"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Li-Fi tehnologiýasy

Dünýäde smartfonlaryň meşhurlygynyň artmagy bilen, simsiz maglumat aragatnaşygyna zerurlyk barha ýokarlanýar. Munuň netijesinde radio ýygylykly spektriň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Çünki radio ýygylykly spektr çäkli bolýar, üstesine-de, onda maglumatlary ýerleşdirmek we geçirmek köp çykdajylary talap edýär. Şonuň üçin häzirki wagtda maglumatlary ibermegiň täze usullary öwrenilýär. Bu ugurlaryň biri hem optiki-simsiz torlardyr. Optiki-simsiz torlary ornaşdyrmakda görünýän ýagtylyk geçiriş ulgamlary (Li-Fi) uly ähmiýete eýedir. Bu tehnologiýa görünýän ýagtylyk çykaryjy diod (VLED) arkaly maglumat geçirilişini üpjün edýär. Bu tehnologiýa Harald Haas tarapyndan döredilip, ilkinji gezek dünýä jemgyýetçiligine 2011-nji ýylyň başynda tanyşdyryldy. Angliýaly alymlar yşyklandyryjy gurallaryň kömegi bilen maglumatlary 10 Gbit/s tizlikde geçirmegi başardylar.

Sanly tehnologiýalara daýanyp

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara ülňülere laýyk gelýän sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy önümçilik serişdelerini, ýokary öndürijilikli tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistan iň täze nusgadaky kompýuter hem-de telearagatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ulgamy yzygiderli ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Milli Liderimiziň başda durmagynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda möhüm çözgütleriň biri boldy. Konsepsiýanyň baş maksady ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegine kuwwatly itergi berjek öňdebaryjy sanly ulgamlary kemala getirmekden, sanly hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmakdan, sanly maglumat gorlarynyň ýurdumyzyň islendik künjeginde elýeter bolmagyny üpjün etmekden, sanly ulgamyň düzümlerini we işleýşiniň hilini maksadalaýyk kämilleşdirmekden, ahyrky netijede, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny düýpli pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Sanly bilim — ösüşiň esasy şerti

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkemeginde ylym-bilim ulgamyna möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda biziň gündelik durmuşymyzda sanly ulgama, sanly tehnologiýalara uly orun degişlidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň esasynda düýpli özgerdilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmek maksady bilen, iri ylmy-barlag taslamalary durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýakyn geljekde sanly ykdysadyýete geçmekde, bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.

Ädimme-ädim sanly geljege tarap

Häzirki zaman dünýäsinde sekuntsaýyn bolup geçýän ösüş-özgerişler adamzat durmuşyny ählitaraplaýyn gurşap alýar. XXI asyryň häsiýetli aýratynlygy bolan maglumat tehnologiýalarydyr sanly gurluşlar gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Hyzmatlar ulgamyndan başlap, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar wagty tygşytlamaga, zähmet öndürijiligini artdyrmaga, işleri ýeňilleşdirip, onuň hilini ýokarlandyrmaga, täze önümçilikleri döretmäge, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, dünýä ýurtlary öz ösüşiniň täze tapgyrynda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy möhüm ugur hökmünde kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklamagy bu babatda tapgyrlaýyn işleri amala aşyrmaga badalga boldy. Tapgyrma-tapgyr ýola goýulýan işleriň çäginde bu gün türkmenistanlylar gündelik durmuşynda, her ädimde sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden we artykmaçlyklaryndan peýdalanýarlar. Biz bu makalamyzda onuň diňe bir ugry — neşirýat-çaphana işiniň sanlylaşdyrylyşy dogrusynda söhbet etmekçi.

Innowasion ösüş — döwrüň talaby

«Akylly telefonlar», «akylly sagatlar», «akylly öý», «akylly şäher» düşünjeleri häzirki wagtda gündelik durmuşymyza giňden ornaşýar. Häzirki zaman adamyny şol «akylly» tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek kyn. Bu ugurdaky işläp taýýarlamalar gündelik durmuşymyzyň ähli ulgamlaryna tapgyrlaýyn ornaşyp, ýaşaýşymyzy has amatly we ýakymly ýagdaýa getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ähli ulgamlar we pudaklar özgerdilýär. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öňde goýlan wezipelere toplumlaýyn çemeleşmek bilen, sanlylaşdyrmak işleriniň gerimi giňeldilýär.

Miwesi datly agaç

Güýz paslynda ýetişip, gyşda saçaklarymyzy bezeýän gök önümler, datly miweler az däl. Şeýle datly miweleri boldan getirýän baglaryň biri-de nar agajydyr. Nar agajy welaýatymyzyň Magtymguly, Etrek etraplarynda gowy ýetişýär. «Gözel Sumbaryň nary» diýlip goşguda waspy ýetirilen datly miwäni ösdürip ýetişdirýän babadaýhanlarymyzyň çekýän zähmeti ýerine-de düşýär. Narlaryň tagamy süýji, turşy, turşumtykdyr. Olar däneli, ýumşak däneli we dänesi çigitsiz görnüşinde bolýar. Welaýatymyzda däneli we ýumşak däneli narlar has giňden ýaýrandyr. Ýuka gabykly nar ýumşak däneli bolup, sowuga çydamsyz bolýar. Ony howa sowap başlanyndan sowuk urýar. Şonuň üçin ol maýyl sub- tropiki ýerlerde ekilýär. Dänesi çigitsiz nar welin seýrek duş gelýär.

Sanly ykdysadyýet — döwrebap ösüş

Häzirki wagtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi gazanmakda we onuň durnuklylygyny üpjün etmekde innowasiýalara möhüm orun degişlidir. Muny ikinji müňýyllygyň soňky ýarymynda adamzat durmuşyny düýpli özgerden wakalaryň toplumy — senagatlaşma prosesi we ylmy-tehniki ösüş doly subut etdi. Munuň özi dünýä döwletlerinde sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýeti kemala getirmek ugrunda halk hojalygynyň sanlylaşdyrylmagyny we ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny yzygiderli özleşdirmegi wajyplyga öwürdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna hem-de onuň pudaklaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we kämil innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligiň döwlet syýasatynda durmuşa geçirilmeli möhüm wezipeleriň biridigine doly güwä geçýär.

Täze tehnologiýalara daýanyp

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan sanly ulgama geçmek babatdaky strategik maksatnamalary bu ugurda kämil hünärmenleriň ýetişdirilmegini talap edýär. Şunda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde guralýan okuw-tejribelik, tälimçilik işi ýokary hilliligi bilen tapawutlanyp, baý many-mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hem alnyp barylýan okuw işleri hut şu möhüm özgertmeler bilen berk baglanyşygy emele getirip, sazlaşykly ösüşe ýardam edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» orny örän ýokarydyr. Çünki bu resminama Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalara erk edýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, sanly ulgama çekmek ýaly aýdyň maksatlary öňde goýýar.Şu nukdaýnazardan hem häzirki wagtda institutymyzyň binýadynda ornaşdyrylan sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň gerimi has-da giňeldilýär.

Söwda ulgamy we innowasiýalar

Döwlet edaralaryny sanly ulgama geçirmegiň depginini ýokarlandyrmak geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezilýär. Häzirki döwürde gerimi giňeýän innowasion ösüş sanly söwda ulgamynyň çäklerine-de aralaşdy. Onda internet dükanlaryň görnüşleri, hukuklarydyr borçlary, uzak aralykdan satylmagyna ýol berilmeýän harytlaryň sanawy, dermanhanalaryň elektron söwdany alyp barmaklarynyň aýratynlyklary, uzak aralykdan satylýan harytlaryň mahabatlandyrylyşy, harydy satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak we ýerine ýetirmekden ýüz öwürmegiň ýagdaýlary, eltip bermegiň tertibi düzgünleşdirilýär. Bu döwrebap resminama sanly ykdysadyýetiň «ynamly ulanyjylaryny» emele getirmek, söwda ulgamyny sanlylaşdyrmak, internet dükanlarynyň işini ýola goýmagy kadalaşdyrmak ýaly maksatlara ýetmegi göz öňünde tutýar.

Döwrebap kämillik

Hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen agzybir halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp, asuda, parahat, eşretli durmuşda ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda Watanymyzda ynsanyň gadyr-gymmatynyň hemişe belent tutulýandygyny, agzybir ilimiziň ata-baba ýörelgelerini dowam etdirip, öz döwletli ojaklarynyň, eziz ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýandyklaryny nygtaýar. Ýurdumyzyň gülläp ösüşinde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Bu maksatnama esasynda ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, ýaşlary sanly ulgama geçmek boýunça geçirilýän işlere giňden çekmek we beýleki möhüm meseleleri çözmek göz öňünde tutulýar.

«Akylly lampalar»

Şu ýyl «Akylly öý» ulgamynyň döredilenine 71 ýyl dolýar. 1950-nji ýylda amerikaly inžener Emil Matias öýüň ähli ýerinde ornaşdyrylan dolandyryş paneliniň kömegi bilen garažyň gapysyny açmak, çyralary ýakyp-söndürmek, hatda radiony işletmek mümkinçiligi bolan «Düwmeli öýi» («Push-Button Manor») döretdi. Biziň döwrümizde öýdäki çyrany uzak aralykdan ýakyp-öçürmek üçin kabeliň zerurlygy aradan aýrylan hem bolsa, ol wagtlar Matiasyň bu täzeligi hemmäni haýrana goýupdyr. Matiasa bolsa bu taslamasyny durmuşa geçirmek üçin iki kilometr kabel gerek bolupdyr. Şeýle köp simiň peýdalanylýandygy sebäpli, Matiasyň «akylly öýi» kän bir köpçülige elýeterli bolmandyr. Şondan soňraky 60 ýylyň dowamynda bu ulgam arzanlamady, diňe biziň döwrümizde, ylmyň we tehnikanyň ösen döwründe köpçülige elýeterli boldy. Munuň sebäbi, birinjiden, kabellere derek simsiz tehnologiýalar peýdalanylyp ugraldy, ikinjiden, «akylly öý» bir bitewi uly ulgam görnüşini üýtgetdi. Indi aýry-aýry işi ýerine ýetirýän (mysal üçin çyralary ýakyp-söndürýän) böleklerini özbaşdak satyn almak mümkinçiligi döredildi. Hatda haýsydyr bir kömekçi komponentleri ulanmak zerurlygy hem aradan aýryldy: häzirki zaman tehnologiýalary dolandyryş enjamlaryny yşyklandyryjy lampalaryň içinde ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Innowasion tehnologiýalaryň hyzmaty

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň gözel tebigatynyň aýawly saklanmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýär. Ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz işleýän howpsuz innowasion tehnologiýalar ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna ornaşdyrylýar. Munuň özi daşky gurşawy gorap saklamaga, tebigy baýlyklary rejeli we tygşytly peýdalanmaga giň mümkinçilik berýär. Bu ugurdaky wezipeleriň maksady bolsa düýpli ylymlary ösdürmekden, ylmy-tehniki kuwwaty artdyrmakdan, aň-bilim işgärleriniň, alymlaryň täze neslini kemala getirmekden, ylma ukyply ýaşlary çekmekden we olara bu ugurda goldaw bermekden ybaratdyr. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ykdysadyýete giňden ornaşdyrylýar. Şunda innowasion we akylly tehnologiýalaryň, ýagny awtomatlaşdyrmagyň, umumy ulgama birikdirilmedik artýan maglumatlar goruny saklamagyň uly ähmiýeti bardyr. Innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen energiýanyň, gün panelleriniň hem-de ýel turbinalarynyň öndürilmegine şert döreýär. Bu tehnologiýalar öňde duran wezipeleri durmuşa geçirmekde, sarp edilýän çykdajylary azaltmakda we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini energoulgama goşmakda ähmiýetlidir.

Sanly bilim giňişliginde

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde sanly ulgamy ornaşdyrmak, ylmyň gazananlaryny, täzeçil tehnologiýalary işjeň özleşdirmek babatda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň öňünde möhüm wezipeleri kesgitläp berdi. Şonuň netijesinde, bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ony hil taýdan dünýäniň ösen derejesine çykarmak, şol bir wagtyň özünde ýaş alymlaryň ylmy açyşlary üçin zerur şertleri döretmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunlukda, bu ugra sanly ulgamy ornaşdyrmak, bilimiň derejesini ýokarlandyrmak, hünär taýdan kämilleşdiriş meselelerini işjeňleşdirmek boýunça öňde duran wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda ösen halkara hyzmatdaşlykda milli ylym we bilim edaralarynyň tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigini aýratyn bellemelidiris. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim gurşawyny ornaşdyrmak we ösdürmek üçin halkara taslamalar durmuşa geçirilýär. Şolaryň biri-de, «Täze tehnologiýalar arkaly Merkezi Aziýada ýokary bilimi döwrebaplaşdyrmak» atly halkara taslamadyr. Taslamanyň esasy maksady hyzmatdaş döwletleriň bilim ulgamyny okuw işine girizmek we innowasion bilim tehnologiýalaryny netijeli durmuşa geçirmek, uniwersitetleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek, sanly pedagogika pudagynda tejribe alyşmak arkaly, bilim we hünär okuwynyň halkara derejesini giňeltmekden ybaratdyr.

Sanly bilim ulgamy kämilleşdirilýär

Döwrebap bilimlerden habarly, innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesine tutuş dünýäde möhüm meseleleriň biri hökmünde garalýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ösüp gelýän ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagy, olaryň dünýäde ykrar edilen okuw maksatnamalarynyň esasynda okadylmagy, täzeçe we düýpli pikirlenip bilýän ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz okuw işiniň has netijeli bolmagy üçin täze-täze başlangyçlary öňe sürýär. Döwrebap ylmy-tehniki enjamlar bilen üpjün edilen orta mekdepleriniň sany artýar. Olarda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy, internet ulgamyndan peýdalanylmagy okuwçylaryň bu ugurda dünýägaraýşyny artdyrmaga ýardam berýär. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar okuwçylaryň has giň möçberdäki maglumaty kabul etmegine ýardam edýär. Ýagny maglumat birbada görüş we eşidiş ýollary arkaly kabul edilýär. Şeýle-de okuwçylar elektron sözlüklerden we kitaplardan, binýatlyk maglumatlardan we beýlekilerden peýdalanyp bilýärler. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy diňe bir okuw sapaklaryny guramakda ygtybarly gural bolmak bilen çäklenmän, eýsem, terbiýeçilik işlerini geçirmäge-de ýardam berýär. Sapakdan daşary tabşyrylýan ýumuşlary özleşdirmek, täze maglumatlar bilen tanyşmak hem-de maglumat alyşmak üçin sanly ulgam örä

Dünýäniň öňdebaryjy kärhanalary

Hyrydarly harytlar «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti halkymyzyň islegine görä önümleri öndürmekde iň öňdebaryjy kärhanalaryň biridir. Döwrebap kärhanada dürli görnüşli LED lampalaryň, okuwçylar üçin öwrediji kompýuterleriň we netbuklaryň, 4K Ultra HD durulykda LCD ekranly akylly telewizorlaryň birnäçe modelleri öndürilýär. Bu ýerde öndürilýän akylly telewizorlar tor hyzmatlary we zerur interfeýs bilen enjamlaşdyrylan. Kärhanada öndürilýän akylly telewizorlara hojalyk jemgyýeti tarapyndan 1 ýyllyk kepillik berilýär. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde işine ussat hünärmenleriň 100-e golaýy yhlasly zähmet çekýär. Häzirki wagtda hojalyk jemgyýetinde öndürilýän önümlere bolan isleg barha artýar.

Sanly ykdysadyýet ösüş ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Üç tapgyrdan ybarat bolan bu Konsepsiýanyň her tapgyrynyň öz wezipeleri bar. Şeýle hem ol maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýyny, konsepsiýanyň maksadyny, wezipelerini, ony amala aşyrmagyň ugurlaryny, gurallaryny, maliýe taýdan üpjünçiligini we garaşylýan netijeleri özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletimiziň ösüşini göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Şoňa görä-de, sanly ykdysadyýet bütin dünýäde innowasiýalary öňe sürmegiň, bäsleşige ukyplylygy we ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmegiň möhüm şertine öwrüldi. Bu ugur ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda täze wezipeleri öňde goýýar. Şeýle hem durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşmegiň zerurdygyny görkezýär».

Akylly tehnologiýa — sagdyn geljek

Innowasion tehnologiýalaryň ösýän we kämilleşýän döwründe akylly öýler, şäherler we ýene-de ençeme durmuş zerurlyklary haýran galdyrýar. Akylly enjamlaryň ýerine ýetirýän hyzmatyndan peýdalanmak bolsa wagtyňy tygşytly ulanmaga ýardam edýär.

Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

Kämil tehnologiýalaryň eýýamy Garaşsyz döwletimiz milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly bolan üstümizdäki ýylda-da ykdysady ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Bu ýol milli ykdysadyýetimize, beýleki ulgamlara kämil tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, öňdebaryjy tehnologiki kuwwatlyklaryň giň ornaşdyrylýan üstünlikleriň ýoludyr. Şu ýerde döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösüşi giň gerime eýe bolup, ähli ugurlaryň sanlylaşdyrylmagynda aýgytly ädimleriň badynyň artýandygyny bellemelidiris.

Mawy ekranyň taryhy

Telewizor häzirki wagtda Ýer ýüzünde iň giň ýaýran elektron enjamlaryň biridir. Grek dilindäki «tele» — uzak we latyn dilindäki «visio» — görmek sözlerinden dörän telewizor sözi XX asyryň başlarynda ulanylyşa girizilýär. Ilkinji mehaniki telewizor 1923-nji ýylda Beýik Britaniýada Jon Logie Baird tarapyndan döredilýär. Şeýle hem, ol 1926-njy ýylda enjamda ak we gara reňklerden ybarat bolan ilkinji şekilleri görkezýär. Bu açyşdan soňra telewizora ABŞ, Ýaponiýa, Germaniýa ýaly döwletler tarapyndan hem uly gyzyklanma bildirilýär. Mehaniki telewizor ilkinji gezek toplumlaýyn esasda «Visionette» ady bilen «Western Television» amerikan kompaniýasy tarapyndan öndürilýär we 1929-njy ýylda satuwa çykarylýar. Bahasy 100 amerikan dollaryna golaý, görkezijilik hili pes bolan bu telewizorlarda sesleri eşitmek üçin goşmaça enjamlary gurnamaly bolupdyr. Telewizorlar döredilen gününden başlap yzygiderli kämilleşdirilipdir. Wagtyň geçmegi bilen elektron telewizorlar hem oýlanyp tapylýar. 1934-nji ýylda Germaniýada «Telefunken» kompaniýasy tarapyndan ilkinji elektron telewizor önümçiligi ýola goýulýar, şeýle hem «DFR» telestudiýasy işläp başlaýar. 1936-njy ýylda Germaniýada geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýurduň ilaty ilkinji gezek telewizorlar arkaly tomaşa edipdirler. Soňra bu enjam Beýik Britaniýa, Fransiýa döwletlerinde hem öndürilip başlanýar. 1930-njy ýyllaryň ahyrynda ABŞ-da 7000, G

Kompýuter — ygtybarly enjam

Kompýuter — häzirki zaman dünýäsinde iň ygtybarly we derwaýys enjamlaryň biridir. Onuň derwaýyslygy islendik işi wagt ýitirmezden, tiz ýerine ýetirmäge ukyplylygy bilen ölçenýär. Geçen asyrlarda akyl zähmeti bilen meşgullanýanlar çylşyrymly hasaplamalary amala aşyrmaly bolanlarynda, köp wagt sarp etmeli bolupdyrlar. Häzirki ösen zamanada bolsa, bary-ýogy sähelçe wagtyň dowamynda ýüzlerçe amallary ýerine ýetirip bolýar. Meşhur matematik Eýler asman jisimleri bolan kometalaryň traýektoriýalaryny, Lewer Neptun planetasynyň traýektoriýasyny we Uran planetasynyň hereketini hasaplamak üçin birnäçe ýylyny sarp edipdirler. Kompýuterler bolsa bu hasaplamalary sanlyja minutyň içinde ýerine ýetirmäge ukyply. Kompýuterleriň kömegi bilen häzirki döwürde emeli hemralaryň hereketine gözegçilik etmekde uly işler alnyp barylýar.