"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Ştab-kwar­ti­ra­sy­ny Te­has şä­he­ri­ne gö­çü­rýär

«Tes­la»-nyň di­rek­to­ry Ilon Mask pen­şen­be gü­ni kom­pa­ni­ýa­nyň baş ştab-kwar­ti­ra­sy­ny Ka­li­for­ni­ýa­dan aw­tou­lag we ba­ta­re­ýa za­wod­lar top­lu­my­ny gur­ýan ýe­ri bo­lan ABŞ-nyň Te­has şta­ty­na gö­çür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di. «Tes­la» ştab-kwar­ti­ra­sy­ny «Oracle», «HP» we «Toyo­ta Mo­tor» bi­len bi­le­lik­de, Ka­li­for­ni­ýa­da sal­gyt­la­ryň we ýa­şa­ýyş çyk­da­jy­la­ry­nyň has ýo­ka­ry bo­lan­dy­gy se­bäp­li Te­ha­sa gö­çür­mek­çi bol­ýar. Şeý­le hem Mask kom­pa­ni­ýa­nyň Ka­li­for­ni­ýa­da­ky esa­sy za­wo­dyn­da we Ne­wa­da­da ýer­le­şen önüm­çi­lik meý­dan­ça­la­ryn­da önüm­çi­li­gi 50% ýo­kar­lan­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Bu habardan soň «Tes­la»-nyň paý­na­ma­la­ry 1,39% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 793,6 dol­la­ry­na ýet­di.

Ma­ha­bat go­şun­dy­sy­ny sat­dy

«Twit­ter» kom­pa­ni­ýa­sy «Mo­Pub» ma­ha­bat go­şun­dy­sy­ny ABŞ-nyň 1,2 mil­liard dol­la­ry­na sat­mak üçin, Ame­ri­ka­nyň mar­ke­ting go­şun­dy­la­ry­ny iş­läp düz­ýän «App­Lovin» kor­po­ra­si­ýa­sy bi­len şert­na­ma bag­laş­dy. Ge­le­şi­giň res­mi­na­ma iş­le­ri­ni öňü­miz­dä­ki bir­nä­çe aýyň do­wa­myn­da ta­mam­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. «Twit­ter» ge­le­şi­giň ma­li­ýe şert­le­ri­ni 2021-nji ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gi­niň ha­sa­ba­ty­ny be­ren­den soň, 26-njy okt­ýabr­da çap eder. Bu ha­bar­dan soň «Twit­ter» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry 2,39% gym­mat­lap, ABŞ-nyň 61,29 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. 

«Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy 300 müň elekt­ro­kar ön­dü­rer

«Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Şan­haý­da ýer­leş­ýän za­wo­dy­nyň ön­dür­ýän elekt­ro­mo­bil­le­ri­niň sa­ny ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­riň bü­tin dün­ýä­de ýet­mez­çi­lik ed­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, 2021-nji ýy­lyň do­kuz aýyn­da 300 mü­ňe ýe­ter diý­lip çak­la­nyl­ýar. Bu za­wod­ ýer­li hem-de da­şar­ky ba­zar üçin, şol san­da Ger­ma­ni­ýa­nyň we Ýa­po­ni­ýa­nyň ba­zar­la­ry üçin, «Mo­del 3» se­da­ny­ny we ýo­ka­ry ge­çi­ri­ji­lik­li «Mo­del Y» aw­tou­la­gy­ny ön­dür­ýär. Mag­lu­mat üçin, Hy­ta­ýyň ýe­ňil aw­tou­lag­lar bi­le­le­şi­gi­niň ha­sa­ba­ty­na la­ýyk­lyk­da, «Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň se­kiz aýyn­da 240 müň elekt­ro­kar ön­dür­di.

«In­tel» kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze za­wod­la­ryň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­di

«In­tel» kom­pa­ni­ýa­sy ABŞ-da elektron çip­le­ri ön­dür­ýän iki sa­ny tä­ze za­wod­la­ryň gur­lu­şy­gy­na baş­la­dy. «Fab 52» we «Fab 62» at­ly iki za­wod Ari­zo­na­da gur­lar. Hä­zir­ki wagt­da bu ştat­da «In­tel» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dört sa­ny iri önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry he­re­ket ed­ýär. Tä­ze za­wod­lar üçin «In­tel» kom­pa­ni­ýa­sy ABŞ-nyň 20 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum sarp eder. 2025-nji ýyl­da işe gi­ri­zil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän za­wod­lar­da mik­ros­he­ma­la­ry ön­dür­mek üçin iň ösen teh­no­lo­gi­ýa­lar ula­ny­lar.

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň ýeňijisi belli boldy

Dün­ýä­niň yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň iň ab­raý­ly baý­ra­klary­nyň bi­ri bo­lan No­bel baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­le­ri yg­lan edil­di. Luk­man­çy­lyk, fi­zi­ka, hi­mi­ýa ýa­ly ugur­lar­dan soň ede­bi­ýat ug­ry bo­ýun­ça hem No­bel baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­si bel­li bol­dy. 2021-nji ýyl­da ede­bi­ýat bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­na asly tanzaniýaly britan ýa­zy­jysy, pro­fes­sor Ab­dul­ra­zak Gur­na my­na­syp bol­dy. Hä­zir­ki wag­ta çen­li 117 ýa­zy­jy ede­bi­ýat ug­ry bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gyna mynasyp bolup, ola­ryň için­de has köp iň­lis di­lin­de eser ýa­zan ede­bi­ýat­çy­la­ra bu baý­rak gow­şu­ry­ldy.

«Ama­zon» öý ro­bo­ty­ny iş­läp düz­di

Ame­ri­ka­nyň «Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy öý üçin ro­bo­t iş­läp düz­di, oňa «Ast­ro» ady­ny goý­du­lar. Öý ro­bo­ty­ny wi­deo gö­zeg­çi­lik­de we öýüň içi­niň howp­suz­ly­gy­nyň gö­zeg­çi­li­gin­de ula­nar­lar. «Ast­ro» öý­de öz­baş­dak he­re­ket edip bil­ýär, ta­lap bo­ýun­ça aý­ry-aý­ry otag­la­ry bar­lap bil­ýär, hat­da öý­de nä­bel­li adam­la­ryň peý­da bo­lan­dy­gy ba­ra­da ha­bar be­rip bil­ýär. Şeý­le-de ro­bot-as­sis­tent köpdür­li we­zi­pe­le­ri, my­sal üçin aý­dym-saz eşit­di­rip ho­ja­ýy­nyň yzy­na dü­şüp gi­dip bil­ýär, maş­ga­la su­rat­la­ry­ny alyp bil­ýär we duý­du­ryş ha­bar­la­ryny ug­ra­dyp bil­ýär. Ro­bo­tyň ba­ha­sy, tak­my­nan, ABŞ-nyň 1-1,5 müň dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lar.Maglumat üçin, «Ast­ro» roboty bazara 2021-nji ýy­lyň do­wa­myn­da çy­ka­ry­lar.

BAE Älem mak­sat­na­ma­sy­ny işe gi­riz­di

Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri We­ne­ra pla­ne­ta­sy­ny hem-de Gün sis­te­ma­sy­nyň ýe­di as­te­roi­di­ni öw­ren­mek üçin Älem mak­sat­na­ma­sy­ny işe gi­riz­di. Mak­sat­na­ma­nyň çä­gin­de as­te­roid­le­riň bi­ri­niň üs­tü­ne Älem en­ja­my­ny gon­dur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. «Na­tio­nal» ga­ze­tin­de çap bo­lan mag­lu­mat­la­ra gö­rä, de­giş­li bi­ler­men­le­re «uç­ýan» en­ja­my taý­ýar­la­mak üçin ýe­di ýyl ge­rek bo­lar. Ony 2028-nji ýyl­da Äle­me uçur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Mag­lu­mat üçin, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri 2020-nji ýy­lyň iýul aýyn­da «Al-Amal» pla­ne­ta­ra stan­si­ýa­sy­ny Mar­sa ta­rap gö­nük­dir­di. 2021-nji ýy­lyň 9-njy few­ra­lyn­da bol­sa ol Gy­zyl pla­ne­ta­nyň or­bi­ta­sy­na çyk­dy. Bu uçu­şyň mak­sa­dy, Mar­syň at­mos­fe­ra­sy­ny we ho­wa şert­le­ri­ni öw­ren­mek­den yba­rat­dyr.

Il­kin­ji ge­zek Älem gi­ňiş­li­gin­de ki­no­film su­ra­ta dü­şü­ri­ler

5-nji okt­ýabr­da Rus­si­ýa­nyň «So­ýuz MS-19» Älem gä­mi­si ki­no­film dü­şür­mek mak­sa­dy bi­len, Baý­ka­nur kos­mod­ro­myn­dan ýo­la düş­di. Ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek dü­şü­ril­ýän ki­no­film üçin, re­žiss­ýor Klim Şi­pen­ko­dan, ze­nan ar­tist Ýu­li­ýa Pe­re­sil­din­den we kos­mo­nawt An­ton Şkap­le­row­dan yba­rat to­par Ýe­riň or­bi­ta­sy­na çyk­dy. Sun­gat us­sat­lar­dan yba­rat to­par «Ça­ky­lyk» at­ly tä­ze çe­per fil­mi su­ra­ta dü­şü­rer­ler. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, ki­noe­ki­paž 17-nji okt­ýabr­da Ýe­re do­la­nar. 

«App­le» tä­ze do­lan­dy­ry­jy go­şun­dy dö­red­ýär

Mil­lion­lar­ça aw­tou­lag eýe­le­ri ta­ra­pyn­dan aý­dym-saz diň­le­mek­de, aw­tou­la­gy gö­nük­dir­mek­de we te­le­fon­da gür­leş­mek­de ula­nyl­ýan «CarP­lay» go­şun­dy­sy­nyň eýe­si «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy aw­tou­lag­lar­da ula­nyl­ýan teh­no­lo­gi­ýa­lar hyz­mat­la­ry­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa aw­tou­lag­la­ryň kli­mat-gö­zeg­çi­lik, spi­do­metr, ra­dio we aw­tou­lag otur­gyç­la­ry ul­gam­la­ry­nyň funk­si­ýa­la­ry­na yg­ty­ýar ber­ýän teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň üs­tün­de iş­le­ýär. «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy «Iron­Heart» at­ly tä­ze go­şun­dy­sy­ny dö­ret­mek üçin, bir­nä­çe aw­tou­lag ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­ga baş­la­dy.

Tehnologiýalar hakynda 10 maglumat

«7/24.tm», № 41 (72),  10.10.2021. Ykjam diskler içki tegelekden daşyna okalýan bolsa, ýazylanda tersinedir.

Täsin binagärlik eserleri

«7/24.tm», № 41 (72),  10.10.2021. Arhitekturanyň taryhy 10 müň ýyldan gowrak wagty öz içine alýar. Bu döwürde gurluşyk zerurlygy binagärlik hünärine öwrülip, ösüşiniň uzak ýyllarynda dürli adamlaryň we pikirleriň hyzmatynda boldy. Binagärlik we mifler barada saýlanan geň galdyryjy maglumatlar sanardan köp.

Magnit rezonans tomografyň gurluşy

Hormatly Prezidentimiziň goldamagy bilen ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamy dünýäniň iň ösen enjamlary bilen üpjün edilen.  Şolaryň hatarynda hem keselleri anyklaýjy magnit rezonans tomografy giňden ulanylýar. Bu enjam baradady gysgajyk maglumaty size ýetirmegi makul bildik. Tomografyň düzümine magnit, radioýygylykly we gradiýent tegekleri, radioimpulslaryň generatory, sowadyjy ulgam, hasaplaýyş gurluşy we beýlekiler girýärler. Magnit rezonans tomografyň işleýiş prinsipi adamyň bedeniniň öýjükleriniň suwunyň molekulalarynyň düzümindäki wodorodyň ýadrolaryna kesgitlenen ýygylykly elektromagnit meýdanynyň täsirinden ybarat. Wodorodyň ýadrolaryna elektromagnit tolkun goýberilende ýadrolar energiýany siňdirip giňişlikde öwrülýärler we gysga wagtyň dowamynda energiýany elektromagnit tolkun görnüşde çykaryp başdaky ýagdaýlaryna gelýärler. Ýadrolardan goýberilen tolkunlary tomograf kabul edýär. Bedeniň öýjükleriniň suwunyň mukdaryna baglylykda enjamyň kabul edýän tolkunlary hem tapawutlanýarlar. Ekranda olar dürli reňklerde görünýärler.

Köp mak­sat­ly uç­ýan en­jam

  Teh­no­lo­gi­ýa­nyň bar­ha kä­mil­leş­ýän döw­rün­de döw­re­bap uçar­lar di­ňe ýo­lag­çy gat­nat­mak üçin däl, eý­sem, baş­ga-da dür­li mak­sat­lar üçin peý­da­la­nyl­ýar. Adaty uçar­lar adam ta­ra­pyn­dan do­lan­dy­ryl­ýan bol­sa, hä­zir­ki wagt­da uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan dür­li ulu­lyk­da­ky uç­ýan en­jam­lar hem az däl. O di­ýen uly bol­ma­dyk uç­ýan en­jam­la­ra dron di­ýil­ýär. Bu en­jam­lar, esa­san, gu­şu­çar be­lent­lik­den Ýer ýü­zü­niň su­ra­ty­ny al­mak, ýol he­re­ke­ti­ni ka­da­laş­dyr­mak, ki­çi göw­rüm­li ha­ryt­la­ry da­şa­mak, oba ho­ja­ly­gyn­da ekin ek­mek ýa-da der­man sep­mek ýa­ly iş­ler­de peý­da­la­nyl­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da bol­sa bu en­jam­lar gi­je­si­ne dür­li yşyk­ly şü­we­leň­le­ri gur­a­mak üçin hem ula­ny­lyp baş­lan­dy. Şeý­le dron­lar ýö­ri­te komp­ýu­ter prog­ram­ma­la­ry ar­ka­ly öza­ra «dü­şü­ni­şip», saz­la­şyk­ly iş­le­ýär­ler. Ma­ha­bat, tä­ze ha­ry­dyň ta­nyş­dy­ry­ly­şy ýa-da bel­li se­ne­le­rde we baý­ram­çy­lyk­lar­da dür­li şü­we­leň­le­ri ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len hem ula­nyl­ýan bu en­jam­lar eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­syn­da iş­le­ýär. Adat­ça LED yşyk­lan­dy­ry­jy in­di­ka­tor en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len dron­la­ryň aja­ýyp şü­we­le­ňi, esa­sa­nam, gi­je­le­ri­ne ge­çi­ril­ýär. Dron­lar ho­wa­da saz­la­şyk­ly he­re­ket ar­ka­ly dür­li şe­kil­le­ri eme­le ge­ti­rip bil­ýän­di­gi se­bäp­li, kä­ha­lat­da fe­ýer­werk

Ro­bot it iş­lenip düzül­di

Hy­taý­ly in­že­ner­ler bö­küp, yl­gap we duý­gu­la­ry­ny disp­leý ar­ka­ly be­ýan edip bil­ýän ro­bot gü­jük iş­läp düz­dü­ler. «Mi­ni Pup­per» at­ly ro­bot ki­çi­räk ýük­le­ri da­şa­ma­gy, GPS ul­ga­my ar­ka­ly ge­ze­lenç et­me­gi we ýol­da­ky päs­gel­çi­lik­ler­den geç­me­gi ba­şar­ýar. Bu ro­bot «Bos­ton Dy­na­mics» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ro­bot itin­den ar­zan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Onuň uzyn­ly­gy 209 mil­li­metr, ini 109 mil­li­metr, be­ýik­li­gi 165 mil­li­metr, ag­ra­my ba­ry-ýo­gy 560 gram­dyr. «Bos­ton Dy­na­mics»-iň ro­boty önümçilik kärhanalarynda işlemäge ukyp­ly bo­lup, ba­ha­sy 75 müň dol­lara barabar. Güýmenje maksatly çykarylan «Mi­ni Pup­per»-iň bahasy bol­sa 589 dol­lar. Ra­hym HAN­DÖW­LE­TOW,S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.

Ýaşyl tehnologiýalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän dürli maksatly binalaryň hatary günsaýyn artýar. Şular bilen birlikde, şäheriň daş-töweregi ýaşyl tokaýlyga öwrüldi. Çagalar meýdançalary abadanlaşdyryldy, raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin seýilgähler döredildi. Bularyň özi bolsa hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bagtyýarlyk ýoluna düşen halkymyzyň her bir gününiň ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýändigini alamatlandyrýar. Dünýä ýüzünde daşky gurşawy arassa saklamak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ekologiýa abadançylygy ýaly gaýragoýulmasyz meselelere uly üns berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda gurlan we gurulýan ekologiýa taýdan arassa senagat we jemagat desgalary, täze-täze önümçilik toplumlarynyň binalary «ýaşyl» tehnologiýalaryň talaplarynda gurlup, ulanylmaga berilýär.

Ykjam telefonlary dogry ulanyň!

Ykjam telefonlar durmuşymyzda giňden ulanylýar. Olar gyssagly habarlary hiç ýere gitmezden çalt ýetirmäge ýakynda we uzakda ýaşaýan dogan-garyndaşlaryň, tanyşlaryň bilen yzygiderli habarlaşyp durmaga mümkinçilik berýär. Muňa garamazdan, el telefonlarynyň aşa köp we nädogry ulanylmagynyň saglyga zyýan ýetirip bilýändigi ylmy maglumatlar arkaly tassyklanandyr. Käbir düzgünler gyşarnyksyz berjaý edilende öýjükli telefonyň bedene zyýanly täsirini azaltmak mümkindir:

«Ford Motor» kompaniýasy 4 sany zawod gurar

«Ford Motor» awtoulag kompaniýasy ABŞ-da umumy bahasy ABŞ-nyň 7 milliard dollaryna barabar bolan üç sany kuwwatlandyryjy öndürýän zawod gurmagy meýilleşdirýär. Zawodlaryň biri Tennesi ştatynda, beýleki ikisi bolsa Kentukki ştatynda bina ediler. Akkumulýatorlary öndürmekde «Ford Motor» kompaniýasynyň hyzmatdaşy bolup Koreýa Respublikasynyň batareýa öndüriji «SK Innovation» kompaniýasy çykyş eder. Ol goşmaça ABŞ-nyň 4,4 milliard dollary möçberinde maýa goýum goýar. Şeýlelikde, maýa goýumyň umumy möçberi ABŞ-nyň 11,4 milliard dollaryna barabar bolar. Zawodlaryň dördünjisi «F-Series» elektrik pikaplaryny öndürer. Bu zawodlary 2025-nji ýylda işe girizmek göz öňünde tutulýar. Ýeri gelende aýtsak, elektrikleşdirmek meýilnamasynyň çäginde «Ford Motor» kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli ABŞ-nyň 30 milliard dollaryny harçlar.

Ilon Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy

«Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň ýolbaşçysy, amerikaly işewür Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň birinjiligini eýeledi. Bu barada geçen hepde «Forbes» žurnaly çap etdi. Neşiriň maglumatlaryna laýyklykda, Maskyň emlägi ABŞ-nyň 203,4 milliard dollaryna barabar boldy. Sanawyň ikinji basgançagynda ABŞ-nyň 197 milliard dollary bilen «Amazon» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos ornaşdy. Ilkinji üçlügi bolsa Fransiýanyň «Louis Vuitton Moet Hennessy» kompaniýalar toplumynyň direktory Bernar Arno jemledi. Onuň baýlygy «Forbes» neşiri tarapyndan ABŞ-nyň 174,9 milliard dollary möçberinde bahalanýar.

Syýahatçylaryň Äleme ikinji uçuşynyň wagty kesgitlendi

Amerikanyň «Blue Origin» hususy kompaniýasy «New Shepard» raketasynda dört syýahatçynyň täze suborbital uçuşyny yglan etdi. Uçuş şu ýylyň 12-nji oktýabrynda amala aşyrylar. Älem gämisinde dört adam uçar. Olaryň biri «Nasa»-nyň öňki inženeri we «Planet Labs»-yň esaslandyryjysy Kris Oşuaýzen, ikinjisi «Dassault Systemes» kompaniýasynda saglygy goraýyş departamentiniň başlygynyň orunbasary we «Medidata» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Glen de Wri bolar. Ekipažyň beýleki ikisiniň atlary uçuşyň öňýany yglan ediler. Maglumat üçin, öňki uçuş şu ýylyň 20-nji iýulynda amala aşyrylypdy, oňa dünýäniň iň baý adamlarynyň biri Jeff Bezos hem gatnaşypdy.

Sanly ulgam — ösüşiň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek ugrunda yzygiderli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Sanlylaşdyrmak durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda amala aşyrylýar. Bu ösüşiň durnukly oňyn depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün edýär. Tehniki we tehnologik döwrebaplaşdyrma, özgertmeleriň, hususan-da, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetli ugrudyr. Muňa mysal hökmünde telematiki sanly