Robot balyk
Deňizde ýaşaýan jandarlary öwrenmek häzirki döwrüň ösen tehnologiýalaryna garamazdan, henizem kyn iş. Bu meseläni ýeňilleşdirmek isleýän hünärmenler täze taslamalary işläp düzýärler. Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) Informatika we emeli intellekt laboratoriýasynyň hünärmenleri deňiz gurşawyny has ýakyndan öwrenmek üçin silikon kauçukdan we uzalyp gidýän plastmassadan ýasalan robot balygy döretdi. «SoFi» atly robot-balyk Fiji adasynyň golaýyndaky merjen gaýalyklarynda geçirilen synagda 40 minutlap 15 metrden gowrak çuňlukda aýlanyp, ýerleşdirilen kamerasy bilen ýokary hilli suratlary we wideolary ýazga geçirdi. Guýrukly robot öňe ýüzüp, şeýle hem aňsatlyk bilen suwa çümüp we ýokary çykyp bilýär. Topar suw geçirmeýän uzakdan dolandyryşly enjamy ulanyp, onuň tizligini we hereketini dolandyrmagy başarýar. Dünýäniň ilkinji robot-balygy motor, kamera we litiý polimer batareýasy ýaly böleklerden ybarat bolup, agzalan enjamlaryň ählisi häzirki smartfonlarda ulanylýar. Guýrugyndaky gidrawlik (suw bilen işleýän) nasos robotyň dürli tarapa hereket etmegine mümkinçilik berýär. Balygyň elektron mehanizm ýerleşdirilen kellesi üç öl