"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Atyzlar göwnüňi göterýär

Babadaýhan etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer pagtaçy kärendeçileri gowaçaly atyzlary turuwbaşdan uly alada bilen gurşaýarlar. Gowaçaly atyzlara ilkinji hatarara bejergilerini geçirip, ilkinji ösüş suwlaryny berip, her bir möhüm agrotehniki çäräni öz wagtynda, ýokary hilli geçirmek häzirki günler daýhanyň esasy aladasydyr. Barha görklenýän gowaçaly atyzlaryň ertirki gün bol-bereketli hasyl eçilmegi üçin göwnejaý idegiň gerekdigine oňat düşünýän hojalygyň kärendeçileri ideg işini barha güýçlendirýärler. Bu işde daýhan birleşiginiň Parahat Durdyýew, Tirkiş Allamyradow, Kerwen Mämmäýew dagy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 2-nji, 9-njy, 19-njy pagtaçylyk toparlarynyň zähmetsöýer kärendeçileri has-da tapawutlanýarlar. Bu öňdebaryjy toparlaryň kärendeçileri häzir degişlilikde 145, 187, 77 gektar meýdanlara ideg edýärler. — Pagtaçylyk bilen meşgullanýan her bir adamyň, hünärmeniň tijenmeli wagty geldi. Indi yhlasyň, zähmetiň bolsa görkezibermeli. «Herekete — bereket» diýleni. Ýerden bereketli hasyl almak üçin her bir möhüm agrotehniki çäräniň öz wagtynda ýokary hilli geçirilmegini gazanmaly. Şol çäreleriň geçirilmeginiň hilini gözegçilikde saklap, kärendeçi daýhanlara her bir işde ýakyndan ýardam berip durýarys — diýip, daýhan birleşigiň ýolbaşçysynyň pagtaçylyk işleri boýunça orunbasary Gulgeldi Atageldiýew guwanç bilen aýdýar.

Künji

Türkmenistanyň toprak we howa şertlerine görä, künji ekinini ähli etraplarda ekip, hasyl almaga mümkinçilik bar. Ata-babalarymyz künjini aýratyn ýa-da bakja ekinleri bilen garyşdyryp ekipdirler. Kökleri kuwwatly bolansoň, topragyň çuň gatlaklaryna aralaşýar. Künjiniň dänesinde 50 — 65%-e çenli tagamly we ysy ýakymly ýokary hilli, süýjümtik, açyk sary reňkli suwuk ýagy bardyr, ol özüniň tagamy boýunça zeýtun ýagyny ýatladýar. Künji ýagy mikroelementlere we dürli görnüşli ýag kislotalaryna baýdyr.Künji ýagy tagamy we hili boýunça günebakar, gowaça ýagyndan has ýokarydyr. Künji ýagynyň düzümindäki sezamol (oksigidrohinonyň metil efiri) ýagyň zaýalanman 9 ýyla çenli saklanmagyna ýardam berýär. Künji ýagy suwuk usulda alnanda köke, süýji önümlerini öndürmekde giňden ulanylýar. Eger-de onuň ýagy gyzgyn usulda gysylyp alynsa, ol ýag tehniki maksatlar üçin ulanylýar. Ýag alnandan soň, galan künjarasynyň 100 kilogramynda 32 iýmit birligi bolup, (bir ot-iým birligi bir kilogram arpanyň ýokumyna deňdir) mallar üçin örän ýokumlydyr.

Lawr ýapragy

Lawr ýapragy iýmitdir bejergi maksatlarynda ulanylýan hoşboý ysly otlaryň iň gadymylarynyň biridir. Dürli maddalara baý bolan lawr ýapragynyň adam bedenine peýdasy uludyr. Ondaky antioksidantlar we sowuklama garşy göreşiji maddalar dürli keselleri bejermekde we öňüni almakda diýseň täsirlidir. Derä ýeten zeperleri tiz gutuldyryjy häsiýeti sebäpli, bu ot kosmetiki maksatlarda-da giňden ulanylýar. Amerikan alymlarynyň geçiren barlaglary lawr ýapragynyň, şeýle-de almanyň, dalçynyň, gwozdikanyň ganyň düzümindäki insuliniň işjeňligini ýokarlandyrýandygyny görkezdi. Sebäbi bu ösümlikleriň düzüminde hrom köpdür. Insuliniň işjeňliginiň artmagynyň täsiri netijesinde-de ganyň düzümindäki süýjiniň derejesi pese gaçýar.

Ýüpekçileriň batly gadamlary

AK PILÄNIŇ BOL HASYLY UGRUNDA Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen pajarlap ösýän dokma senagatymyz üçin gymmatly çig mal bolan ak piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak wezipesini amala aşyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Şundan ugur alnyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda welaýatymyzda göz öňünde tutulan 500 tonna pile taýýarlamak ugrundaky asylly işe özleriniň mynasyp goşandyny goşmagy maksat edinýän S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň edermen ýüpekçileri şu günler ýüpek gurçuklaryny idetmekde arman-ýadaman zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginde kärine ökde ýüpekçileriň 125-si bolup, olaryň möwsüm başlamazdan öň gurçuk saklanyljak jaýlarda arassaçylyk işlerini geçirip, otaglaryň kadaly ýylylykda saklanylmagyny gazanmaklary olara gurçuk tohumlaryny idetmek üçin her bir işi talabalaýyk alyp barmaga mümkinçilik döretdi.

Yhlasly zähmet — üstünligiň gözbaşy

Garaşsyz döwletimiziň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolan maldarçylygy ösdürmek barada hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalarynyň netijesinde döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanmak bilen, welaýatymyzyň maldarlary öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegi maksat edinip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem giň gerimli işleri amala aşyrýarlar. Olaryň hatarynda welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň maldarlarynyň durmuşa geçirýän çäreleri-de bellenilmäge mynasypdyr. Bu barada şu birleşigiň baş hünärmeni Annageldi Ýazberdiýew şeýle gürrüň berdi: — Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda mallaryň baş sanyny artdyrmak, önümliligini ýokarlandyrmak boýunça maldarlara berýän kömek-goldawlary olary has-da gaýratly zähmet çekmäge, oňat netijeleri gazanmaga ruhlandyrýar. Munuň şeýledigini birleşigimiziň hasabyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň dowardarlarynyň, düýedarlarynyň Garagum çölüniň jümmüşinde mallary idetmekde alyp barýan işleriniň mysalynda-da görmek mümkin. Olaryň maldarçylykda şu ýylyň esasy möwsümleriniň biri bolan dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak babatda gazanan üstünlikleri aýdanymyzy doly tassyklaýar.

Gyzgalaňly möwsüm

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan ýüpekçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ýüpekçi kärendeçiler bir aý gowrak wagt dowam edýän gurçugyny idetmek möwsümini tamamladylar. Olar gysga wagt dowam edýän, emma hysyrdysy ýetik bolan möwsüme öňünden doly taýýarlykly gelip, bu günki gün ýetişdiren pile hasyllaryna guwanýarlar. Şu günler Baýramaly etrap pile kabul ediş we guradyş sehi köp adamly. Bu ýerde ýüpekçi kärendeçileriň yhlas bilen ýetişdiren pile hasyllaryny kabul etmek möwsümi gyzgalaňly dowam etdirilýär. Etrabyň daýhan birleşikleriniň ýüpekçileriniň tabşyrýan pile hasyllaryny synlanyňda, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda bellenilen meýilnamany ýerine ýetirjekdiklerine ynamyň artýar.

Öňdeligi eýelediler

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda beýleki oba hojalyk işgärleri ýaly ýüpekçi kärendeçiler hem ýüpek gurçugyny idetmek möwsümini üstünlige besläp, bol pile hasylyny döwlete tabşyrýarlar. Welaýatymyzyň ýüpekçileri gymmatly çig mal bolan piläniň bol hasylyny öndürmek ugrunda tutanýerli zähmet çekdiler. Şu günler «Welaýat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky pile kabul ediş we guradyş bölümlerinde ýüpekçileriň ýetişdiren pile hasyllaryny kabul etmek möwsümi gyzgalaňly dowam etdirilýär. — Etrabymyzdaky S. A. Nyýazow adyndaky ylmy önümçilik synag hojalygy ýurdumyz boýunça ilkinjileriň hatarynda bellenilen meýilnamalaryny berjaý edip, döwlete bol pile hasylyny tabşyrmagy başardylar. Olar üstümizdäki ýylda ýüpek gurçugyny talabalaýyk idedip, 479 kilogram pile hasylyny taýýarladylar. Ylmy önümçilik synag hojalygy ýene-de 100 kilogram pile taýýarlamagy meýilleşdirýär. «Çekseň zähmet, ýagar rehnet» diýlişi ýaly, tejribeli ýüpekçilere etrap häkimligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar — diýip, TMÝG-niň Ýolöten etrap geňeşiniň başlygy Serdar Muhyýew gürrüň berdi.

Päk zähmetiň höziri

Türkmengala etrabynyň Kemine adyndaky daýhan birleşiginde tejribeli ýüpekçileriň ençemesi bar. Olar bereketli pile hasylyny öndürmek ugrunda yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler. Hojalygyň işine ussat ýüpekçisi Söhbet Gurbangeldiýew hem indi birnäçe ýyl bäri gurçuk tutmak bilen meşgullanýar. Her ýyl hem pile tabşyrmaly möwsümde bereketli önüm almagy başarýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 100 gram gurçuk tohumyny alyp, idegini ýetirdi. Ol gurçuk saklaýan jaýynyň arassalygyna, ýylylygyna, esasy iýmiti bolan tut ýapraklarynyň arassalygyna aýratyn üns berdi. Oňa bu işde maşgala agzalary ýakyndan goldaw berýärler. S. Gurbangeldiýewiň çekýän zähmeti özüniň oňyn netijesini berýär. Ol gurçuk idetmekden daşary kärendesine ýer alyp, bugdaýdyr pagtanyň bol hasylyny ýetişdirmegi başarýar. Işjanly Söhbet şu günler 1 gektar ýerde iki gulak bolup çykyp hatar tutup oturan gowaçalary otamak, hatar aralaryny ýumşatmak işini geçirýär. Şeýle hem 0,80 gektar ýerde ak ekiniň idegini ýetirýär. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanyljak ýylynda zähmet ýeňişlerini gazanmak ugrunda aladalanýar. Söhbediň gadamlary batly, ümzügi öňe.

Ýertudana

Ýertudanasy bägüller maşgalasyna degişli bolan köpýyllyk ösümlik bolup onuň ilkinji medeniýetleşdirilen görnüşleri XV asyrda peýda bolupdyr. Soňlugy bilen, XVIII asyryň başlarynda iri miweli görnüşleri ýaýrapdyr. Häzirki döwürde dünýäde ýertudanasynyň 30-dan gowrak görnüşi bar. Ýertudananyň düzüminde köp sanly biologik işjeň maddalar, dürli ýokumlar bar. Ony aprel-sentýabr, şeýle-de, oktýabr aýlarynda ekmek bolýar. Bu iýmiş maý we iýun aýlarynda gowy ýetişýär. Ýertudana iň çalt miwä durup başlaýan ösümlikleriň biridir. Ol ekilenden bir ýyl hem geçmänkä hasyla durup başlaýar. siňdirilen zähmetiň miwesini şeýle tiz wagtda görmek daýhançylyk bilen täze meşgullanyp başlanlar üçin ylham çeşmesi bolup durýar. Mundan başga-da, ýertudanasyny ýetişdirmek beýleki miweli ösümliklere garanyňda az zähmeti talap edýär. Adatça, ýertudana ekilen meýdan 4 ýyl saklanylýar. Ekin dolanyşygy üçin ol ekin meýdanda nohut, ysmanak, sogan, sarymsak, şugundyr ýaly ekinler ekilýär.

Şugundyr — milli ekin

«Maryşeker» döwlet kärhanasy gurlandan soňra, ýurdumyzda köpçülikleýin ekilýän gant şugundyry döwlet tabşyrygyna girýän ekinleriň hataryna geçdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» gant şugundyryny ýetişdirmegi 2025-nji ýylda 224 müň tonna çenli artdyrmak maksat edinilýär. Şundan görnüşi ýaly, bu ekin ýurdumyzda indi möhüm ähmiýetli köpçülikleýin ekilýän ekinleriň birine öwrüldi. Gant şugundyry biziň ýurdumyzda örän irki döwürlerden bäri ekilmek bilen ata-babalarymyz öz döwründe ýönekeý usullar bilen ondan birnäçe önüm öndürmegi başarypdyrlar. Şeker, gant ýaly azyklyk önümleri öndürmekde esasy çig mal bolan gant şugundyrynyň soňabaka melhemlik häsiýetleri-de öwrenilip, ol birnäçe derdi bejermek üçin lukmançylykda hem ulanylyp başlanýar. Hatda onuň ýapraklary-da ýapgy hökmünde bedendäki käbir yzlary aýyrmakda ulanylypdyr. Daýhanlar gant şugundyrynyň topragy gurplandyrýandygyny aýdýarlar. Şonuň üçin olar köplenç, bugdaýyň yzyna gant şugundyryny ekip, soňra geljek ýazda ekiljek gowaçanyň hasyllylygynyň ep-esli artýandygyny belleýärler. Netijede bugdaý — gant şugundyry — gowaça ekin dolanyşygy köp ulanylýan usul bolup durýar. Iň guwandyryjy ýeri-de bu ekinleriň üçüsi-de döwlet tabşyrygyna girýär.

Sahawatly toprak — rysgal-berekediň çeşmesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz ähli babatda uly ösüşlere eýe bolýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly ýurdumyzyň hususyýetçileriniň ykbalynda ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Ine, ýylyň başyndan başlap, eýýäm şu günki güne çenli Watanymyzyň önüm öndürijileri ykdysadyýetimiziň ösmegine goşantlaryny goşýarlar. Golaýda Arkadag Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly 5 welaýatyň ählisinde jemi 6 sany döwrebap ýyladyşhananyň açylyşyna ak pata berdi. Elbetde, şeýle ýyladyşhanalaryň birbada işe girizilmeginiň özi-de, hususy telekeçilige uly ynam bildirilýändiginiň subutnamasydyr. Halkymyzyň baýramçylyk saçaklarynyň bereket bolçulygyny has-da artdyrjak ýyladyşhanalaryň biri — Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylan ýyladyşhanadyr. Ýyladyşhananyň umumy meýdany 4 gektar bolup, ýylda 1 gektardan 20—50 tonna gök we miwe önümlerini ýetişdirmek meýilleşdirilýär.

Talabalaýyk ideg edilýär

Hojambaz etrabynyň ýüpekçileri döwlete ýokary hilli pile tabşyrmak baradaky meýilnamasyny üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, arman-ýadaman, tutanýerli zähmet çekýärler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda etrabymyzyň ýüpekçileri gaýtadan işleýän senagatymyz üçin gymmatly çig malyň 97 tonnasyny tabşyrmagy maksat edindiler. Şeýle maksat bilen, tutuş etrabymyz boýunça 2466 guty ýüpek tohumy paýlanyp berildi.

Ýeralma ýetişdirilýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany» ýylynda Babadaýhan etrabynyň gök ekerançylary 330 gektar meýdanda ýazlyk ýeralmanyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Bu ekine ideg etmekde etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginden Myratgeldi Ballarow, S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginden Çarymyrat Rejebow, Ý.Gurbanow adyndaky daýhan birleşiginden Myratguly Baýramow we «Ak altyn» daýhan birleşiginden Döwletgeldi Ýollyýew dagy has-da tapawutlanyp zähmet çekýärler. Zähmetsöýer kärendeçileriň, degişlilikde, 85, 15, 100 we 30 gektar meýdanlarda ýetişdirýän ýeralmalaryny göreniňde göwnüň göterilýär. Şu günler uly alada bilen gurşalan ýeralmaly meýdanlar bereketli hasyl toplaýarlar. Ekin meýdanlaryndaky ideg işleri bilen tanşanyňda onuň ýer eýelerini dilgir etmejekdigine ynanýarsyň.

Bereketli hasyla garaşylýar

Şu günler Saýat etrabynyň oba zähmetkeşleri 16 müň gektar meýdandaky maýsalaryň kadaly boý alyp, bol hasyla beslenmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Bugdaý ekilen meýdanlary mineral we ýerli dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak häzirki döwürde gallaçy daýhanlaryň öňünde durýan möhüm çäreleriň biridir. Şeýle çäreleriň ylmy esasda, göwnejaý alnyp barylmagyny gazanýan etrabyň zähmetsöýer gallaçylary wagtyň her pursadyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýarlar. Ösüş suwuny tutmagyň däneçilikde esasy çäreleriň biridigine gowy düşünýän edermen kärendeçiler ýaşyl maýsalara ikinji ösüş suwuny tutmagy tamamladylar. Ösüş suwunyň degişli ideg işleri bilen sazlaşykly ýola goýulmagy maýsalaryň bol hasyla durmagynda uly ähmiýeti bardyr. Öňlerinde goýan aýdyň maksatlaryna ýetmegi, ýokary hilli galla hasylyny kemala getirmegi maksat edinýän edermen kärendeçiler maýsalaryň idegine yhlasly zähmetini siňdirýärler.

Talyplar gowaça ekişine gatnaşdylar

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy üçin alynýan dünýä belli «John Deere», «Claas» kompaniýalarynyň tehnikalaryna we oba hojalyk enjamlaryna erk etmek, olary öwrenmek maksady bilen, oba hojalyk uniwersitetimiziň 5-nji ýyl talyp ýaşlary ýurdumyzda gowaça ekişiniň geçirilen günlerinde ýörite düzülen maksatnama boýunça Gökdepe etrabynyň, Ak bugdaý etrabynyň «Tehniki hyzmat ediş» kärhanalarynda, şonuň ýaly-da, uniwersitetimiziň okuw-tejribe hojalygynda önümçilik tejribeligini geçdiler. Uniwersitetimiziň okuw-tejribe hojalygynda gowaça ekişi üstünlikli alnyp baryldy. Bu ýerde talyplar tehnikalaryň, ekijileriň, sürüm agregatynyň işlerine doly gatnaşyp, gowaça ekmek üçin niýetlenen 200 gektara golaý ýerde «Ýolöten-7» we «TOHU-17» ýaly gowaça çigidini ekmek işleri bilen ýakyndan tanşyp, nazaryýetde alan bilimlerini önümçilik tejribeliginde berkitdiler. Biziň ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň Arkadag Prezidentimiziň özleri hakda edýän taýsyz tagallalaryna begençleriniň we hoşallyklarynyň çägi ýok.

Takyk ekijiler

Gowaçadan ýokary hilli pagta hasylyny almak üçin ýerler öz wagtynda kada laýyk agrotehniki talaplar boýunça taýýarlanmaly. Ýerleri gowaça ekişine göwnejaý taýýarlap, ekişi öz wagtynda geçirip, ýokary hilli gögeriş almagyň ähmiýeti uludyr. Gowaça ekişine howanyň gije-gündizdäki ortaça temperaturasy durnukly 12 – 14 derejä ýetende başlamak maslahat berilýär. Ekişiň möhletini her bir hojalykda topragyň mehaniki düzümine görä geçirmeli. Mehaniki düzümi boýunça ýeňil, çägesöw toprakly ýerlerde gowaça ekişini ir geçirmeli. Her bir hojalygyň toprak şertlerine baglylykda, ekiş geçirmegiň senenama meýilnamasy bolmaly. Gowaça ekişinde ulanyljak çigitler kök çüýreme we gommoz kesellerine garşy dermanlanan bolmaly. Gowaça tohumlaryndan tiz we kadaly gögeriş almak üçin tohumlar ezilýär. Gowaça çigitleri howanyň salkyn wagtlary 4–6 sagat, howa gyzanda bolsa 12–16 sagadyň dowamynda basyrylyp çyglandyrylýar.

Dowardarçylykda seçgiçilik işiniň ähmiýeti

Goýunlardan tebigy taýdan ekiz guzy almagy ýokarlandyrmak — olary höwre taýýarlamak, höwür möwsümini talabalaýyk geçirmek we ene goýunlary idetmek işlerini öz içine alýar. Möwsüme taýýarlyk görmek üçin, ilki bilen toklulary öz wagtynda enesinden seçip aýyrmaly hem-de höwre goýuljak sürini düzmeli. Bu çäräni höwür möwsümine 2-2,5 aý çemesi wagt galanda (iýul aýynda) amala aşyrmaly. Goýunlary «Ýaldyrak» dogandan soň, mal gezmedik, ot-çöpe baý, sonarly, şoraly, başlary dänelän ösümlikleri bolan öri meýdanlarynda gijelerine bakmak, arassa we süýji suwly guýularda suwa ýakmak tejribesiniň ulanylmagy diňe bir goýunlaryň guratlygyna däl, eýsem, olaryň işjeňligine, ýagny, tebigy ekiz guzy berijiligine oňaýly täsir edýär. Höwür möwsümi başlamanka, ene goýunlaryň orta we ortadan ýokary semizlikde bolmagyny gazanmaly. Şonuň üçin höwür möwsümine taýýarlyk görülýän we onuň geçirilýän döwürlerinde sürini ussat çopanlaryň hut özleri bakmaly. Munuň esasy sebäbi ýylyň şol döwürleri goýun malynyň duýgurlygy has ýokary bolýar. Şol döwürde süriniň örüsi, suwy, çopany üýtgese, mallar öňki durkuny tapyp bilmeýärler.

Harmanyňa bereket, ýüpekçi!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, welaýatlaryň häkimliklerine 2021-nji ýylda jemi 2100 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 410 tonna çig pile öndürmek tabşyryldy. Şondan ugur alnyp, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda hem tejribeli ýüpekçilere we isleg bildirýänlere degişli möçberde ýüpek gurçugy idetmäge paýlanyp berildi. Ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg edip, bol pile hasylyny taýýarlamakda Tagtabazar etrabynyň ýüpekçileri baý tejribe topladylar. Olar ýylyň-ýylyna ak gunduz ýaly ýokary hilli piläniň bereketli hasylyny taýýarlamagyň hötdesinden gelýärler. Dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan pile öndürmegiň gundagdaky çaga sereden ýaly hysyrdyly işdigine dogry düşünýän etrabyň ýüpekçileri ýüpek gurçuklaryna yhlasly ideg edýärler. Bu babatda degişli hünärmenler gurçuk idedilýän jaýlary gözden geçirip, arassaçylygyň berjaý edilişine, jaýlaryň ýylylyk, çyglylyk derejesin

Atyzlara gelşik berýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 20 müň gektara gowaça eken Halaç etrabynyň ekerançylary gowaçalaryň hatarara bejergisine köpçülikleýin girişdiler. Her günde meýdana çykarylýan 140-a golaý kultiwator bejergi enjamlary asylan traktorlaryň kömegi bilen gowaçalaryň hatarara bejergisi ýokary hilli geçirilýär. Irki ekiş geçirilen ýerlerde, eýýäm ýerden iki gulak bolup gögerip çykan ýaşajyk gowaçalar hatarlaryny deňläp, atyzlara gelşik berýär. Bu görnüş pagtaçy daýhanyň çeken zähmetiniň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. Gowaça ekişindäki üstünlikler daýhany indiki işlere ruhlandyrýar. Ol işler bolsa gämikläp çykan ýaşajyk gowaçalaryň hatar aralaryny bejermekden, soňra dökünläp, üç-dört ýaprak bolandan soň, ösüş suwuny bermekden ybaratdyr. Ine, şundan soň gününi sanap ösýän gowaçalar sähel wagtdan gülläp ugraýar. Şeýdip, biri beýlekisine berk bagly agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi bol hasylyň girewi bolup durýar.

Bereket çeşmesi

Dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasatyň strategiki we möhüm ugry bolup, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzir bu ulgamda uly üstünlikler gazanylýar. Munuň özi oba hojalygyny hemmetaraplaýyn we düýpli özgertmek boýunça geçirilýän işleriň oňyn netijesidir. Täze kabul edilen Kanunlar toplumynyň esasynda obada täze ykdysady gatnaşyklar kemala gelýär, dolandyrmagyň häzirki zaman usullary we maliýe gurallary ornaşdyrylýar. Oba senagat toplumy üçin häzirki zaman tehnikalary, kombaýnlar, ekiş enjamlary we beýleki abzallar satyn alynýar. Suw üpjünçiligini we ekin dolanyşygyny gowulandyrmak babatda anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge türkmen telekeçileri hem saldamly goşant goşýarlar.