Aýdym-saza siňen waka
Adamyň ömür ýoly ýaly aýdym-sazyň hem öz döreýşi bolýar. Onuň käte tötänden döreýşi hem bolýar eken. Ykbal, nesibe aýdym-sazdan gowy baş çykarmaýan bolsaňam aýdymyň döremegine dahylly bolunýan halatlary-da gabat gelinýär ekeni. Meniň durmuşymda hem şeýle waka boldy. Geň zat: her öýünde diýen ýaly dutar çalynýan, bagşyly-sazandaly obada önüp-ösen hem bolsam, men aýdymyň, sazyň heňini yzarlap bilýän adam däl. Oňa garamazdan, men «Aşgabadyň agşamy», «Ynandyr», «Toýuňa çagyr meni», «Oýar sen meni», «Düýnden bäri» diýen ýaly ondan gowrak aýdymlaryň sözleriniň awtory boldum. Meniň aýdym-saz bilen ýakynlaşmagymyňam öz sebäbi boldy. Şol mahal ýaş şahyr Italmaz Nury ikimiz 1960—1965-nji ýyllarda Moskwanyň Edebiýat institutynda okan döwürlerimizde soň tanymal kompozitorlar, aýdymçylar bolup ýetişen Nury Halmämmedow, Aman Agajykow, Myrat Ataýew, Rejep Allaýarow, Rejep Rejebow, Aýdogdy Gurbanow, Pendiguly Baýramow, Amanmyrat Orazmyradow, Nury Meredow, Orazgeldi Berdiýew, (soňrak Suhan Tüýliýew) dagy Moskwanyň konserwatoriýasynda okaýardylar. Biz her hepdede diýen ýaly ýa konserwatoriýada ýa-da Edebiýat institutynda duşuşýardyk, aýdym-saz diňleýärdik, goşgy okaşýardyk. Nury Halmämmedowyň Magtymgulynyň sözlerine döreden romanslarynyň birnäçesiniň biziň umumy ýaşaýyş jaýymyzyň klubundaky roýalyň başynda dörändigine men şaýat. Myrat Annaýewiň «Aşgabadyň agşamy» diýen aýdymyny hem ilkinji bolu