"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Kitaphana — ruhy hazyna

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ruhy baýlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi, mähriban halkymyzyň, aýratyn hem, ýaşlaryň intellektual derejesiniň ýokarlanmagyna, aň-paýhas kämilligine uly ýardam edýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary bilen golaýda wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda türkmen medeniýeti barada eden çuň manyly çykyşy biziň ählimizde uly ruhubelentlik döretdi. Kitaba uly hormat goýýan hormatly Prezidentimiz: «Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär» diýip aýratyn nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kitaphanalaryň işini has-da kämilleşdirmek we ýurduň ähli künjeklerinde täze kitaphanalaryň gurulmagy, elektron kitaplar bilen üpjün etmek baradaky aladalary bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär. Kitaphana ulgamynda zähmet çekýän her bir hünärmeniň öňünde uly borç durýar. Halkyň aň kämilliginde kitaba uly orun degişlidir. Elbetde, munuň özi, ýurdumyzda alnyp barylýan döwletli işleriň ählisiniň özeninde durýar. Mähriban Arkadagymyz bu babatda şeýle diýýär: «Amala aşyrýan özgertmelerimiz çuň mazmunly eserleriň, çeper kitaplaryň üsti bilen halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesliň aňyna ýetirilmelidir».