöwünlilik, halallyk çakylykçysy diýip atlandyrmak bilen, olary egsilmeýän derýa, ynsanlary ruhy teşnelikden gandyrýan güzere meňzedýäris. Söz ussadynyň her bir setiri watansöýüjilige, agzybirlige, bir-birege hormat-sylaga çagyrýar.

«...Ak guş bolup ýazlaryma gaýdaryn»

Şahyr Nurmämmet Meredow 1959-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Nesimli obasynda dünýä inýär. 1979 — 1984-nji ýyllarda Moskwa şäherinde ýerleşýän M.Gorkiý adyndaky institutda ýokary bilim alyp, 1984 — 1986-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň şol wagtky Garabekewül etrabynyň «Lebap pagtaçysy» gazetinde edebi işgär bolup zähmet çekýär. 1990-njy ýyldan ömrüniň ahyryna çenli bolsa Lebap welaýatynyň «Türkmen gündogary» gazetinde işleýär. N.Meredow 2008-nji ýylyň iýul aýynyň 4-ine aradan çykýar.

Şygryýet

Alkyş Hormatym peselmän, umydym synman,Ynanyp ýörenlem uzak ýaşasyn.Kyn günüm hossar deý kalbyma sygýan,Kömege gelenler uzak ýaşasyn.

Jaňly serke(hekaýa)

Maksadyň gum içinde gezip ýörenine esli ýyl bolupdy. Onuň Garagum sährasyna Anna çopana ýanaw bolup geleni ýaňy ýalydy. Şu ýyllaryň içinde pälwansypat Maksat çoluk özüni edenli ýigit hökmünde tanatdy. Ol suwdan doly çelegi bilini epmän, egnine atyp gidibererdi. Şonuň üçinem bu sährada onuň ýörgünli ady Maksat pälwandy. Bir günem Anna çopan bilen Maksadyň arasynda şeýle gürrüň boldy:

Şygryýet bossany

Gerek däl Gözleriň gözlerme düşüp durmasa,Dünýäň başga baýlyk-bary gerek däl.Ömrüm barlygyňdan lezzet almasa,Onuň galan gylla ýary gerek däl.

Kerim Gurbannepesowyň «Edebiýat we durmuş» atly kitabyndan

Her bir awtor eseriniň mazmuny hakynda oýlanyp ýörkä, onuň ýerbe-ýer goýulmagy hakynda-da deň derejede pikir edýär. Bu ýöne ýerden däldir. Sebäbi çeper eserde kompozisiýanyň oýnaýan roly-da beýleki çeperçilik serişdeleriniň hiç haýsyndan pes oturmaýar. * * *

Ol muny duýmandy... (Esse)

meniň göz öňümde şol asman reňkli ala köýnegi bilen galypdy. Çärýek asyrdan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, şeýle reňkli köýnege gözüm düşende ýüregim ýerinden gozganyp giden ýaly boldy. Eýsem-de, ýüregimi şeýdip, ýerinden gozgadyp bilýän kimdi?! Men onuň henizlerem syr bolup galmagyny isleýärin. Ýöne haçanda söýgi söhbetleriniň gidýän ýerinde olara goşulyşyp, özümden biygtyýar dil ýaranymy, iň bolmanda asman reňkli köýnegi gowy görýändigimi, onuň diňe bir gyzlara däl, eýsem, ýigitlere hem juda owadan gelişýändigini aýdanymy duýman galýaryn. Ýeke gezek gürleşip görmedik hem bolsam, men onuň juda hoşniýetlidigini, göwnüniň açykdygyny bilýärdim. Ýöne gürleşip görmäge bahana ýa esas hem ýokdy. Ol menden bir synp ýokarda okaýardy. Öz synpdaşlary, deň-duşlary bardy. Dogrusy, ol goňşy obadan gatnap okaýardy. Men onuň bilen bir ulagda gatnap okaýan synpdaşlarymy hem bagtly görerdim. «Menem bu obada däl-de, goňşy obada ýaşaýan bolsam, onuň bilen bir ulagda gatnap bilerdim. Belki gürleşmek hem miýesser ederdi...» diýip, hyýaly dünýäde ýaşaýardym. Ulagyň sesini eşitdigim tisginip giderdim. Ondan böküp düşýän oglan-gyzlar bilen birlikde, gök köýnekli oglany ogrynça synlardym. Käýarym ulag wagtynda gelmän, olaryň daşarda durmaly bolýan wagtlary hem bolaýýardy. Şonda mekdebe ýanaşyk duran öýümiziň penjiresinden ony tä ulag gelip, ugraýança synlar durardym. Şondan lezzet alýandyryn-da.

Kerwensaraý kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen ýylyň 18-nji dekabryndaky sanynda) — Görşeniňizde ýüz ýyllap görüşmedik ýaly, hoşlaşmaly bolanyňyzda ertir ýene görüşjek ýaly boluň. Bize edilen sargyt, bize miras goýlan edep şeýledir.

Şadessanyny halka ýetiren

Görogly etrabynyň merkezinde türkmen serkerdesi Görogly begiň atly buýsançly nazaryny uzaklara dikip duran heýkeli bar. Bu ýadygärlik her gezek deňesinden geçende: «Ogullarym, siz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ýaşaýarsyňyz. Indi ýurt siziňki, bu döwleti ösdürmegem, özgertmegem size bagly» diýip duran ýalydy. Bu ýadygärlik «Görogly» eposyny halkymyza ýetiren Pälwan bagşy Ata hoja oglunyň we onuň 300 ýyl töweregi bagşyçylyk edip, bu dessany nesilden-nesle geçirip, biziň günlerimize ýetiren ata-babalarynyň hormatyna 2003-nji ýylda dikeldilip, beýik serkerdäniň ady hem etraba dakyldy. «Görogly» şadessanyny halka beren bagşy hökmünde türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda hem Pälwan bagşa möhüm orun degişlidir. Sebäbi şindiki «Göroglynyň» esasy şahalary, ýagny 12 şahasy Pälwan bagşydan ýazylyp alnan nusgalardyr. Şonuň üçin «Göroglyny» öwrenýän alymlaryň hiç biri hem Pälwan bagşydan sowlup geçip bilmeýär. Pälwan bagşy türkmen halkynyň öňünde iňňän uly hyzmaty ýerine ýetiren şahsyýetdir.

«Görogly» eposy we aýdym-saz

Hormatly Prezidentimiziň: «Asyrlaryň dowamynda ussat bagşylaryň, ozanlaryň ýiti zehini, ylhamy hem-de pähimi siňen «Görogly» eposy şu günki jemgyýetimiziň ruhy dünýäsiniň şamçyragydyr, iň kämil medeni baýlyklarynyň biridir» diýip jaýdar belleýşi ýaly, «Görogly» eposy halkymyzyň gadymy, medeni baýlygy bolup, ussat dessançy bagşylarymyz tarapyndan halka ýetirilipdir. Wenger alymy A.Wamberi bu barada şeýle ýazýar: «Emma haýsy-da bolsa bir bagşynyň Göroglynyň ýa Aman mollanyň ýa-da gaty oňat görülýän Magtymgulynyň aýdymlaryny özüniň iki tarly tamdyrasynyň sesine goşup aýtmagy, türkmen üçin gowy hezillikdir. Toý-tomgada ýa-da ýönekeý bir üýşmeleňde... aýdýan wagtyny diňlemek miýesser gelen pursatlary meniň aňymda hiç haçan ýitmejek täsir galdyrdy». Görşümiz ýaly, eposyň ýaýramagynda bagşydyr sazandalaryň hyzmaty örän uludyr. Epos tutuşlygyna aýdym-saz sungatyna ýugrulan. Ondaky gahrymanlar ähli wakalary gazallaryň üsti bilen beýan edýärler. Dutar saz guraly bolsa eserde başdan-aýak baş gahrymanyň ýansyrdaşy, esasy ýaragynyň biri hökmünde görkezilipdir. Eposda dutar sözüniň gazma (gazma — gazmak işliginden, ýagny dutaryň tut agajynyň ýa-da erik agajynyň galyň böleginiň içiniň oýulyp, gazylyp ýasalýandygy üçin) diýlip, iki görnüşde atlandyrylýan ýerlerine gabat gelmek bolýar. Meselem: «Aşyk Aýdyň pir bagşyçylyk bilen, saz bilen, söz bilen iş bitýän bolsa, birinde hakyny goýberjek ada

Pursatlar

Men Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Italmaz Nuryýew bilen geçen asyryň 80-nji ýyllarynda tanyş bolupdym. Şol ýyllarda şahyryň sözlerine döredilen «Dillen, läläm», «Ýollar bizi duşurmazmy?!» ýaly aýdymlary ýaşlaryň söýgüli aýdymlaryna öwrülipdi. Şahyryň goşgulary ýurdumyzyň döwürleýin metbugatynda çap edilýärdi. Onuň bilen tanyşmagy arzuw edýärdim. Şol ýyllarda men Aşgabatdaky Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumynda gaýybana okaýardym. Okuwdan boş wagtym Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine ýazan sahna eserimi alyp bardym. Bu ýerde Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, belli dramaturg Hudaýberdi Bäşimow redaktor wezipesinde işleýärdi.

Rowaýatlar ummanyndan

Hatyň bezegi Owadan hat, hatyň dyngy belgilerini ýerbe-ýer goýmak sowatlylygyň bezegidir. Bu barada halkymyzda şeýle bir tymsal bar.

«Dört amalyň» döreýşi

Halypa şahyr Ata Köpekmergen halkymyzyň arasynda şahandaz, degişgen şahyr hökmünde tanalýar. Biz hem şahyryň inisi Orazmuhammet Çary oglunyň dilinden ýazylyp alnan «Dört amal» atly goşgynyň döreýşi hakyndaky wakany halkymyza ýetirmegi makul bildik. Oňa bu wakany Ata Köpekmergeniň özi gürrüň beripdir. «Bizi 1922 — 1923-nji ýyllarda Maryda mugallymçylyk mekdebinde Hüseýin Ependi diýen biri algebradan okadýardy. Men dört amaly bilsem-de, algebrany gowy bilmeýärdim, ozal dini mekdebinde paraýyzda okapdym. Sapagy bilmeýänligim üçin ol žurnalda maňa nol baha goýup ýörse nätjek. Menem bir gün mugallymyň tötänlikde galdyryp giden žurnalynda 2000, 3000, 5000, 7000 sanlary ýazdym. Ol ýazgylary görüp, allaniçigsi boldy-da:

Körpelere okap beriň!

Halaýan reňkim Gyzyl, sary, ýaşylmy,Ak, gara, gök, melemi?Men haýsyny halaýan,Bilýärmikäň sen ony?!

Bagt (polýak tymsaly)

Bu waka üç dogan bilen baglanyşykly. Olar hemişekileri ýaly, gün-güzeranyň gözleginde alys ýurtlara gitmegi ýüreklerine düwýärler. Ýöne maslahat edip, syýahata gezekli-gezegine gitmeli edipdirler. Düşnükli ýagdaý — ilki bilen uly dogan ýola düşýär. Egrem-bugram ýol bilen gidip barýan uly doganyň öňünden ullakan bir çukur çykypdyr. Seretse, çukuryň içinde kimdir biri otyrmyşyn. Uly dogan ondan: «Kim sen?» diýip sorasa: «Men — bagt» diýip jogap beripdir. Uly dogan geň galyp, çukura seredip duruberipdir. «Saňa näme gerek?» diýip bagt ondan sorapdyr. Uly dogan biraz pikirlenip: «Baý bolasym gelýär» diýip jogap beripdir. Bagt onuň aýdyşy ýaly edipdir.