"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Welaýatymyzda galla oragyna guramaçylykly girişildi

Halkym yhlasyndan tapýar kemaly, ýaşaýşyň dowamat — dowamy, bugdaý! Oba hojalyk ekinleriniň iň gadymylarynyň we esasylarynyň biri ak bugdaý, bereketli topragymyzda has irki döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ak bugdaýyň mekany hasaplanylýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde jepakeş ilimiziň zähmeti bilen ak bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Ýetişdirilen galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak, oragy guramaçylykly we netijeli geçirmek şu günki günüň wajyp we möhüm meselesidir.

Welaýatlary ösdürmegiň möhüm ugurlary

2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we döwlet durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oba hojalygyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Edermen gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Galla oragy möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazara alyp, gallaçy daýhanlarymyzyň möwsümi gysga möhletlerde tamamlamagy üçin zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

500 tonna pile ugrunda: guwandyryjy netijeler

AK PILÄNIŇ BOL HASYLYHormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygynyň beýleki ugurlarynyň hatarynda, ýüpekçiligi ösdürmek, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda taýsyz tagallalary oňat netijelerini berýär. Munuň şeýledigini «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň ýüpekçileriniň bu ugurda gazanýan üstünlikleri hem aýdyň görkezýär. Has takygy, olar şu möwsümde 261 guty ýaş gurçuklary idetmäge alyp, ak piläniň saldamly hasylyny ýetişdirdiler. Olar kemala getirilen bereketli pile hasylyny ýygnamaga etrapda ilkinjileriň hatarynda girişdiler. Daýhan birleşiginiň ýüpekçileri Mubarak Täjiýewa 6,5 guty gurçukdan 281 kilogram, Rana Ýoldaşewa 6 gutudan 262 kilogram, Kamiljan Ametow 5 guty ýüpek gurçugyndan 224 kilogram, Amangül Öwezowa we Ýoldaş Tahyrow dagynyň her biri 2,5 guty gurçukdan, degişlilikde, 112 we 108 kilogram, şeýle hem Oguljan Bakyýewa 1,5 guty ýüpek gurçugyny idedip, 75 kilogram pile hasylyny ýetişdirip, zähmet üstünliklerini gazandylar. Bu öňdebaryjy daýhan birleşiginiň ýüpekçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy baýram edilýän şu ýylda 10 tonna 270 kilogram pile hasylyny döwlet harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler. Gurbannepes TÄÇMEDOW,TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçysy. * * *

Çäjiňe bereket, gallaçy!

Hormatly Prezidentimiz 2-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 4-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda galla oragyna girişmäge ak pata berdi. Asylly däbe görä, ýurdumyzyň hormatly ýaşululary galla oragyny: «Bismilla» bilen başlap bererler. Döwlet Baştutanymyz zähmetsöýer gallaçylara we ähli oba zähmetkeşlerine berk jan saglyk, abadan, bagtly durmuş, täze zähmet ýeňişlerini arzuw edip, daýhanlaryň sahawatly toprakdan bol hasyl aljakdyklaryna ynam bildirdi. Edermen gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini, galla oragy möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazara alyp, gallaçy daýhanlarymyzyň möwsümi gysga möhletlerde tamamlamagy üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, halkymyzy azyk önümleri bilen doly üpjün etmek üçin azyk bolçulygyny pugtalandyrmak möhümdir.

Yhlasly zähmetiň miwesi

Baýramaly etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer oba adamlary ekinleriň dürli görnüşini ösdürip ýetişdirmekde we olaryň islendiginden bol hasyl almakda Mary welaýatynda ussat daýhanlar hökmünde tanalýar. Olar gowaça, bugdaý, gant şugundyryny hem-de gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde nusga alarlyk işleri durmuşa geçirýärler. Daýhan birleşiginiň hasyl ussatlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda-da oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin gaýratly zähmet çekýärler. Hojalygyň gallaçylary geçen güýzde 3160 gektar meýdana ak bugdaýyň tohumyny sepip, kadaly gögeriş gazandylar. Olar meýdanlardaky ak ekinlere ideg etmegi ylmyň gazananlaryny daýhançylykda toplanan baý tejribeler bilen utgaşykly alyp baryp, bugdaýyň bol hasylyny gazanmak üçin irginsiz alada edýärler.

Rysgal-berekediň gözbaşy

Şu gün döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ak ekin ussatlary il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna dabaraly ýagdaýda girişýärler. Oba hojalygyndaky bu möhüm we jogapkärli möwsüme welaýatymyzyň oba zähmetkeşleri hem taýýarlykly geldiler. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň hasyly üçin welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň 195 müň gektarynda guşgursak ak bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Giň gözýetime ýaýylyp gidýän altynbaşly ak bugdaýly meýdandaky hasyly çalt, ýitgisiz ýygnamak we kabul ediş nokatlaryna bökdençsiz daşamak babatda ähli zerur şertler üpjün edildi.

Erik — bedene görk

Garalylar maşgalasyna degişli bolan erigiň ylmy taýdan «Prunus armeniaca» atlandyrylýandygy köpleri geň galdyrmagy mümkin. Onuň adyndan «ermeni» sözüniň bolmagynyň sebäbi käbir alymlaryň erigiň watany hökmünde Ermenistany öňe sürýändigi bilen baglanyşyklydyr. Ýöne erik ir döwürlerde gadymy Gresiýanyň, Rimiň hem halkyna mälim ekeni. Käbir hünärmenler bolsa ýabany ösümlik bolan erigi ilki bolup Hindistanda 3 müň ýyl gowrak mundan ozal özleşdirip ugrapdyrlar diýip çak edýärler. Ýöne bir zat belli: erik ähli döwürde-de özüniň diňe bir süýji tagamlylylygy bilen däl, eýsem, dermanlyk häsiýetleri bilen-de adamlary özüne çekip gelipdir. Düzüminde organiki maddalaryň, minerallaryň köp sanlysynyň bardygy erigiň iň bir söýgüli iýmitleriň biri bolup gelmegine sebäp bolupdyr. Erik islendik görnüşde: terligine-de, onuň kişdesi, baly, şiresi-de peýdaly.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 2-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we döwlet durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny açyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oba hojalygyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwletimiz oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli zerur şertleri döredýär. Daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary we suwaryş suwy bilen doly üpjün edilýär.

Galla oragyna guramaçylyk bilen

Welaýatymyzyň daýhanlarynyň bugdaý ekişini geçirip ýörenleri düýn ýalydy. Ynha-da, daýhan kalbyny uly şatlyga besläp, galla oragy ýetip geldi. Daýhan bugdaýyny gününi sanap ösdürip oturandyr, yhlasly zähmetini aýaýan däldir welin, ýylyň başlarynda ýaňy ýerden saýlanyp ugran bugdaýyň birdenem bilboýy ösüp ýeterlik hasyl toplaýança geçen wagtyny köpimiz duýmanam galandyrys. Bugdaýyň «Bäş aýda bir garyş, bir aýda bäş garyş öserin» diýeni rast eken. Welaýatymyzyň edermen babadaýhanlarynyň galla oragyna girişjek günleri ýetip gelýär. Ýaňy-ýakynda welaýatymyzyň galla meýdanlarynyň köpüsini guwanç bilen synladyk. «Halkymyzyň çöregi bu ýyl hem bol bolar» diýip, dok sümmüllerini şemala yrap oturan bugdaýlary synlap, ýoldaşlarymyz bilen özara pikir alyşdyk. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda lebaply daýhanlaryň galla meýdanlarynda ýetişdiren bol hasylyny ýygnamak üçin öňünden göwnejaý taýýarlyk görlendigini welaýat häkimliginiň oba hojalygynda özgertmeler we döwrebap usullary ornaşdyrmak müdirliginiň başlygy Çary Ýoldaşow biziň bilen söhbetdeş bolanynda aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, daýhanlarymyzyň çekýän yhlasly zähmetleri ýerine düşýär, milli Liderimiziň daýhanlaryň oba hojalyk ekinlerinden, şol sanda bugdaýdan bol hasyl almaklary üçin berýän kömeklerine bolsa ýer eýeleri ak ýürekden alkyş aýdýarlar. Meýilleşdirilen, ýagny, 130 müň gektar meýdana

Orak möwsümine taýýar

Günüň reňkini gün-günden özüne siňdirýän meýdanlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynyň berekedi ― tyllaýy bugdaý hasyly ýetişip gelýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, öňde duran galla oragyna biziň welaýatymyzda, şol sanda Halaç etrabynda hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Etrap boýunça geçen güýzde bugdaýyň «Kalym», «Batko», «Moskwa», «Bitarap» ýaly görnüşleriniň tohumy sepilen 22 müň 700 gektar ýerden şu ýyl 53 müň 500 tonna bugdaý almak meýilleşdirilýär. Bahar bilen tomsuň sepgidindäki häzirki günlerde gözüňi dokundyrýan atyzlar öňde goýlan maksadyň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigini buşlaýar.

Jogapkärli möwsüm

Daýhan-mert, ýer-jomart. Toprak — hazynaly hum. Daýhanlar topraga tohum sepip, ekinleriň idegini ýetirip, ýerden ak bugdaýdyr «ak altyn», gök-bakja önümlerini, dürli ir-iýmişleri öndürýärler. Şu günler daýhan zähmeti bilen kemala getirilen altynsow öwüsýän ak ekinleri synlamaga göz gerek, taryplamaga söz. Şemalyň ugruna ygşyldap, tolkun atýan bugdaýly meýdanlar bereketli hasylyň ýetişendiginden habar berýär. Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk ulgamyny ösdürmek, özgertmek, ak bugdaýyň öndürilişini artdyrmak boýunça edýän uly tagallalaryna tutanýerli zähmetleri bilen jogap berýän welaýatymyzyň gallaçylary şu ýylyň hasyly üçin Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň güýzünde 170 müň gektar ýere bugdaý tohumyny sepdiler we öz wagtynda kadaly gögeriş aldylar. Güýz idegi kemsiz ýetirilen ak ekinler kadaly gyşladyldy. Baharyň ilkinji günlerinden başlap bugdaýyň agrotehniki ideg çäreleriniň depgini güýçlendirildi.

Suw desgasynyň gözegçileriniň tagallasy

Bal suwly Garagum derýasyndan ekinzarlyga tarap bölünýän uly ene ýaplaryň sakasynda şaggyldysyny şirin mukama öwrüp suw sazlaýjy gatlalar otyr. Suw desgasynyň gözegçileri öz wezipelerini ussatlarça ýerine ýetirmek bilen Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky kararyndan ugur alyp, gür baglygy ýetişdirmek üçin hem jan aýaman zähmet çekýärler. “Garagumderýasuwhojalyk” birleşiginiň 4-nji “Garagumsuwhojalyk” dolanyşygynyň 1-nji suw uçastogynyň başlygy Pena Kakajanowyň ýolbaşçylygynda Garagum derýasynyň 345-nji kilometrliginde ýerleşýän 9-njy, 352-nji kilometrliginde ýerleşýän 10-njy, 356-njy kilometrliginde ýerleşýän 11-nji “Durnaly” gapdal sowgutlarynyň işgärleri Derýageldi Çaryýew, Maksat Zyýabaýew, Meretmyrat Nepesow derýanyň boýuna we suw desgalarynyň töweregine tut, arça ýaly saýalyk, erik, alma, nar, ülje, garaly ýaly miweli baglaryň nahallaryny oturtmak we olara ideg etmek işlerinde ýylyň-ýylyna nusgalyk görelde görkezýärler.

Düýe malym — dünýe malym

Gap böwürde gorküýzäm Uç-gyraksyz Garagumuň aňňat-aňňat gum depeli ýaýlalarynda ösüp, örňäp ýören düýe malynyň belli bahasy ýok. Ýüňi ýüz, süýdi müň derdiň dermany bolan düýe malyny türkmen halky taryhyň has irki döwürlerinden köpeldip gelipdir.

Saçaklarymyzyň bezegi

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýleki ulgamlar bilen deň hatarda, oba hojalyk pudagynda gazanylýan ösüşler halkymyzyň bolelin, eşretli, bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ekerançylyk däpleri esasynda oba hojalygynyň ösmegi we girdejili pudaga öwrülmegi üçin halal zähmetiň nusgasyny görkezýän babadaýhanlarymyz bereketli toprakdan bol hasyl alyp, ata Watanymyzyň ösüşlerine uly goşant goşýarlar.  Berkarar ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde daýhanlarymyzyň arman-ýadaman zähmet çekip, sahawatly ene ýerden bol hasyl almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.  Daýhanlarymyza, mülkdarlarymyza döwlet tarapyndan uly ýeňillikler berilýär. Olar dökün, tohum, tehnika we beýleki serişdeler bilen üpjün edilýär, kämil, ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň hyzmatyndan peýdalanýarlar. Babadaýhanlarymyzyň tabşyrýan hasyllary üçin öz wagtynda hasaplaşyklar geçirilýär. Alyn derini ene topraga siňdiren her bir daýhan, kärendeçi, mülkdar özi üçin edilýän aladanyň netijesinde zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezýär. Olar ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Daýhanlarymyzyň ýetişdirýän bol hasyly rysgal-bereket bolup saçaklarymyzy bezeýär.

Pileçileriň ajaýyp üstünligi

Hojambaz etrabynyň öňdebaryjy ýüpekçileri ilkinjileriň hatarynda pile tabşyryp başlady. Olar ýakynda pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etmegiň hötdesinden geldiler. Hojambazly pileçiler 97 tonna 730 kilogram pile tabşyrdylar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda etrabymyzyň ýüpekçileri tarapyndan gazanylan bu üstünlik gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Gazanylan ýeňşe «Türkmenistan», «Mekan» we Jumaguly Mämmedow adyndaky daýhan birleşikleriniň ýüpekçileri aýratyn uly goşant goşdular.

Guşgursak däneleriň tyllaýy öwüşgini

Sanlyja gün mundan ozal hem ýaşyl öwsüp, tolkun atan bugdaýly meýdanlar bu gün eýýäm tyllaýy görnüşe geçdi. Bu «uly iliň soltany» hasaplanýan bugdaýyň bişendiginiň alamaty. Saçaklarymyza mele-myssyk çörek bolup gelýän bugdaýyň bu ýylky ýagdaýy has-da göwün göteriji. Dok sünbüller başyny yrap, özüni güjeňleýän ýaly, sähelçe şemala-da ygşyldaşyp otyrlar. Bu ýagdaýdan lezzet alýan daýhanyň bolsa öz hasaby bar. Ol şu ýyl her gektardan 40 — 45 sentner hasyla garaşýar. Lebap welaýatynyň daýhanlary-da geçen güýzde 130 müň gektara bugdaýyň iň gowy sortlaryny ekmek bilen, şu ýyl ondan 310 müň tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Elbetde, bu ýeňil-ýelpaý iş däl. Munuň üçin galla oragyny gysga wagtda, guramaçylykly geçirmek gerek. Orak möwsüminde elden giden her bir pursat eýýäm möwsümi yza çekdirýär we dänäniň ýitgisine alyp barýar. Şonuň üçin şu ýyl daýhanyň esasy daýanjy bolan tehnikalaryň galla oragyna taýýarlanyşyna aýratyn üns berildi. Däne orýan «CLAAS», «John Deere», «Case» kysymly kombaýnlar irki möhletlerde galla oragyna doly taýýar edildi. Olar üçin zerur bolan ýangyç we çalgy ýaglarynyň hem-de ätiýaçlyk şaýlarynyň-da ýeterlik möçberi etraplardaky oba hojalygyna tehniki hyzmat ediş kärhanalaryna ugradyldy. Mehanizatorlar bilen taýýarlyk we öwredijilik okuwlary geçirilip, degişli hünärmenler bu synaglardan geçen mehanizatorlara galla oragyna gatnaşmaga rugsat berýän deg

Gyzgalaňly möwsümiň bosagasynda

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň tehniki-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, welaýatymyzyň Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň täze traktorlar, gurallar we beýleki serişdeler bilen üpjünçiligi barha gowulanýar. Bu bolsa ýylyň dowamynda ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin çäreleriň çalt hem-de ýokary hilli geçirilmegine şert döredýär. Şeýle möwsümleýin işleriň hatarynda kärendeçi daýhanlaryň uzak wagtyň dowamynda yhlas siňdirip ýetişdiren galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem esasy orny eýeleýär. Şoňa görä-de, bu gyzgalaňly döwre diňe bir gallaçy kärendeçiler däl, eýsem, olara dürli ugurlar boýunça ýardam berýän edara-kärhanalaryň işgärleri-de ykjam taýýarlyk görýärler. Olar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň günsaýyn golaýlaýan bugdaý oragy möwsümine hem şeýle taýýarlyk bilen geldiler. Muňa Gubadag etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň hünärmenleriniň, kombaýnçylarynyň häzirki wagta çenli ýerine ýetiren işleri-de mysal bolup biler.

Ýeralma ýetişip gelýär

Biz çagakak, gaýnadylan ýeralma degişme bilen «Wanýa daýynyň nahary» diýerdiler. Bu degişme gözbaşyny «Aýgytly ädim» filminden alýan bolarly. Umuman, şol ýyllarda ýeralma mellek ýerlerinde ekilýän hem bolsa, köpräk Russiýadan getirilýärdi. Indi bolsa türkmen topragynda biten ýeralmalar tagamlarymyza tagam goşýar. Bu zerur azyklyk önümini özümizde öndürmek hormatly Prezidentimiziň oba hojalykçylardan bildirýän esasy talaplarynyň biridir. Türkmen daýhanlary muňa jogap edip, ene toprakdan ýylyň-ýylyna ýeralmanyň bol hasylyny ýygnaýarlar. Bu işe Çärjew etrabynyň daýhanlary hem mynasyp goşant goşýarlar.

Ha­ta­ra­ra be­jer­gi­le­riň peý­da­sy

Hä­zir­ki wagt­da go­wa­ça eki­len meý­dan­lar­da ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da ha­ta­ra­ra be­jer­gi­si, go­wa­ça­ny ýe­ke­le­mek we mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek iş­le­ri gyz­ga­laň­ly al­nyp ba­ryl­ýar. De­giş­li iş­le­ri ne­ti­je­li ge­çir­mek üçin et­rap­la­ryň we daý­han bir­le­şik­le­ri­niň teh­ni­ki hyz­mat ediş kär­ha­na­la­ry­nyň mad­dy-teh­ni­ki se­riş­de­le­ri he­re­ke­te gi­ri­zil­di. Ýer­den iki gu­lak bo­lup gö­ge­rip çy­kan ýa­şa­jyk go­wa­ça­la­ra ideg et­mek in­di­den beý­läk daý­han­la­ryň esa­sy ala­da­la­ry­na öw­rül­ýär. Meý­dan­la­ra gel­şik be­rip ösüp otu­ran go­wa­ça­la­ryň ha­tarara be­jer­gi­le­ri­niň peý­da­sy örän ulu­dyr. Şeý­le ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­riň öz wag­tyn­da ge­çi­ril­me­gi bol ha­sy­lyň gi­re­wi bo­lup dur­ýar. Ha­ta­ra­ra be­jer­gi iş­le­ri ge­çi­ri­len­de, kul­ti­wa­tor­la­ryň dür­li ky­sym­la­ry ula­nyl­ýar. Go­wa­ça­nyň ösüş döw­rün­de 5-6, hat­da 6-7, mek­ge­jö­wen­de 2-3, po­mi­do­ryň baş­ky ösüş döw­rün­de gol ýaý­rat­man­ka 3-4 ge­zek be­jer­gi ge­çi­ril­ýär. Ekin­ler gö­ge­rip çy­kan­dan soň ha­ta­ra­ra be­jer­gi iş­le­ri nä­çe çalt we ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­se, şon­ça-da go­wy bol­ýar. Se­bä­bi ösüm­lik­le­riň il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap ola­ryň ka­da­ly ös­me­gi üçin kul­ti­wa­si­ýa ar­ka­ly ýa­ram­ly top­rak-howa şert­le­ri dö­re­dil­ýär. Be­jer­gi ge­çi­ri­len­de ekin­le­riň ýa­ş

Halkymyzyň rysgal-berekedi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň agrosenagat toplumy döwrebap ösüşlerdir özgertmeleri başdan geçirýär. Oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň mukdarynyň ýylyň-ýylyna ýokarlanmagy hem bu toplumda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, bu gün daýhanlaryň ýokary öndürijilikli, kuwwatly oba hojalyk tehnikalarydyr gurallary bilen yzygiderli üpjün edilmegi, ýer eýelerine tehniki hyzmatlaryň, mineral dökünleriň, ýokary hilli tohumlaryň we zyýankeşlere garşy ulanylýan himiki serişdeleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi hem-de öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi özüniň oňyn miwesini berýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýurdumyzda ak bugdaýyň, «ak altynyň», gök-bakja önümleriniň, dürli miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasylyny öndürmäge şert döredýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toý ediljek ýylynyň taryhy wakalaryndan ruhlanan daýhanlarymyz bu gün möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmak bilen, öňde duran galla oragy möwsümine ykjam taýýarlyk görýärler. Bilşimiz ýaly, galla gymmatly azyklyk ekindir. Eziz Diýarymyzda bu ekiniň ýetişdirilişine aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen oba hojalyk ýylynda ýurdumyzyň ak ekin ussatlary sahawatly topragymyzdan 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak ak bugdaýy ýygnap, däne taýýarl