"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Ýaşyl ýaýlanyň ýaraşygy

Gözýetmez giňişliklere uzalyp gidýän Garaguma bezeg berip, janly-jandarlara iýmit, ynsana melhemlik ösümlikleriň biri-de sözendir. Tellerini adaja öwüsýän şemala ykjadyp, sülmüräp oturan bu gyrymsy agaçlar sahawatly sähralarymyza ýaraşyk berýärler. Kösükliler maşgalasyna degişli bolan bu ösümlikler süýşýän, ürgün çägeli ýerlerde ösmäge uýgunlaşandyrlar. Munuň üçin boýy 2 metrden gowrak bolýan bu agaçlar töwerekligine bir metre, dikligine bolsa 30 metrden hem gowrak çuňluga uzaýan kuwwatly köklerine daýanýarlar. Şeýle häsiýetli aýratynlyklary sebäpli sözenler çägäniň süýşmek howpunyň öňüni almakda möhüm hyzmaty ýerine ýetirýärler. Olaryň ýapraklary towşanlardan başlap, ownuk mallar we düýeler üçin iýmit çeşmesi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda sözeniň şahalarynyň, ýapraklarynyň we tohumlarynyň dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýändigi, onuň tohumynyň bolsa halk lukmançylygynda böwrek kesellerini bejermekde ulanylýandygy bellenilýär.

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ördekleriň görnüşleri

Ýurdumyzda ördekleriň birnäçe görnüşi duş gelip, olar daşky keşbi bilen tapawutlanýarlar. Guşlar maşgalasynyň ählisinde bolşy ýaly, ördekleriň horazlary hem has köp reňkli perleri bilen tapawutlanýarlar. Derýa ördekleri uly we orta ölçegdäki suwda ýüzýän guşlardyr. Boýny we aýaklary gysgadyr. Ördekler kölleriň, derýalaryň golaýyndaky agaç köwüklerinde, höwürtgelerde ýaşaýarlar. Iýmitlenende, suwa doly çümmeýärler, olar suwa kellesini çümdürende, guýrugyny dik ýokarlygyna tutup saklanýarlar. Olar ösümlik tohumy, suw we suwýaka ösümlikleriň baldagy, bir topary bolsa suw oňurgasyzlary bilen iýmitlenýärler. Ekinçi ördek öý ördeginden gabarasynyň kiçiligi bilen tapawutlanýar. Olaryň çal, gara öwüşginli perleriniň, goňur aýaklarynyň, arka we gapdal tarapynyň bolsa ýagty tegelek tegmilli çyparrak-çal reňklere utgaşmagyndan «mermer» nagyşlar emele gelýär. Etrek derýasynyň aşaky akymynda, Garagum, Amyderýa, Murgap we Tejen derýalarynda ýaşaýarlar. Türkmenistandan daşarda bolsa Günbatar we Günorta Aziýada, Müsüriň günortasynda, Hindistanyň demirgazyk-günbatarynda, Pakistanda we Eýranda gyşlaýarlar. Gyrmançaly süýji suwly ýalpak köllerde, suw üpjünçiligi ýeterlik bolan çöllük we ýarymçöllüklerde, oba hojalyk ýerleriniň golaýynda ýaşaýarlar. Olar aprel aýynyň ahyrynda uçup gelip, noýabrda uçup gidýärler. Ösümlikler we ownuk oňurgasyzlar bilen iýmitlenýärler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna 2

Mejnun tal, leýlisaç

Bereketli topragymyzda agaçlaryň dürli görnüşi ösýär. Olar howany arassalamak, topragy tebigatyň zyýanly täsirlerinden goramak bilen birlikde daş-töweregimize gaýtalanmajak gözelligi hem bagyşlaýarlar. Şeýle agaçlaryň arasynda söwütler maşgalasyna degişli bolan leýlisaç hem bar. Bu täsin agaçlar özleriniň owadanlygy, özboluşly keşbi bilen beýleki ak söwüt, tal, gara söwüt ýaly agaçlardan düýpli tapawutlanýarlar. Leýlisaçlaryň şahalary aşaklygyna ösüp, suw akymyny ýadyňa salýar. Olar ir baharda gülleýärler. Ýapraklary ellips şekilli, süýnmegräk, gyralary diş-diş şekilli bolup, uzynlygy 10 santimetre ýetýär. Olar, ortaça, 30 — 40 ýyl ýaşaýarlar.

Uçmaýan guşlar

Düýeguşlar häzirki wagtda Afrikanyň tokaýlarynda, Saharanyň günortasyndaky sähralarda ýaşaýarlar. Düýeguşlar ikaýaklylaryň arasynda iň ýyndamlarydyr. Olaryň aňrybaş tizligi sagatda 70 kilometre ýetýär. Özleri-de sagatda 50 kilometre golaý tizlik bilen 16 kilometr aralygy dynman geçip bilýärler. Düýeguşlaryň agramy, ortaça, 145 kilograma, boýy 3 metre ýetýär. Boýunyň agramly bölegi uzyn we güýçli aýaklaryna degişlidir.

Tebigat — biziň baýlygymyz ony ýangyndan goramak hemmeleriň borjudyr

Welaýatymyzyň baý we özboluşly tebigaty bar. Onuň ägirt uly giňişliklerinde ösümlikleriň dürli görnüşleri ösýär, haýwanlardyr mör-möjekleriň ýüzlerçe görnüşi ýaşaýar. Janly tebigat üçin ýangyn iň howply hadysadyr. Şonuň üçinem ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini pugta berjaý etmek, onuň öňüni almak we ýangyn dörän halatynda tiz söndürmek möhümdir. Elbetde, bu ugurda geçirilýän çäreleriň ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmekde ähmiýeti uludyr. Şonuň bilen bir hatarda, adamlarda, ylaýta-da, ýaşlarda ýangynyň öňüni almagyň zerurlygy baradaky düşünjäni kemala getirmek wajyp wezipe bolup durýar. Tebigata söýgi döretmek, ýangyn we onuň öňüni almak baradaky düşünje körpeler heniz çagalar bagyna gatnaýarkalar, olaryň aňyna guýlup başlanmalydyr. Munuň üçin ýönekeýje usullary peýdalanmak bolar. Çagalar bagynyň meýdançasyna çykaryp ýa-da dag-düze gezelenje äkidip, çagalara tämiz asman, her dürli ösümlikler, mör-möjekler, haýwanlar, bagda saýrap oturan guşjagazlar barada gürrüň berip, olaryň adamzadyň ýaşaýşy üçin uly ähmiýetiniň bardygyny ýönekeýje sözler bilen düşündirmeli. Janly tebigata ýangynyň nähili zyýan ýetirýändigini suratlar arkaly çaganyň aňyna ýetirmeli.

Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy: sazlaşygyň beýany

Ýurdumyzyň iň täsin meýdanly döwlet goraghanalarynyň biri hem Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasydyr. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň sentýabrynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Özbegistanyň we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan-Garagum geçelgesi», Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» köptaraplaýyn hödürnamalary, şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli döwlet tebigy goraghanasyny çöl ekoulgamlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüdi biragyzdan kabul edildi. Bu begençli hem buýsançly habar ata Watanymyzyň halkara abraýyny ýene bir gezek beýgeltmek bilen ýurdumyzyň medeni hyzmatdaşlygyny giňeltdi. Hawa şeýle sanawa girizilen bu goraghananyň çägindäki biodürlülik özboluşlydyr. Bu ýeriň howasy özge ýerlere seredende ýowuzlygy hem-de çalt üýtgeýändigi bilen tapawutlanýar. Üstýurt bilen Sarygamşyň aralygyna ýaýylyp gidýän Gaplaňgyr düzlügi çöl-sähra landşafty, uzaboýuna keserip ýatan gyrlygyň endigan, daşly hem eňňit meýdanlary, kert çüňkler, gury hanalar, aňňat-aňňat gum depeleri bilen özboluşly täsinlige eýedir.

Garagum gözel tebigatyň örki

Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň BaşlygyGurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Garagum sährasy durşy bilen keramat, bu künjege zyýarata gelmek we ata-babalarymyzy penalan mukaddes sähramyza tagzym etmek bolsa parz işdir. Ene toprak goýnunda müňlerçe hazynalary saklaýar. Watanymyzyň merkezinde ýerleşýän Garagum sährasy hem deňi-taýy bolmadyk bir ajap mekandyr. Garagum sähralygynyň ýerüsti we ýerasty tebigy baýlyklaryny gorap saklap, geljekki nesillere öz tebigy görnüşinde ýetirmek maksady bilen, 2013-nji ýylyň 18-nji iýulynda «Bereketli Garagum» atly döwlet tebigy goraghanasy döredildi. Goraghananyň umumy meýdany 87500 gektara deňdir.

Da­gyň ete­gin­dä­ki gud­rat

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Gud­rat gör­seň dag­la­ra bar» diý­le­ni... Bel­ki, bu jüm­le­de «gud­rat» diý­lip, te­bi­ga­tyň ýa­ra­dan peş­ge­şi göz öňün­de tu­tu­lan bol­ma­gy-da ah­mal. Ýö­ne şeý­le gud­rat­la­ryň bi­ri Gahryman Arkadagymyzyň, hormat­ly Prezidentimiziň ta­gal­la­la­ry bi­len Kö­pet­da­gyň ete­gin­de el bi­len hem dö­re­dil­di. Ol — Gün­do­ga­ryň da­na­sy, akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň heý­ke­li. Türk­me­nis­ta­nyň halk nak­ga­şy, heý­kel­ta­raş Sa­ragt Ba­ba­ýe­wiň elin­den çy­kan bu ne­pis iş yn­san keş­bi­ni onuň duý­gu­dyr oý-hy­ýal­la­ry bi­len açyp görkezmäge ukyp­ly bo­lan, bu ugur­da kän tej­ri­be top­lan us­sat se­net­kä­riň eý­ýäm bu gü­ne çen­li sun­gat­da uzak ýo­ly ge­çen­di­gi­ni me­sa­ňa gör­kez­ýär.

Te­bi­gat – äh­li adam­la­ryň umu­my öýi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Te­bi­gat – bi­ziň öýü­miz. Ol ýer ýü­zün­dä­ki äh­li adam­la­ryň umu­my öýü­dir. Her bir adam üçin şah­sy öýü­niň eziz, mäh­rem bol­şy ýa­ly, te­bi­ga­ta hem şeý­le göz bi­len se­re­dip, ony söý­mek bi­ziň yn­san­per­wer­lik mer­te­bä­miz­dir.

Te­bi­gat — yn­san sag­ly­gy­ny ber­kit­me­giň gi­re­wi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan ägirt uly dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler­de daş­ky gur­şa­wa aýaw­ly çe­me­leş­mek sy­ýa­sa­ty ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri­dir. Te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça mil­li stra­te­gi­ýa­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, ýur­du­myz bu ugur­da iri hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, Bir­le­şen Mil­let­ler Guramasy bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýar.

Güller hakynda

Dünýäde reňkli gülleriň 270 müňden gowrak görnüşi bar. Bulardan, takmynan, 35 müňüsi dürli görnüşli güllerdir. Bu soňky san däl. Alymlar her ýyl gülleriň täze görnüşlerini tapýarlar. Gülleýän ösümlik ömrüni köküni kökläp, baldak ösdürip ýetişdirýän tohum hökmünde başlaýar. Soňra baldakda ýapraklar we gül emele gelýär. Tozanlamak arkaly täze ösümlikleriň tohumyny öndürýär. Alnan tohumlar topraga düşýär, gögerýär we aýlaw gaýtalanýar.

Sahawatly sähranyň gözelligi

Gözelligiň mekany bolan mukaddes topragymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, bulutlara boýdaş bolan beýik daglary, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän deňizdir derýasy, sährasy we düzi — bularyň ählisi halkymyzyň guwanjyna öwrülen milli baýlygymyzdyr. Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda daş-töweregimizi gözelleşdirmek, tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça döwlet ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklary hem-de taryhy ýadygärlikleri aýawly saklamak we rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Tebigy baýlyklarymyzy, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda 9 sany döwlet tebigy goraghanasy we çäklendirilen goraghanalar hereket edýär. Olar Repetek döwlet biosfera goraghanasy, Hazar döwlet tebigy goraghanasy, Bathyz döwlet tebigy goraghanasy, Köpetdag döwlet tebigy goraghanasy, Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasy, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy, Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy, Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy, şeýle-de Bereketli Garagum döwlet tebigy goraghanalarydyr. Bu goraghanalarda çölleşmä garşy göreş işleri aln

Dagyň-düzüň derman, Watan!

Bu gürrüňçil ýaşuly bilen ilkinji gezek duşuşyp, söhbet guranyma iki ýyl dagy boluberipdir. Ýakynda ýene-de paýtagtymyzyň iň ýaşuly ýaşaýjylarynyň biri, 95 ýaşy arka atan Seýitmyrat aganyň ýanyna hyýallandym. Jaňlaşyp, wagt belleşdim. Onuň köplenç bolýan deresine ýetinçäm birneme ýadadym. Şeýle bolmazça-da däldi. Ulagymy goýup, bir sagada golaý ýol sökmeli boldum. Her gün ýöremegi endik edinemsoň, ilkibaşda bu menzili ýeňil geçerin öýdüpdim. Ýöne depeli-düzli ýerlerden menzil aşmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Ýaşulynyň saglyk hakdaky, garaz, sagdyn durmuş ýörelgesi baradaky geçen gezekki gürrüňleri güýç berdimi, nämemi, ahyry bellenilen ýere ýetdim. Seýitmyrat aga adaty hoşgylawlygy bilen garşy alyp, mürähet etdi: «Ýer-ow, ýaş ýigit, arman-ýadaman geldiňmi?! Otur, dynjyňy al. Men saňa meýdan otlaryndan demläp goýan çaýymy bereýin. Ýadawlygyň el bilen aýrylana döner. Onsoň, nahar edineli. Soňam näme, dynjyňy alaňsoň, birneme gezelenç edeli. Şu jülgäň jana şypaly ýerlerine aýlaýyn. Elbetde, gürrüňe-de wagt tapylar». Ýaşulynyň berýän gürrüňleri biri-birinden gyzyklydy. Seýitmyrat aga bilen söhbetdeşligimizden bölekleri okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Tebigaty goramak parzdyr

Eziz Watanymyzyň tebigy baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak, ony geljek nesillerimize ýetirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar. Bu bolsa adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýar.      Tebigat — biziň dem alýan howamyz, içýän suwumyz, hasyl alýan topragymyz. Ol biziň saglygymyzyň we maddy durmuşymyzyň çeşmesidir. Çünki adam tebigy serişdelerden — nebitden, gazdan, minerallardan we beýlekilerden durmuş üçin zerur bolan zatlaryny öndürýär. Her bir adam bir hakykata düşünmeli, tebigat — bu durmuşyň özüdir. Tebigaty goramak, ol barada alada etmek gerek. Biziň jemgyýetimiziň esasy wezipesi — ilata, ilkinji nobatda, ýaşlara ekologiýa babatda  aň-bilim bermek bolup durýar. Ekologiýa meseleleri, daşky gurşawy ýaramaz tehniki täsirlerden goramak bu gün tutuş dünýäde möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bu meselä örän uly üns berýär. Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak baradaky esasy konwensiýalaryny tassyklady. Ýurdumyzda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Dünýäniň Ekologiýa Gaznasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde, milli we sebit derejelerinde ekologiýa maksatnamalarynyň

Ballar mekany

2015-nji ýylyň awgustynda kabul edilen «Balaryçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň başynda şeýle ýazylypdyr: «Şu Kanun bal öndürýän arylary köpeltmek, saklamak, tozanlandyrylýan (entomofiýa) oba hojalyk ösümliklerini tozanlandyrmak üçin olary peýdalanmak, balaryçylyk önümlerini almak, şeýle hem bal öndürýän arylary goramak boýunça işiň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär...». Bu Kanun balaryçylygyň hukuk esaslaryny anyk we dogry beýan etmek bilen, onuň bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň öňünde giň mümkinçilikleri açýar. Balaryçylyk örän gadymy ugur bolmak bilen, ol biziň ýurdumyzda örän irki döwürlerden bäri ýöredilip gelinýär. Ata-babalarymyz bu käri nesilden-nesle geçiripdirler. Indi bolsa balaryçylyk kanuny taýdan goralýan pudaga öwrüldi. Degişli Kanunyň 8-nji maddasynda balaryçylyk babatda işi amala aşyrýan şahslaryň hukuklary we borçlary anyk kesgitlenipdir. Hut şonuň üçin-de, bu iş bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň sany barha artýar.

Aralyk

Ata-babalarymyz gadym döwürlerden başlap, aýyň-günüň hasabyny ýöredip, özleriniň ekerançylyk, çarwaçylyk işlerini alyp barypdyrlar. Şonuň netijesinde halkymyzyň senenamasy peýda bolupdyr. Oňa laýyklykda, 21-nji iýundan aralyk döwri başlanýar. Ol iýul aýynyň 22-si aralygy öz içine alyp, 32 günläp dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, 22-nji iýun ýylyň iň uzyn günüdir, şol günüň gijesi bolsa ýylyň iň gysga gijesidir. Halkymyzyň arasynda bu döwür barada «Geleninde aralyk — gawun bişer saralyp» diýen nakyl ýörgünlidir. Iýun aýynda diňe bir gawun däl, eýsem, dürli miweler hem köpçülikleýin bişip ugraýar. Şonda ilki bilen erik, ülje we alma bişýär, aýyň ahyrynda bolsa şetdaly hem-de irbişer üzümler ýetişýär. Iýun aýynda gymmatly baýlygymyz bolan bugdaý orulýar, gowaçalar köpçülikleýin gülleýär.

Janly tebigatyň täsin dünýäsi

Köpetdagyň gözel künjeginde Türkmenistanda jahankeşdeleri gyzyklandyrjak gözel künjekleriň az däldigini bellemek gerek. Gojaman Köpetdagyň gaýtalanmajak tebigy gözellikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi, çeşmedir çaýlary adamlarda uly gyzyklanma döredýär. Güneşli Diýarymyzda dynç almagyň, gözel hem täsin ýerlere syýahat etmegiň gyzgalaňly döwri hasaplanýan tomus paslynyň dowam edýän günlerinde Aşgabadyň günorta — günbatar tarapyny eýeläp oturan äpet Köpetdagyň eteginde ýerleşýän, dünýäniň dürli ýerlerinde ýaşaýan jandarlaryň jemlenen ýeri bolan Janly tebigatyň milli muzeýi has hem gelim-gidimli ýerleriň biridir. Aşgabat şäher häkimliginiň Janly tebigatyň milli muzeýiniň guramaçy-tanyşdyryjysy Şirin Berdiýewa bu ýeriň täsinligi barada şeýle gürrüň berdi:

Totuguş žako

Žako totuguşlaryň bir görnüşi bolmak bilen, guşlaryň arasynda iň akylly we ýaňra guş hasaplanýar. Afrikan totuguşy žako öý şertlerinde saklanan halatynda ortaça müňe golaý söz ýat tutmaga, zatlaryň reňklerini, ululygyny-kiçiligini saýgarmaga, öýde bar bolan tehniki enjamlaryň seslerini gaýtalamaga, aýdym-sazlardan täsirlenmäge ukyplydyr. Bu guşlara dogry ideg edilip, degişli türgenleşik geçirilende olar hatda gysga sözlem hem düzüp bilýärler. Žako totuguşy eýesiniň ruhy ahwalatyna duýgudaşlyk bildirmegi başarýar. Eýesiniň begenjine begenip, alada düşende bolsa ony köşeşdirýän žako iň ýakyn dost bolmagyň hötdesinden hem gelýär. Bu totuguşlaryň öwrenen sözlerini ýerlikli, gerek ýerinde ulanyp bilmegi täsindir. Olar isleýän iýmitiniň adyny, ajygan wagtyny, ýadandygyny ýa-da dynç almak isleýändigini, halaýan we halamaýan zatlaryny beýan etmäge ukyplydyrlar. Öwredilen halatynda žako totuguşlary birnäçe dili özleşdirmegi-de başarýar.

Ýaşyl dünýäniň güni

Gadyrly çagalar, her ýylyň 5-nji iýunynda ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilip geçilýär. Bu sene 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilip, şondan bäri hem oňa agza ýurtlarda, guramalarda bellenilýär. Ol dünýä jemgyýetçiligini häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Hawa, häzirki döwürde Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigaty aýawly saklamak boýunça döwlet tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Şol işleriň netijesinde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň daş-töwereklerinde, welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleri barha giňelýär. Hazar deňziniň tämiz howaly kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlarymyzyň we daşary ýurtly myhmanlaryň dynç almagy, bu ýeriň özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Garagumuň jümmüşinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen köli Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga oňaýly täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwreliň!

Mukaddes borç Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gözel tebigatyny hem-de daşky gurşawy goramak Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ata Watanymyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, milli hem-de global möçberlerde etraplaryň, şäherleriň we obalaryň töwereginde gök guşaklar döredilip, bagy-bossanlyga öwrülýär.