"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Döwrebap desgalar halkyň hyzmatynda

Milli ykdysadyýetiň düzüminde paýy barha artyp, daşary ýurtlardan getirilýän we eksporta niýetlenen önümleri öndürmekde, ilata ýokary derejeli hyzmatlary ýola goýmakda uly tejribe toplan işewür düzümleriň 29 müňden gowragyny özünde jemleýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy özboluşly baýramçylyk ruhuna beslendi. 17-nji martda paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda dabaraly ýagdaýda açylan işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi ak mermerli Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik toplumynyň üstüni ýetirýär. Umumy meýdany 4,7 gektara deň bolan çäkde ýerleşýän döwrebap toplum birnäçe köpugurly desgasy, merkezde ýerleşýän üç gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny özünde jemleýär. 55 müň 377 inedördül metr meýdany bolan söwda-dynç alyş merkeziniň düzümine köp sanly desgalar, şol sanda harytlaryň we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän supermarket girýär. Söwda merkeziniň köp sanly dükanlaryndaky haryt bolçulygyny synlap, soňky ýyllarda hususy telekeçiligiň önümçilik kuwwatlyklarynyň has-da ýokarlanandygyna, telekeçilik düzümleriniň döwrebap tehnologiýalar arkaly senagat taýdan ýokary derejelere ýetendigine göz ýetirmek bolýar. Dükanlardan başga-da, toplumyň düzüminde oýun meýdançalary, kinozallar, oýun awtomatly çagalar dynç alyş şäherjigi, restoran, kafe, toý mekany we beýlekiler bar

Milli işewürligiň täze derejesi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide has-da aýdyň şöhlelenýär 17-nji martda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda türkmen telekeçileriniň üstünlikleriniň sergisi we maslahat öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Berkarar döwletimizi, bagtyýar döwrümizi, beýik galkynyşlarymyzy arzuw eden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän bu giň möçberli sergi milli ykdysadyýetimiziň barha pugtalanýan kuwwatyny, saçaklarymyzyň berekedini, bazarlarymyzyň bolçulygyny açyp görkezýär» diýlip bellenilişi ýaly, nobatdaky gözden geçiriliş häzirki döwürde milli işewürligiň ösüşleriň täze derejesine çykandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

TSTB-niň dö­re­dil­me­gi­niň 16 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan ser­gi we mas­la­hat öz işi­ne baş­la­dy

17-nji mart­da paý­tag­ty­myz­da­ky Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 16 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­ny­lan ser­gi we bir­leş­mä­niň ag­za­la­ry­nyň mas­la­ha­ty öz işi­ne baş­la­dy. Bu ýer­de gör­ke­zil­ýän önüm­ler we beý­le­ki gym­mat­lyk­lar hä­zir­ki dö­wür­de mil­li işe­wür­li­giň ösü­şiň tä­ze de­re­je­si­ne çy­kan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­na öw­rül­di.

Ýürek sözi

Begenç Gurbanberdiýew, «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy: — Be­ýik akyl­dar şa­hy­ryň doglan gününiň 300 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan wa­ka­nyň şa­ýa­dy bol­mak buý­san­dyr­ýar, gu­wan­dyr­ýar. Ýa­kyn­da, has ta­ky­gy, 13-nji mart­da se­na­gat dü­zü­mi­niň no­bat­da­ky wa­jyp des­ga­sy — Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi mi­nistr­li­gi­niň bu­ýur­ma­sy esa­syn­da ýyl­da 1 mil­lion ton­na se­ment ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen Le­bap se­ment za­wo­dy­nyň ikin­ji tap­gy­ry gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Bu ta­ry­hy wa­ka hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­na­şyp, za­wo­dyň açy­ly­şy­na ak pa­ta ber­me­gi bol­sa buý­sanç­ly ba­şy­my­zy gö­ge ýe­tir­di. Tä­ze za­wo­dyň gur­lu­şy­gy­nyň «Türk­men en­jam» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tine yna­nyl­ma­gyny bol­sa işi­mi­ze go­ýul­ýan uly sar­pa­dan ny­şan ha­sap­la­ýa­ryn. Açy­lyş da­ba­rasynyň çä­gin­de des­ga­nyň gur­lu­şy­gy­ny alyp ba­ran gur­lu­şyk­çy­la­ra hor­mat­ly Pre­ziden­ti­mi­ziň ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry­ny gow­şur­ma­gy bi­zi diý­seň be­gen­dir­di. Zäh­me­ti­ňe my­na­syp ba­ha be­ril­ýän ýurt­da ýa­şa­mak bagt. Şeý­le aja­ýyp za­ma­na­da ýa­şad­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za köp sag­bol­sun aýd­ýa­ryn. Goý, ola­ryň jan­la­ry sag, be­lent baş­la­ry aman bol­sun!

«ŞIR ÝAG» HEREKETDE

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň çäginde «Asuda akym» hojalyk jemgyýetine degişli bolan «Şir ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglarynyň önümçiligi öz işine başlady. Aw­tou­lag­lar, se­na­gat we oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry üçin ni­ýet­le­ni­len ýag­la­ryň il­ki­baş­da 25 gör­nü­şi­ni ön­dür­mek me­ýil­leş­di­ril­di. Indi önüm­çi­li­giň ge­ri­mi­ni iki es­sä çen­li art­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­ler. «Şir ýag» ha­ryt ny­şan­ly ýag­lar dür­li öl­çeg­dä­ki plas­tik gap­la­ra gap­la­ny­lyp, ba­za­rlara ýaý­ra­dyl­ýar.

«Täze Aýyň» täze kärhanasynda

in­no­wa­sion önüm­çi­lik mil­li däp-des­sur­lar bi­len ut­gaş­ýar Milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde uly paýy bolan ýur­du­my­zyň al­tyn gaz­na­sy­na de­ňel­ýän hu­su­sy­ýet­çi­ler Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 16 ýyl­ly­gy­ny my­na­syp toý sow­gat­la­ry bi­len gar­şy­la­dy­lar. Te­le­ke­çi Be­genç Ora­zo­wyň «Tä­ze Aý» ha­ryt ny­şan­ly et, şöh­lat we ýa­rym taý­ýar azyk önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­sy­nyň tä­ze önüm­çi­lik top­lu­my­nyň — in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da iş­le­ýän döw­re­bap mal so­ýul­ýan gas­sap­ha­na­sy­nyň we et önüm­le­ri kär­ha­na­sy­nyň işe gi­ri­zil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Türk­men te­le­ke­çi­le­ri Daş­kent­de hal­ka­ra ser­gä gat­na­şar­lar

2024-nji ýy­lyň 22 — 24-nji ap­re­li ara­ly­gyn­da Öz­be­gis­ta­nyň Daş­kent şä­he­rin­de «In­nop­rom. Mer­ke­zi Azi­ýa» hal­ka­ra ser­gi­si ge­çi­ri­ler. 10 müň­den gow­rak gat­na­şy­jy­ny bir ýe­re jem­le­jek ser­gi­de se­bi­tiň 400 kom­pa­ni­ýa­sy öz önüm­le­ri­ni we hyz­mat­la­ry­ny gör­ke­zi­li­şe çy­ka­rar­. Ser­gä türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň hem gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu hal­ka­ra ser­gä Türk­me­nis­tan bi­len bir­lik­de, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Gyr­gy­z Respublikasynyň we Azer­baý­ja­nyň we­kil­le­ri gat­na­şar­lar.

Bazar gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi — Türkmenistanyň ykdysady ösüş nusgasy

Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iri forumy geçirilýär Aşgabat, 17-nji mart (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezýän üç günlük giň gerimli sergi açyldy. Onuň çäklerinde maslahatyň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.

Hususy pudagyň orny ýokarlanýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli 17 — 19-njy mart aralygynda Aşgabatda sergi we maslahat guralar. Sergä birleşmäniň 230-dan gowrak agzasy öz önümleri bilen gatnaşar. Munuň özi türkmen telekeçileriniň üstünlikleriniň özboluşly gözden geçirilişi bolar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylda döredildi. Onuň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda, bazar gatnaşyklarynyň täze tapgyrynda aýratyn möhüm waka boldy. TSTB-niň hatarynda iri möçberli özgertmeleri, şol sanda şähergurluşyk, obalaryň, şäherçeleriň we şäherleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalary amala aşyrmaga goşant goşýan kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň müňlerçesi bar.

TSTB-niň ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi açyldy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi işe girizildi. Bu merkez işewürligi goldamak üçin toplumlaýyn hyzmatlary hödürlär diýip, Türkmenistan Halkara habar merkezi habar berdi. Merkez telekeçilere, ýuridiki şahslara we raýatlara hyzmatlaryň giň toplumyny, şol sanda taslamalara guramaçylyk-hukuk, maliýe-ykdysady goldawlaryny berer. Şeýle hem Merkez maýa goýumlaryny çekmek, taslamalary durmuşa geçirmek, işewürlik üçin amatly şertleri döretmek boýunça maslahatlary, salgytlar ulgamynda, ykdysady dolandyryşda, gümrük kadalaşdyrylyşynda goldawlaryny hödürlär.

Zähmetden bagt tapan işewür zenan

Suratda: «Gerçek» haryt nyşanly aýakgaplary öndürýän kärhananyň esaslandyryjysy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanyndaky Işewür zenanlar merkeziniň Mary welaýat bölüminiň başlygy Aýhan Rejepowa. Diýarymyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan zenanlar ähli ugurlarda gazanylýan ösüşlere mynasyp goşant goşup, belent hormata eýe bolýarlar. Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan telekeçilikde hem işewür zenanlaryň eýeleýän orny bellenilmäge mynasypdyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp,  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gerçek» haryt nyşanly aýakgaplary öndürýän kärhananyň esaslandyryjysy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanyndaky Işewür zenanlar merkeziniň Mary welaýat bölüminiň başlygy Aýhan Rejepowa bilen ýazga geçiren söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirýäris.

Güller size, gözeller!

Dünýä ýylylyk eçilip, töwerek-daşa janlanyş berýän baharyň ilkinji baýramy — Halkara zenanlar güni özi bilen bile «Baýramçylyga näme sowgat etmeli?» diýen sowaly-da getirýär. Sowgat kän, ýöne ynsany ýagty dünýä inderen, ak süýt berip, ak günlere ataran güler ýüzli enelere, ähli gelin-gyzlara ýüregimiziň emri bilen beren güllerimiz deý arzyly sowgat bolmasa gerek! Güllere gözi düşen zenanlaryň çalaja bolsa-da ýylgyrmadygy az-azdyr. Bu ýöne ýere däl. Türkmen «gül ýaly owadan», «gülläp ösüş», «gül ýüzli», «gülüň ysy gelip dur», «gülden näzik», «ýagdaýym, durmuşym gül ýaly» diýen jümleler, arzuwlar, ýagşy sözler bilen-de diňe oňatlygy, gözellikleri beýan etmäge çalyşýar. Halkymyzda gyzlara at dakylanda «gül» sözüniň adyň esasy böleginiň öňünden ýa-da yzyndan getirilmegi olaryň arasyndaky meňzeşligiň, baglanyşygyň örän giň mana eýediginden nyşan. Asyrlaryň ilçisi, arşyň nepisligi hasaplanýan türkmen halylarynyň göllerinde, keşdeleriniň nagyşlarynda hem gülleriň şekillerine köp duş gelmek bolýar. Türkmen gelin-gyzlary güllerden ylham alyp, olary ajaýyp esere öwürmegi başarypdyr. Güller ýazlary buşlaýan ajaýyp gözelligi özünde jemleýär. Şonuň üçin, belki-de, merjen paýtagtymyzyň, oba-şäherlerimiziň ýollarynyňdyr ýanýodalarynyň ýakalaryny, seýilgählerini, jaýlaryň daş-töweregini dürli-dümen, hoşboý ysly güllere beslemek asylly ýörelgä öwrülendir.

Täze önümçiligiň giň mümkinçilikleri

1-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde «Şanly bedew» hojalyk jemgyýetiniň täze önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Bu önümçilik toplumynda innowasion usullary ulanmak arkaly gurluşyk işlerinde giňden peýdalanylýan polat turbalaryň we profilleriň önümçiligi alnyp barlar. 5 gektar meýdany eýeleýän döwrebap toplum edara binasyndan, önümçilik sehinden we ammarlardan ybarat. Önümçilik kärhanasy iň ýokary takyklyk bilen kesýän enjam, ýokary ýygylykly kebşirleýiş enjamy hem-de halkara ülňülerine laýyk gelýän önümiň tegelek, inedördül we gönüburçly şekilini emele getirýän enjam bilen üpjün edilendir. Ýokary tehnologik enjamlar Italiýanyň, Ýaponiýanyň we Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilendir. Täze toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 12 müň tonna polady gaýtadan işläp, ýokary hilli polat turbalary we profilleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

«Nur Ýüpekde» nur bar

Soňky ýyllarda zenanlaryň arasynda uly meşhurlyk gazanan gülýüpek matalary öwgä, tarypa mätäç däl. Bu ajaýyp matalaryň näderejede arzylydygyny zenanlar gowy bilýär. Ähli pasyllarda geýmäge ýakymly bolan bahar öwüşginli bu matalar diňe toýly günleriň däl, eýsem, adaty iş günleriniň hem iň ýakymly matasy hökmünde bellidir. Gyz-gelinleriň isleglerini kanagatlandyrmagy başaran «Nur Ýüpek» matalary hakynda bilýänleriňiziň üstüni ýetirmek maksady bilen, «Nur Ýüpek» haryt nyşanly önümleri hödürleýän kärhananyň direktorynyň kömekçisi Sona Rodionowa bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

Täze kärhana ulanyşa girizildi

Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde polat turbalary we profilleri öndürýän häzirki zaman kärhanasy açylyp ulanmaga berildi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäginde gurlan täze kärhananyň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslendi. Welaýat, etrap häkimlikleriniň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleriniň, Mejlisiň deputatlarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem-de beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan dabarada ajaýyp waka mynasybetli gutlaglar aýdyldy. Çykyş edenler täze kärhananyň ähmiýeti we mümkinçilikleri barada söz açmak bilen, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň senagat pudagyny ösdürmek, özümizde öndürilýän gurluşyk önümleriniň önümçiligini giňeltmek, bäsdeşlik mümkinçiligini ýokarlandyrmak, eksportyň möçberini artdyrmak, hususy pudagyň wekillerine goldaw-hemaýat bermek babatdaky tagallalaryna alkyşly sözlerini beýan etdiler.

Işleri ilerleýän «Ak bulut»

Güýçli depginde senagatlaşýan ýurdumyzda hususy pudagyň wekilleri ýokary hilli senagat önümlerini öndürmekde uly öňegidişlikleri gazanýarlar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berlişine görä, 2023-nji ýylda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümçiliginiň ösüş depgini 106,7 göterime barabar boldy. Ýurdumyzda senagat harytlarynyň önümçiliginde öňdebaryjy orunlaryň hataryndaky hususy düzümleriň biri hem «Ak bulut» hojalyk jemgyýetidir. Bu hojalyk jemgyýetiniň esasy önümçilik toplumy 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň öňdebaryjy etraby hökmünde saýlanan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär. — «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, gurluşyk materiallarynyň, esasanam, asma potoloklaryň, profilleriň we olar bilen ugurdaş serişdeleriň önümçiligini ýola goýdy. Hojalyk jemgyýetimiz Türkmenistanda asma potoloklaryň we profil ulgamlarynyň önümçiligine başlan ilkinji kompaniýadyr — diýip, «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň direktory Gündogdy Atakow gürrüň berýär.

Hem tagamly, hem peýdaly

Häzirki döwürde importyň ornuny tutýan we beýleki ýurtlarda uly islegli önümleri öndürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň işewürleri döwrüň talaplaryndan ugur alyp, dürli ugurlarda önümçiligi yzygiderli giňeldýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Bagdan» hususy kärhanasy hem önjeýli zähmet çekip, ýokary netijeleri gazanmak bilen, bazar bolçulygyna mynasyp goşandyny goşýar.

Ýedi hazynanyň biri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň biri bolan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini döretmek barada täze başlangyçlary öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde uly goldawlary berýär, netijeli zähmet çekmäge, ýokary hilli önümleri öndürip, azyk bolçulygyna goşant goşmaga oňaýly şertleri döredýär. “Esasgurluşyk” hususy kärhanamyzyň Daşoguz şäheriniň eteginde ýerleşýän guşçulyk toplumynda önümçiligiň dürli görnüşleri bilen bilelikde, guşçulygy ösdürmek ugrunda hem uly işler alnyp barylýar. Meýdany 3 gektara barabar bolan kärhanamyzda häzir towuklaryň 130 müňden gowragy saklanylyp, guş etiniň we ýumurtganyň önümçiligi ýola goýuldy.

Türkmenistanyň zenan telekeçileri AWE programmasyna gatnaşmaga çagyrylýar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda «Zenan telekeçileriň akademiýasy» (AWE) programmasyna gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilip başlanandygyny mälim edýär. AWE — bu zenanlara üstünlikli iş alyp barmak üçin zerur başarnyklary ösdürmäge kömek edýän mugt üç aýlyk programmadyr.

Mahabat — işewürligiň hereketlendirijisi

Ýurdumyzda söwda we telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny artdyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik ugurlarynyň biridir. Telekeçiler hyzmat ediş ulgamynyň we söwdanyň ösdürilmegine maýa goýumlary goýýarlar. Ilata durmuş, mahabat hem-de neşirýat hyzmatlarynyň giň gerimini hödürleýärler. Olar içerki we daşarky bazarlara getirilýän täze önümleri bilen sarp edijileri begendirýärler. Bu bolsa önümleriň görnüşleriniň mahabatynyň giňeldilmegine hem-de ýurdumyzyň ýokary hilli önümleriniň eksportynyň artmagyna ýardam berýär.