"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

06.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Eziz Diýarymyzyň giňişliklerinde täze baglyklaryň we seýilgähleriň düýbüni tutmak boýunça giň gerimli çäre ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga, türkmen topragynyň ähli künjeklerini ajaýyp ýaşyl lybas bilen bezemäge gönükdirilendir.

Zemin görki — ýaşyl bag

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 22-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde mundan beýläk-de ekologiýa meselesine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtap, öňümizdäki ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Tebigata aýawly garamagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Şu ýyl eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzümiň jemi 30 million düýp nahalyny ekmek meýilleşdirildi. Ýazky möwsüminde 15 milliondan gowrak bag nahallary ekilip, onuň galan bölegini güýzki möwsümde oturtmaga taýýarlyk görülýär. Geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramynyň şanyna ýurdumyzda 25 million düýp bag nahallarynyň oturdylandygy-da aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Arassa ekologiýa babatda tagallalar birleşdirilýär

Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Wise-premýer forumda türkmen tarapynyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak hem-de onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi. Serdar Berdimuhamedow çykyşynda türkmen wekiliýetiniň adyndan forumy guraýjylara — Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Hökümetine mähirli myhmansöýerlik hem-de maslahatyň netijeli işlemegine döredilen şertler üçin hoşallyk bildirip, ählumumy Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanyň olara ýetmek ugrunda netijeli işleri alyp barýandygyny nygtady. Konwensiýanyň teklibine hem-de onuň Pariž şertnamasyndaky borçnamalaryna esaslanyp, Türkmenistan howanyň üýtgemegi babatynda amaly tagallalary edýär:

Bag — zemine zynat

Bag ekmek — sogap iş. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ählihalk bag ekmek dabaralarynda oturdylan baglar berkarar döwletimiziň hut özi ýaly, gününi sanap, boý alýar. Ine, şu gün hem ýüregi «Watan!» diýip telwas edýän ildeşlerimiz şeýle sogaply işe amal edip, uly buýsanç bilen güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşýarlar. Ýaşyl gurşawy giňeltmek meseleleri häzirki wagtda bütin dünýäniň üns merkezinde saklanýar. Türkmenistan ekologik howplara garşy halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär, olary durmuşa geçirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin öz tekliplerini hödürleýär. Bu babatda milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar. Aşgabatda Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak bilen bagly teklipler möhüm ähmiýete eýedir. Hut şu günler bolsa Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde öz işine başlan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatyna türkmen wekiliýetiniň hem gatnaşýandygy aýratyn bellärliklidir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 6-njy noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -3° sowuk, gündizine +4... +6° maýyl bolar. Howanyň basyşy 744 mm. Çyglylygy 50 — 70 %.

Ekologiýa abadançylygy

Tebigatyň döwlet serhetleri ýok. Bütin dünýäde howanyň üýtgemegi, ozon gatlagynyň zaýalanmagy, çölleşmek howpy, agyz suwunyň ýetmezçilik etmegi, daşky gurşawyň hapalanmagy, ösümlikleriň we haýwanlaryň biologik taýdan köpdürlüliginiň kemelmegi bilen baglanyşykly meseleler hem-de töwekgelçilikler häzirki döwrüň çylşyrymly hem-de möhüm meselesi bolup durýar. Şol meseleleri çözmek diňe dünýäniň ähli ýurtlarynyň jebisleşip gatnaşan mahaly mümkindir. Daşky gurşawy goramak, amatly ekologiýa ýagdaýy saklamak, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerine ilatyň saglygyny berkitmek hem-de immun derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn işiň ähmiýetli, aýrylmaz bölegi hökmünde garalýar.

Sogap işde paýyň bolsun!

Daş-töweregi gurşap alýan tebigatyň arassalygy ynsan saglygynyň girewidir. Şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiziň ekologiýa başlangyçlary dünýä derejesinde gyzgyn goldaw tapýar, halkara gatnaşyklarynda ygtybarly binýat bolup, global meseleleriň oňyn çözgüdini tapmakda ýolgörkezijä öwrülýär. Ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmeginde, dem alýan howamyzyň arassa bolmagynda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň ähmiýeti uludyr. Gözel ülkämiziň ajaýyp tebigatyny, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda, bahasyna ýetip bolmajak işler edilýär. Daş-töweregimiziň howasynyň tämizligini saklamakda baglaryň ähmiýeti uludyr. Tebigatyň esasy baýlygy bolan agaç nahallaryny oturtmak maksady bilen geçirilýän dabaralaryň ähmiýeti barha artýar.

Belent maksatlardan ugur alyp

Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Wise-premýer forumda türkmen tarapynyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak hem-de onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi. Serdar Berdimuhamedow çykyşynda türkmen wekiliýetiniň adyndan forumy guraýjylara — Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Hökümetine mähirli myhmansöýerlik hem-de maslahatyň netijeli işlemegine döredilen şertler üçin hoşallyk bildirip, ählumumy Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanyň olara ýetmek ugrunda netijeli işleri alyp barýandygyny nygtady.

Durnukly ösüş we ekologiýa diplomatiýasy

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik özgertmeleri, döwletli tutumlary halkymyzyň durmuş ösüşini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrýar. Bu oňyn görkezijiler parahatçylyk, ösüş we işjeňlik häsiýete eýe bolan daşary syýasatymyzyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylmagyna mynasyp esas döredýär. Ýurdumyzyň ählumumy howpsuzlygyny üpjün etmek düşünjesiniň bitewüliginden ugur alyp, howpsuzlygyň aýry-aýry ugurlaryna degişli bolan ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi ýaly wajyp meseleleri çözmek babatynda beýan edýän dünýä ähmiýetli başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginiň umumy tagallalary bilen utgaşýar. Çünki şeýle başlangyçlary öňe sürmegiň düýp maksady, ilkinji nobatda, ynsany gurşap alýan tebigaty gorap saklamak, tebigy serişdelerimizi netijeli peýdalanmak bilen, olary diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, sebitiň we dünýäniň durnukly ösüşine mynasyp goşant goşmaga gönükdirmekden ybaratdyr. Ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi häzirki wagtda diňe bir ýurdumyz üçin däl-de, tutuş dünýä ýüzüniň öňünde duran wajyp wezipeleriň biri bolup, ol dünýäniň ösüşiniň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda halkara ulgamynda ekologiýa diplomatiýasyny hem dürli derejelerde işjeň alyp barýar.

Bag nahallary ýetişdirilýär

Ak bugdaý etrabynyň Jemagat hojalygy müdirliginiň nahalhanasynyň zähmetsöýer işgärleri ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatdaky tagallalara saldamly goşandyny goşýarlar. Olar müdirligiň 5 gektar meýdany tutýan nahalhanasynda dürli görnüşli bag nahallaryny ýetişdirýärler. Geçen ýyllarda nahalhanada ýetişdirilen saýaly, pürli baglar etrabyň çäginde, bellenilen ýerlerde oturdylyp, bu gün daş-töwerege özboluşly bezeg goşýar.

Iý­mit ga­lyn­dy­la­ry azal­dy­lar

Is­pa­ni­ýa­da res­to­ran­lar, ka­fe­ler we jem­gy­ýet­çi­lik iý­mit kär­ha­na­la­ry üçin tä­ze bir ka­nun tas­la­ma­sy taý­ýar­lan­ýar. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, bu ýer­ler­de iýil­me­dik na­ha­ry müş­de­ri­le­riň ýa­ny bi­len alyp git­me­gi­ni tek­lip et­mek hök­ma­ny ta­lap bo­lar. Müş­de­ri­ler ýan­la­ry bi­len alyp git­jek ta­gam­la­ry üçin gap ge­tir­me­li bo­lar­lar. Jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti kär­ha­na­la­ry tä­ze düz­gün­na­ma­ny gö­rün­ýän ýer­de bil­di­riş hök­mün­de asyp goý­ma­ga ýa-da ta­gam­na­ma­da gör­kez­mä­ge borç­ly edil­ýär. Bu düz­gün­na­ma­nyň Is­pa­ni­ýa­da azyk ga­lyn­dy­la­ry­nyň öňü­ni al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi mä­lim edil­di. Bu ugur­da Ýew­ro­pa­nyň beý­le­ki ýurt­la­ryn­da hem de­giş­li öňü­ni alyş çä­re­le­ri ge­çi­ril­ýär. Me­se­lem, Ita­li­ýa­nyň paý­tag­ty Ri­miň hä­kim­li­gi ta­gam ga­lyn­dy­la­ry­ny zyň­ma­gy azal­dan ha­la­tyn­da jem­gy­ýet­çi­lik iý­mit mer­kez­le­ri­niň sal­gyt­la­ry­ny azalt­ma­gy wa­da ber­di. Olar bu düz­gü­ni ber­jaý eden ha­la­tyn­da 25 gö­te­rim az sal­gyt tö­lär­ler. Mu­ham­met­na­zar ÇA­RY­ÝEW,

Eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa sak­gyç

Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de daş­ky gur­şa­wy aýaw­ly sak­la­mak, ony go­ra­mak we te­bi­ga­tyň ha­pa­la­nma­gynyň öňü­ni al­mak ug­run­da ta­gal­la­lar edil­ýär. Şeý­le dö­wür­de daş­ky gur­şa­wa zy­ýan ber­me­ýän önüm­le­riň önüm­çi­li­gi barha artýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, te­bi­gat­da dar­ga­ýan sak­gyç öndürildi. Ol agaç şep­bi­gin­den we ary­nyň mu­mun­dan taý­ýar­lan­dy. Bu ba­bat­da de­giş­li iş­le­ri awst­ri­ýa­ly in­no­wa­si­on kom­pa­ni­ýa alyp bar­dy. Ada­ty sak­gyç­la­ryň dü­zü­min­de plas­tik bo­lup, te­bi­gat­da uzak wagt­lap dar­ga­ma­ýar. Kä­ha­lat­da ow­nuk jan­dar­lar we guş­lar ýe­re taş­la­nan sak­gy­jy iýip, heläk bo­lup bil­ýär. Te­bi­gat­da dar­ga­ýan sak­gyja süý­jet­mek üçin ber­ýo­za şe­ke­ri, hoş­boý ys ber­mek üçin efir ýa­gy goşul­ýar. Ony 4 gör­nüş­de – nar­pyz, ýer­tu­da­na, ar­ça we dal­çyn ta­gam­ly edip taý­ýar­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le sak­gyç­lar 3 ýew­ro­dan sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy.

Ata Watanymyz bagy-bossanlyga bürenýär

Ýur­du­myz­da 6-njy no­ýabr­da äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy ge­çi­ri­ler. Bu möw­süm­de 15 mil­li­on agaç na­ha­ly­ny oturt­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Prezidentimiziň bi­möç­ber ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny go­wu­lan­dyr­mak ug­run­da hem uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, in­di en­çe­me ýyl­lar­dan bä­ri her ýy­lyň ba­har-güýz pas­lyn­da köp­çü­lik­le­ýin bag na­hal­la­ry­nyň ekil­me­gi­ne ba­dal­ga be­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da to­kaý zo­lak­la­ry bar­ha kö­pel­ýär, te­bi­ga­ty­myz gö­zel­leş­ýär, ho­wa­myz tä­miz­len­ýär.

Ekologiýa abadançylygy — ählumumy wezipe

Metbugatda habar berlişi ýaly, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli toparynyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň — möhüm halkara forumy bolan 26-njy mejlisine gatnaşmagy ekologiýa diplomatiýamyzy dabaralandyrýan ähmiýetli wakadyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň gün tertibinde durýan meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşmak bilen, bu ugurda sebit we global derejede ägirt uly işleri alyp barýar. Ýurdumyz ekologiýa ugry boýunça halkara konwensiýalaryň hem-de köptaraplaýyn resminamalaryň onlarçasyna goşuldy.

Bir nahal ekseň...

Jemgyýetde ynsanyň bagtyýar durmuşy misli ösüp oturan daragt kimindir. Sebäbi eşretli ýaşaýşa-da, gök öwüsýän daragta-da kuwwatly ösüş mahsusdyr. Ynsan hem, daragt hem tebigatyň peşgeşi. Bu sazlaşykly ösüş tebigatyň kanunydyr. Ösüş bolsa kesgitli bir ugra tarap hereketdir, köneden täzä, ýönekeýden çylşyrymla, aşaky derejeden has ýokary derejä ýetmekdir. Çünki eşretli durmuş kuwwatly daragt hökmünde mähriban topragymyzyň köklerine siňip, ösüp, gülläp, miwe getirip, halkymyzyň gadymy, asylly däplerini, umumadamzat gymmatlyklaryny, ösüşiň, bagtyýarlygyň nusgasy kimin şöhlelendirýär. Halkymyzyň «Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr!» diýen ündewi bagtyýarlygy, ösüş tizligini alamatlandyrýar. Ynsan ýaşaýşynyň tebigat bilen syrly sazlaşygynyň manysyny Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belli şahsyýetleriň mysalynda açyp görkezýär. «Gül, sen nädip, öz içiňden açylyp bilýäň?», «Gül öz içinden açylýar, şonuň üçin hem gül owadan, gül näzik, gül ýakymly bolýar» diýen ýaly ajaýyp pelsepewi pikirleriň ýa-da «Derýalar öz suwuny özi içenok, miweli agaçlar hem miwesini özi iýenok» diýen ýaly täsin pelsepewi pikirleriň hanlar hany Abdyrahym hana degişlidigini mysal getirýär.

Ekologiýany we daşky gurşawy goramaklyk siwilizasiýanyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr

Bilşimiz ýaly, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli topary BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşýar. Bu ählumumy çäre Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde öz işine başlady. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň — möhüm halkara forumyň 26-njy mejlisinde tutuş dünýäden döwlet we Hökümet baştutanlary duşuşyp, howanyň ählumumy maýlamagyna garşy durmak boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar hem-de özara hereketleri ylalaşarlar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 4-nji noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +10°, gündizine +9... +11° maýyl bolar. Howanyň basyşy 741 mm, çyglylygy 65 — 85 %.

Ählumumy abadançylygy nazarlap

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli topary BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşýar. Bu ählumumy çäre Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde öz işine başlady. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 26-njy mejlisinde tutuş dünýäden döwlet we Hökümet baştutanlary duşuşyp, howanyň ählumumy maýlamagyna garşy durmak boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşyp, özara hereketleri ylalaşarlar. Ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň ählumumy foruma gatnaşmagy Türkmenistanyň bu meselä örän jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň, adamzat üçin örän çynlakaý wehime garşy durmak üçin umumy, ylalaşykly çäreleriň kabul edilmeginiň derwaýysdygyna göz ýetirýändiginiň subutnamasydyr. Daşky gurşawy goramak meselesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adamlaryň ähli babatda abadan durmuşynyň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň wajyp ugrudyr.

Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli topary BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşýar. Bu ählumumy çäre Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde öz işine başlady. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň — möhüm halkara forumyň 26-njy mejlisinde tutuş dünýäden döwlet we Hökümet baştutanlary duşuşyp, howanyň ählumumy maýlamagyna garşy durmak boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar hem-de özara hereketleri ylalaşarlar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 2-nji noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +18... +20° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 35 — 55 %.