Gowaçanyň täze «AŞGABAT — 140» sorty
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlary hem täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyryp, gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän täze sortlary döretmek we olaryň tohumçylygy boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Biziň ýurdumyzda häzirki döwürde dürli toprak-howa şertlerinde ir ýetişýän we ýokary hasyl berýän, süýüminiň hili I — V görnüşe degişli gowaça sortlarynyň seçgiçiligi boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijesinde seçgiçi alymlar tarapyndan çugdam boýly, ir ýetişýän, ýokary hasyl berýän, süýüminiň hili dünýä ülňülerine laýyk gelýän, kesellere we zyýankeşlere durnukly sortlar döredilip, önümçilige ornaşdyrylýar.