"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Datly süýjüleriň lezzeti

Uzakly gün işden soň agşamara öýe dolanarsyň-da, saçak başyna geçip, gök çaýy öňüňe alarsyň. Içeniňde janyňa hoş ýakýan çaýyň gapdaly bilen datly süýjülere biygtyýar eliň uzar. Adam mydama datly we süýji zadyň yşkynda bolýar. Durmuşyň datly we lezzetli bolşy ýaly, tagamly şokoladlar hem çaýyň lezzetini has-da artdyrýar. Ine, şeýle pursatlarda «Oguzhan» haryt nyşanly biri-birinden süýji konditer önümleri çaýyň melhemlik häsiýeti bilen utgaşar-da, göwün guşuňy al-asmanda ganatlandyryberer. Aslynda, häzirki döwürde islendik ojaga gadam basanyňda, saçaklaryň bolçulygy, süýji önümleriniň köpdürlüligi halkymyzyň durmuşynyň bagtyýarlygyndan habar berýär. Toý saçaklary bezelende, desterhany süýji konditer önümlerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl.

Şirin-şeker harytlar

Türkmen işewürleri milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde-de ýeterlik tejribesi bar. Hojalyk jemgyýetleridir hususy kärhanalarda öndürilýän önümleriň köpdürlüligi, hiliniň ýokarylygy, ekologik taýdan arassalygy bu önümlere bolan islegi has-da artdyrýar. Süýji-köke önümlerini öndürmekde adygan hususy kärhanalaryň biri-de «Duýgudyr». Golaýda habarçymyz bu hususy kärhananyň hünärmeni Pälwan BAÝRAMSÄHEDOW bilen gürrüňdeş boldy. — Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary netijesinde türkmen telekeçileri ýurdumyzda bazar bolçulygynyň artmagyna, halkymyzyň bereketli saçagynda süýji tagamlaryň köp bolmagyna goşant goşýarlar. Bu babatda hususy kärhanamyzyň hem mynasyp paýy bar. Kärhanamyz 2000-nji ýyldan bäri şirin-şeker süýjüleri, tagamly kökeleri öndürip gelýär. Olaryň dürli görnüşlerini ilata hödürleýäris. Tagamly önümlerimiziň hatarynda «ABÇ», «Körpe», «Direg» kökelerini, «Gülaýym» şokolad süýjülerini hem-de şokolad örtükli waflileri, «Aýyjyk» kekslerini görkezmek bolar. Şeýle-de «Bürgüt» şokolady, «Sülgün», «Laçyn», «Toty», «Tawus» ýaly süýji önümlerimiz, «Seýrek» waflimiz has-da geçginli tagamlardyr. Şeýle süýjülerdir köke önümleriniň aýda 8 tonnadan gowragyny öndürýäris.

Islegli süýjülikler

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysady pudagyny ösdürmekde we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda türkmen telekeçileriniň möhüm orun eýeleýändigini nygtaýar. Şunda azyk we haryt bolçulygynyň döredilmegi elmydama üns merkezinde saklanylyp, ak bazarlarymyzda marketlerdir dükanlarda müşderilere dürli görnüşli azyk önümleri yzygiderli hödürlenilýär. Şeýle ýokary hilli önümleri öndürýän kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn Ýunus» hususy kärhanasydyr. Ösüş depginini ýylsaýyn artdyrýan bu kärhananyň önümçilik desgalary Änew hem-de Mary şäherlerinde ýerleşýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döredilenine 10 ýyl bolan, kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanada işçi-hünärmenleriň 480-e golaýy zähmet çekýär. Işgärleriň tutanýerli zähmeti netijesinde bu ýerde süýji-kökeleriň dürli görnüşleri amatly bahadan müşderilere ýetirilýär. «Tower», «Springa», «Bubbly», «Çempion», «Baf», «Poema», «Broly», «Rast», «Coco San», «Atom», «Planeta», «Bäşlik», «Bilýard» ýaly konditer önümleri dükanlarda uzak wagt saklanman, geçginli haryda öwrülýär.

Kiçi we orta telekeçilik döwlet tarapyndan goldanylýar

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeklige uly üns berilýär hem-de döwlet tarapyndan goldanylýar. Kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi bolsa bazarlary halkyň sarp edýän köp görnüşli harytlary bilen üpjün etmeklige esas bolup durýar. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ykdysady ösüşe we durmuş taýdan kämilleşmäge ýardam edýän bazar ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny döretmek maksadyndan ugur alýar. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine maliýe we maddy serişdeleriň berilmegi, kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine hukuk, ykdysady we gaýry maglumatyň, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we tehnologiýalaryň elýeterliliginiň üpjün edilmegi, olar tarapyndan durmuş-ykdysady ösüşiň döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilýän maýa goýumlaryň höweslendirilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi we ilatyň girdejileriniň ýokarlandyrylmagy, kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerinden harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) döwlet tarapyndan satyn alynmagynyň bäsleşik esasynda amala aşyrylmagy, olary maliýeleşdirmegiň ýörite maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy, daşary ykdysady işi, sebitara hyzmatdaşlygyny, şeýle hem kiçi we orta

Telekeçilige — giň ýol!

Ýeňişli sepgitler ýol alýar Gahryman Arkadagymyzyň: “Biz öz milli telekeçilerimiziň alyp barýan giň gerimli işlerine guwanmaga haklydyrys” diýen sözlerinden ruhlanýan telekeçilerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekdäki öňde goýýan wezipelerine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz çygrynyň-hususyýetçiligiň ösdürilmegi ýurdumyzda haryt bolçulygyny döretmekde uly ähmiýete eýe boldy. Ilatyň ýokary hilli dürli harytlara we önümlere bolan isleginiň doly kanagatlandyrylmagynda uly işler bitirilýär.

«Ýaşyl» ykdysadyýetiň geljegi uly ugry

Bütin dünýäde ekologiýa abadançylygy bilen baglanyşykly meseleleriň örboýuna galýan döwründe «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek we galyndylary gaýtadan işlemek örän möhüm wezipe bolup durýar. Häzirki döwürde dünýäde awtomobilleriň sanynyň yzygiderli artýan şertlerinde olaryň ulanyşdan galan tekerlerini gaýtadan işläp, täze önümleri öndürmek ykdysady we ekologik taýdan bähbitlidir. Biz hem paýtagtymyzda ýerleşýän ulanyşdan galan awtomobil tekerlerini gaýtadan işläp, «Eko dünýäsi» haryt nyşanly önümleri öndürýän kärhananyň mysalynda ekologik işewürligiň täze görnüşi bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy makul bildik. Ýeňil ýanýan we tebigy şertlerde dargamaýan materialdan taýýarlanylýan tekerler ulanyşdan galyp, zibile taşlananda, daşky gurşawa uzak wagtyň dowamynda ýaramaz täsirini ýetirýär. XX asyryň başynda tekerleriň heniz tebigy kauçukdan ýasalýan döwründe olaryň deň ýarysy gaýtadan işlenilip, täze tekerleri ýasamakda peýdalanylypdyr. Häzirki döwürde awtomobilleriň tekerleriniň 80 göterimi gaýtadan dikeldilmeýän uglewodorod önümlerinden taýýarlanylyp, olaryň diňe birnäçe göterimi gaýtadan peýdalanylýar. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda dünýä boýunça ulanyşdan galan tekerleriň ýarysyna golaýy zibil taşlanýan meýdanlarda ýakylýan eken. Emma olar ýananda, atmosferanyň düzümine zäherli gazlaryň tutuş toplumy zyňylýar. Ulanyşdan galan tekerleri gaýtadan işlemek bolsa diňe bir daşky gu

Telekeçilik ösüş ýolunda

Güneşli Diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagyny ösdürmek we goldamak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmekde telekeçilige uly orun degişlidir. Telekeçiler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen badalga berilýän maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bu gün döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmekde, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri nusgalykdyr» diýen sözleri munuň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe hem-de durmuş şertleri döredilýär. Döwlet derejesinde edilýän aladalar telekeçilerimizi netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, daşary ýurt bazarlarynda-da barha giň orun almagy juda guwandyryjydyr. 

Balyk — rysgal-bereket

Türkmeniň saçagynda balykdan taýýarlanan tagamlaryň aýratyn orny bar. Irki döwürlerden bäri balykçylyk bilen meşgullanyp, ondan dürli görnüşli tagam taýýarlamagy başaran ata-babalarymyz ol usullary nesillerine-de öwredipdirler. Bu günki gün ýurdumyzda balykçylyga uly üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň oktýabrynda pudagyň kärhanalarynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan hususylaşdyrylmagy netijesinde, pudagyň işi has-da işjeňleşdirildi, döwrebaplaşdyryldy. Olar geçen bäş ýyldan gowrak wagtyň içinde giň gerimli işleri durmuşa geçirdiler. Ilkinji nobatda, ähli suw howdanlarynda gözegçilik işleri ýola goýuldy. Ýörite hünärmenler işe kabul edilip, howdanlarda balygy goramak, köpeltmek we munuň üçin şertleri döretmek işlerine girişildi. Motorly gaýyklaryň birnäçesi satyn alyndy. Dünýäniň balykçylyk boýunça öňdebaryjy tejribesine daýanylyp, ýörite abzallar we enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanalaryň işi ýola goýuldy. Uly göwrümli sowadyjylaryň gurulmagy ilatyň islendik möwsümde bu önüm bilen üpjün edilmegine şert döretdi.

«Tomsuň» önümleri mydama siz bilen...

Türkmen bazarynyň kuwwatly hususy kärhanalarynyň biri bolan «Tomus» söwda we önümçilik birleşigi eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri halkyň ösen isleglerini kanagatlandyrýan azyk harytlaryny öndürmek we satmak esasynda türkmen milli ykdysadyýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşup gelýär. Telekeçi Osman Muhamedniýazow tarapyndan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde 2002-nji ýylda açylyp, häzirki wagta çenli çörek we konditer önümleriniň önümçiligi bilen meşgullanyp gelýän «Tomus» hususy kärhanasy ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, türkmen bazarlarynyň berekedini artdyrmaga, söwda nokatlaryny ata Watanymyzda ýetişýän ak bugdaýyň ýokary hilli unundan taýýarlanýan azyk harytlary bilen üpjün etmäge işjeň gatnaşýar.

Her ädimiň rahatlygy

Milli telekeçilik barada gürrüň edilende, gözel ýurdumyzyň hususy pudagynda ilkinjileriň biri bolup, aýakgap önümçiligini ýola goýan «Röwşen» aýakgap hususy kärhanasy göz öňüňe gelýär. Ukyp-başarnykly, zähmetsöýer telekeçi Bäşim Nurýagdyýewiň iş tejribesi ýurdumyzyň telekeçileriniň arasynda giňden ýaýrady. Onuň ýolbaşçylygyndaky hususy kärhanada işler dünýä tejribesine laýyklykda ýola goýlup, täzeçe usullarda alnyp barylýar. Biz diňe bir Mary welaýatynda däl, eýsem, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem giňden tanalýan «Röwşen» hususy kärhanasynyň hünärmeni Gülnar Öwezmyradowa bilen söhbetdeş bolduk.

«Her gün» her öýde islegli

«Her gün» haryt nyşanly önümçilik bölümini dörediji Alym Joraýew bilen ol ýaňy hususy işine başlan günlerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminde duşuşypdyk. Bölümde ondan başga-da telekeçileriň onlarçasy ýygnanypdy. Ýaňy işini ýöredip başlan telekeçiler şeýle duşuşyklara höwes bilen gelýärdiler. Bu duşuşyklar olar üçin örän bähbitlidi, olara iş ýöretmegiň gymmatly maslahatlary berilýärdi, ýaňy ýörjen-ýörjen bolup başlan hususy kärhanalara döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldawlary hödürlenilýärdi, ýüze çykýan käbir meseleleriň oňyn çözgütleri dessine kabul edilýärdi. Alym Joraýew şonda telekeçilik işine höwes bilen başlandygy barada gürrüň beripdi. Heniz ol «Her gün» haryt nyşanly önümçilik bölümini döretmändi. Şol döwürde bu işde onçakly tejribesi bolmadyk telekeçiniň özbaşdak işe bolan höwesini welin, söhbetdeşligiň hörpünden hem aňsa bolýardy. Gahryman Arkadagymyzyň şol günlerde telekeçileri maliýe taýdan goldamak babatynda dürli ýeňillikleri göz öňünde tutýan möhüm resminamalary, aýratyn-da salgyt tölegleri boýunça döredip beren birtopar ýeňillikleri Alym ýaly özbaşdak iş açanlara uly goldaw boldy.

«EREM» — ÝUR­DU­MYZ­DA IL­KIN­JI SUB­LI­MIR­LE­NEN MI­WE­LER

Ýur­du­myz­da tä­ze­çil iş usul­la­ry­ny, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry öz­leş­di­rip, ýo­ka­ry hil­li önüm­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­ýän te­le­ke­çi­le­riň sa­ny bar­ha art­ýar. Şeý­le hu­su­sy­ýet­çi­le­riň bi­ri-de Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­by­nyň çä­gin­de dür­li gör­nüş­li mi­we­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýän «Mi­we» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň dü­zü­min­dä­ki «Hem­sa­ýa» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­dir. Ekin meý­dan­la­ryn­da dür­li gör­nüş­li mi­we­ler­den we 5 gek­ta­ra ba­ra­bar ýy­la­dyş­ha­na­da ba­nan­dan bol ha­syl al­ýan ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň hü­när­men­le­ri ýa­kyn­da ýur­du­myz­da il­kin­ji bo­lup, «Erem» ha­ryt ny­şa­ny bi­len sub­li­mir­le­nen mi­we­le­riň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­dy. Hä­zir­ki wagt­da «Erem» ha­ryt ny­şan­ly sub­li­mir­le­nen ba­nan, al­ma, şet­da­ly, ýer­tu­da­na, şeý­le hem ga­wun bö­lek­le­ri ýur­du­my­zyň mar­ket­le­rin­de we on­laýn söw­da dü­kan­la­ryn­da aly­jy­la­ra hö­dür­len­ilýär. Bi­zem «Hem­sa­ýa» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň hü­när­men­le­ri­niň be­ren gür­rüň­le­ri esa­syn­da sub­li­mir­le­nen mi­we­le­riň ön­dü­ri­li­şi we peý­da­la­ny­ly­şy ba­ra­da taý­ýar­lan ýaz­gy­my­zy oky­jy­la­ra hö­dür­le­ýä­ris. Eý­sem, sub­li­mir­le­nen azyk önüm­le­ri nä­me? Azyk önüm­le­ri sub­li­mir­le­nen­de, ýö­ri­te wa­kuum en­ja­myn­da ola­ryň dü­zü­min­dä­ki suw il­ki ga­ty ha­la ge­çip, bu­za öw­rül­

Alkyşdan paýly «Parahat»

Bu kärhana halkyň isleglerini bireýýäm kanagatlandyrmagy başardy. «Joş», «Eçil», «Han çaý», «Özi», «Ýeserje», «Däp», «Dat», «Süýtli dere», «Han şöhlat» ýaly onlarça meşhur haryt nyşanlaryny öz içine alýan «Parahat» hususy kärhanasy ýurdumyzda iri önüm öndürijileriň hatarynda bellidir. 1993-nji ýylda esaslandyrylan bu kärhana ýerli bazara ilkinji gezek şöhlat önümleri bilen gelen hem bolsa, häzirki wagtda onuň önümçilik gerimi has giňedi. Soňky ýyllarda «Parahat» hususy kärhanasynyň önümçilik zynjyry tebigy şireler we nektarlar, sowuk çaýlar, gazlandyrylan içgiler, miwe we gök önümlerden taýýarlanylan köp görnüşli pýureler, süýt önümleri, konsentratlar, et önümleriniň dürli görnüşleri bilen baýlaşdy.

Günbatar sebitde işewürlik işjeňleşýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyny we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde türkmen telekeçileri möhüm orny eýeleýär. Çünki häzirki döwürde önümçiligiň tehniki ösüşi, sarp edijileriň islegleriniň döwrebap derejede kanagatlandyrylmagy, esasan, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň alyp barýan işleriniň netijeliligine bagly bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamy ösdürmäge berýän goldaw-hemaýatlaryndan ruhlanyp, Balkan welaýatynyň telekeçileri hem uly üstünlikleri gazanýar. Soňky 15 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda welaýat boýunça dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berlen häzirki zaman orta mekdepleriňdir çagalar baglarynyň, medeni we sport maksatly desgalaryň, dürli görnüşli önümleri, senagat harytlaryny öndürýän kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny ýerli hususy kärhanalaryň gurluşykçylarynyň ýokary hil ülňülerine laýyk derejede bina edendiklerini hem aýratyn nygtamak gerek. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň hususyýetçileri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Günbatar sebitiň şäherlerinde, obadyr şäherçelerinde gurulýan ymaratlaryň, senagat maksatly dürli desgalaryň, ýollaryň gurluşyklaryny amala aşyrmakda ussatlyk görkezdiler.

Önümleri bilen adygan

Bu günki gün milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýyny artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak ugrundaky tagallalaryň netijesinde, türkmen işewürleri täze önümleriň dürli görnüşlerini öndürýärler. Şolaryň hatarynda dünýä tejribesiniň gazananlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary durmuşa ornaşdyryp, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini yzygiderli ýokarlandyrýan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täç hil» hususy kärhanasy hem bar. Polietilen torbalaryň, arassaçylyk serişdeleriniň we hojalyk himiýa harytlarynyň önümçiliginde uly üstünliklere eýe bolan bu kärhananyň döwrebap önümçilik toplumy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär.

Işewürleriň eksport paýy artýar

Berkarar döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň gerimi barha giňelýär. Bu gatnaşyklaryň ösmeginde telekeçilerimiziň paýy aýratyn uludyr. Türkmen telekeçileriniň 2023-nji ýylda eksporta iberen oba hojalyk önümleri ABŞ-nyň 135 million dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10 göterimden hem ýokarydyr. Eksport ugurly önümleriň möçberiniň artmagynda lebaply telekeçileriň hem paýy uludyr. Içerki bazary zerur bolan önümler we harytlar bilen üpjün edip ugran lebaply telekeçileriň täze bazarlary gözläp başlamaklary olaryň iş tejribeleriniň has artýandygyny, öz işlerine barha kämilleşýändiklerini aýdyň görkezýär. Welaýatymyzyň telekeçileri her ýylda ABŞ-nyň onlarça million dollarlyga barabar önümleri eksport edýärler. Bu görkeziji milli ykdysadyýetimiziň eksport ugrunyň ösmegine lebaply hususyýetçileriň goşýan goşandynyň saldamlydygyny aýdyň görkezýär.

Işewürleriň işleri ileri

Halkymyzyň çekýän asylly zähmetinden rowaçlanýan eziz Diýarymyz bu gün dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işler, oňyn özgertmeler ata Watanymyzyň ykdysady binýadyny berkitmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ajaýyp zamanamyzda milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde hususy telekeçileriň mynasyp paýynyň bardygyny olaryň alyp barýan işlerinde aýdyň görmek bolýar. Ýurdumyzyň telekeçileri dünýäniň ösen tehnologiýalaryny, öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak arkaly, içerki bazarlary öz ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün edýärler. Hormatly Prezidentimiziň hususy ulgamy höweslendirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň telekeçilerini öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

«TÜRKMEN ŞÖHLE»: Ýerli çig maldan ýokary hilli önümler

Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryndan alynýan önümlerini gaýtadan işläp, halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny döretmäge goşant goşýan hem-de önümlerini daşary ýurtlara eksport edýän hususy kärhanalaryňdyr hojalyk jemgyýetleriniň gazanýan üstünlikleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň rowaçlanýandygynyň nyşanydyr. 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň öňdebaryjy etraby diýlip yglan edilen Ak bugdaý etrabynda şeýle kärhanalaryň köp bolmagynda hem özboluşly many bar. Munuň özi gadymy medeniýetiň döräp, kemala gelen mekanynyň täze taryhy eýýamda täzeden galkynýandygynyň nyşanydyr. Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän plastik önümleri öndürýän «Türkmen şöhle» hususy kärhanasynda bolanymyzda hem biz bu hakykata ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdik.

Söwda toplumyndaky şanly sepgitler

3 — 5-nji aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümler we hususyýetçiler tarapyndan ýaýbaňlandyrylan sergi milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň kuwwatlanýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Giň gerimli gözden geçiriliş häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşini, önümçilik kuwwatlyklarynyň uly geljegini aýdyň görkezdi. Bu sergide dürli ugurlarda iş alyp barýan söwda toplumynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarydyr düzümleriniň 210-dan gowragy öz öndürýän ýokary hilli önümlerini, hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürlediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň söwda toplumynyň sergisine baryp görmegi sergä gatnaşyjylarda ýakymly pursatlary döretdi. Milli Liderimiz häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän önümçiligi artdyrmak, oňa täzeçil tehnologiýalary, döwrebap usullary ornaşdyrmak, bu babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri barada gymmatly maslahatlaryny berdi. Biz hem serginiň çäklerinde bolup, täze önümler we önümçilikler bilen gyzyklandyk, bu ugurda önjeýli işleri alyp barýan hünärmenler bilen söhbetdeş bolduk.

Hyrydarly harytlar

Düýn Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi açyldy. Sergi ýurdumyzda gazanylan üstünlikleri hem-de türkmen harytlarynyň öndürilişiniň möçberini giňeltmekde we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde geljekki mümkinçilikleri görkezmäge gönükdirilendir. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri, ýurdumyzyň raýatlary, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.Biz hem söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylaryň ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.